Şu gün Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri hasaplanýan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-horwat gepleşikleri üstünlikli geçirilip, dostlukly döwletleriň söwda- ykdysady we gumanitar ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumyna, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde we Ýewropa Bileleşiginiň, BMG, EHHG ýaly iri halkara guramalarynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ylalaşyklara gol çekilmegi muňa aýdyň subutnama bolup durýar.
Sapara gabatlanyp geçirilen türkmen-horwat işewürlik maslahatyna dostlukly döwletiň baştutany we onuň ýanyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar, bu maslahatyň barşynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary aýdyňlaşdyryldy. Ýangyç-energetita toplumy, ulag ulgamy, gämi gurluşygy, derman we dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklar, şol sanda bilim, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy.
Hazaryň ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçi resmi adamlar garşylady.
Howa menzilinden belent mertebeli myhman Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp, ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň bu öňdebaryjy toplumynyň esasy tehnologik ulgamlary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “açyk gapylar” syýasatynyň ýöredilmegi, milli kanunçylygyň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly ýagdaýyň döredilmegi – bularyň ählisi daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy muňa anyk mysal bolup biler, bu ýerde Germaniýanyň, Eýranyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň iri firmalarynyň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap ýangyç we nebithimiýa desgalary guruldy.
Häzirki wagtda deňiz ýakasyndaky şäheriň nebithimiýaçylary dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän nebit önümleriniň giň toplumyny işläp taýýarlaýarlar. Bular ýokary oktanly awtomobil benzini, uçar kerosin, nebit koksy, polipropilen, gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjy, tehniki çalgy ýaglary bolup durýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy sebit boýunça suwuklandyrylan gazy has köp möçberde eksporta iberýär, şol suwuklandyrylan gazy saklamak we ibermek üçin awtoulag, demir ýol we deňiz terminallary guruldy. Özara baglanyşykly tehnologik desgalaryň ulanylyşynyň ygtybarlylygyny artdyrmak, şeýle hem daşky gurşawyň goralmagyna degişli talaplara laýyk gelýän täze ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, şu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Horwatiýanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolan mahalynda, onuň tehniki we tehnologik taýdan üpjün edilişiniň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň energetika toplumyna degişli köp sanly ugurlar boýunça öňde barýandygyny nygtady. Jenap Iwo Ýosipowiç nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmataşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleriň bardygyny belledi.
Soňra Horwatiýanyň baştutany Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna baryp, Orta Aziýanyň “deňiz derwezesiniň” düzümi, ony döwrebaplaşdyrmagyň, tehniki taýdan täzeden üpjün etmegiň barşy we ösüşiň geljekki mümkinçilikleri bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly Türkmenistan geoykdysady taýdan amatly ýagdaýa eýe bolup, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde özüniň üstaşyr – ulag gatnawyna degişli mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda deňiz, howa, demir ýol we awtoulag gatnawyndan ybarat bolan “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ulag aragatnaşygyna degişli döwrebap ulgam döredilýär, munuň özi Ýewraziýa giňişliginde sebit we sebitara derejesindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin örän oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
Eýýäm häzirki wagtda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Hazar sebitiniň iri ulag düzüminiň wezipesini berjaý edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewraziýada has gysga we ykdysady taýdan amatly bolan täze halkara söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe süren taslamalaryny göz öňünde tutup aýdanyňda, geljekde bu portuň ähmiýeti has-da artar. Hususan-da, bu ýerde Hazar sebitinden Gara we Ortaýer deňizlerine çenli çykylmagyny üpjün edýän ugur barada gürrüň gidýär.
“Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyna” laýyklykda, Hazaryň kenarynda täze we döwrebap deňiz duralgasy gurlar. Taslamada paromlar, ýolagçylar, konteýnerler we beýlekiler üçin terminallar göz öňünde tutuldy. Degişlilikde, üstaşyr geçirilýän ýükleri kabul etmek-ugratmak we saklamak boýunça ammarly we eksport- import amallaryny geçirmek üçin niýetlenen döwrebap merkez dörediler. Mundan başga-da, bu ýerde gämi gurulýan we abatlanýan zawodlar, ýolagçylar üçin deňiz menzili we beýleki desgalar gurlar.
Milli deňiz söwda flotyny täzeden üpjün etmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu flota nebit we nebit önümlerini, himiýa önümlerini daşamak üçin niýetlenen kuwwatly tankerleriň 7-si goşuldy. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ygtyýaryna awtoulag-ýolagçy daşamak üçin häzirki wagtda gurluşygy tamamlanyp barýan paromlaryň ýene-de ikisi we birnäçe gämiler gelip gowşar.
Günüň ikinji ýarymynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Nebitçi” myhmanhanasynda belent mertebeli myhman üçin Hazaryň kenar ýakasynda döredilýän halkara derejeli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyryş dabarasy guraldy. Bu iri möçberli taslama 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça badalga berildi. Hakykatyna garanyňda, şol taslama milli ykdysadyýetiň geljegine has uly umyt baglanýan pudaklaryň biri hasaplanýan syýahatçylyk pudagynyň ösüşine itergi berdi. Häzirki tapgyrda şu pudakda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlgy ýola goýmak, maýa goýumlaryny işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki döwürde Hazaryň kenar ýakasyny ajaýyp myhmanhanalar, kottežler, çagalar üçin sagaldyş merkezleri bezeýär, bularda göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara howa menzili, awtoulag ýollary, kuwwatly gazturbinaly elektrik beket, deňiz suwuny süýjütmek üçin niýetlenen zawod guruldy. Awazanyň çäginden gämi gatnaýan 7 kilometrlik derýa geçýär, şonuň kenarlarynda seýilgähli, amfiteatrly, interaktiw suw çüwdürimli, kafeli we restoranly, deňiz ýahtalary we gezelenç edilýän katerler üçin duralgaly dynç alyş zolagy ýerleşýär.
“Awaza milli syýahatçylyk zolagyny” mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýasyna degişli dürli görnüşdäki taslamalar we ýewropa usulynda başlap, nusgawy Gündogara mahsus ýörelgeleri göz öňünde tutýan binagärlik bezegi täsir galdyrýar. Bu ýerde myhmanhanalardan, pansionatlardan we beýleki dynç alyş desgalaryndan başga-da, köpsanly sport desgalaryny, awtoparklary, oýun oýnalýan attraksionly medeni-dynç alyş toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu ýerlerde pürli we beýleki agaç nahalarynyň onlarça müňüsi oturdyldy, zolagyň bagy-bossanlyga büreljek wagty daşda däl. Baş meýilnama laýyklykda, syýahatçylyk zolagy üçin 5 müň gektara barabar ýer bölünip berildi. Şolaryň 2 müň gektarynda özboluşly tebigy Milli seýilgäh ýerleşer. Seýilgähler, gezelenç edilýän, gül ekilýän we beýlekiler üçin ýene-de 1300 gektar ýer bölünip berildi.
Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda horwatiýaly myhmanlar Türkmenistanyň maýa goýumlaryna degişli syýasatynyň aýratynlyklary we milli kanunçylyk bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, şol kanunçylykda Awazada işleýän maýadarlar, firmalar we kompaniýalar üçin salgyt, gümrük, wiza we beýlekiler boýunça ep-esli ýeňillikler göz öňünde tutuldy.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyryş dabarasy Horwatiýanyň wekiliýetiniň agzalarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde durmuşa geçirilýän uly möçberli taslama we onuň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk, girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda düýn gol çekilen hökümetara ylalaşyklarynyň, Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Syýahatçylyk ministrliginiň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi.
Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç Awaza derýasynda gämili gezelenç edip, deňiz ýakasyndaky şäheriň gözel künjeklerini synlady.
Şol gün belent mertebeli myhman Türkmenbaşy şäherinden öz watanyna ugrady.