Ï Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty açyldy

view-icon 620
Şu gün paýtagtymyzda Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň 54-nji halkara maslahaty öz işine başlady, ol Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite buýrugyna hem-de bu halkara düzümiň kabul eden çözgüdine laýyklykda guraldy. Wekilçilikli maslahata gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine dünýäniň 19 döwletinden wekilleriň 60-dan gowragy geldi. Türkmen tarapyndan maslahatyň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, talyplar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda daşary ýurt habarlar agentlikleriniň Türkmenistanda işleýän žurnalistleri hem bar.

Maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe - sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleriniň biraýlygynyň tamamlanmagy bellärliklidir. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara türkmenistanlylaryň ýüzlerçe müňüsi gatnaşyp, sporta we sagdyn durmuş ýörelgelsine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göreldesi bilen türkmen ýaşlaryny sport ýeňişlerine ruhlandyrýan döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ähli şertler we degişli düzüm döredilýär. Şol düzüme bolsa döwrebap sport toplumlary, stadionlar, bedenterbiýe – sagaldyş merkezleri we beýlekiler girýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara maslahatlarynyň we sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň agzasy bolan ýurtlaryň duşuşyk geçirmek üçin Aşgabat şäherini seçip almagy türkmen döwletiniň halkara abraýynyň barha artýanlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylalaşdyryjylygyň we döredijiligiň netijeli daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrýar.

Ýurdumyzyň milli telewideniýesi boýunça daşary döwletlerde geçirilýän halkara sport ýaryşlaryny görkezmek, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän maslahatyň esasy wezipeleri bolup durýar. Maslahatyň gün tertibine hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, iri sport ýaryşlarynyň göni ýaýlymа berilmegini guramak babatda tejribe alyşmak, sport teležurnalistikasy üçin işgärleri taýýarlamak ýaly meseleler girizildi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly joşgun bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we habar beriş serişdeleri ulgamlary boýunça dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagynyň möhümdigini belleýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine-de giňden taýýarlyk görülýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň hünärmenleriniň türkmen kärdeşleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda bu halkara ýaryşynyň ýokary derejede alnyp görkezilmegine, dünýä ýaýylmagyna goşandyny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary jenap Jawad Mottagi wekilçilikli maslahata gatnaşyjylary gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine maslahaty ýokary derejede guramaga eden ýardamy we türkmen topragynda mähirli myhmansöýerlik üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we sporty ösdürmek babatda Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmelere ýokary baha bermek bilen, jenap Jawad Mottagi bu işde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandynyň örän uludygyny belledi. Maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, myhman Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän duşuşygyň ýolbaşçylyk edýän halkara guramasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebitde teleradiogepleşikleriň görkezilişini has-da ösdürmäge we oňa gatnaşyjylaryň arasyndaky, şeýle hem dünýäniň teleradiogepleşikler kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini nygtady.

Maslahatda çykyş eden türkmen tarapynyň wekilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlary gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen habarlar syýasaty babatda amala aşyrylýan işlere aýratyn üns berildi.

Dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ähli ugurlarda döwrebap kompýuter we habar beriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, hünärli işgärleri taýýarlamak ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda Türkmenistanyň esasy halkara we sebit düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýandygy nygtaldy. “Türkmenistan-sport” teleýaýlymynyň halkara ýaryşlaryny alyp görkezmek babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy muňa mysal bolup biler. 1964-nji ýylda döredilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada aýtmak bilen, çykyş edenler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň 2012-nji ýylyň aprelinden bäri dünýäniň 64 ýurdunda 260-dan gowrak agzalary bolan bu iri halkara guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny bellediler.

Maslahatda ýokary netijeler sportunyň we bedenterbiýe-sport hereketiniň ösüşi bilen birlikde bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Milli Liderimiz sport hereketine ýolbaşçylyk edip we onuň ählihalk häsiýetine eýe bolmagyny üpjün edip, şahsy göreldesi bilen bedenterbiýäni kämilleşdirmäge hem-de ýokary netijeleri gazanmaga ymtylmagyň möhümdigini görkezýär.

Bellenilşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sport dusgalarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi sport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini ilatyň arasynda wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň görülmegi geljekki çempionlary taýýarlamak baradaky meseleleriň üstünlikli çözülmegini üpjün eder, mundan başga-da, munuň özi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde sport abraýyny has-da artdyrmaga ýardam berer. Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge görülýän taýýarlygyň çäklerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy hem milli Liderimiziň sporty ösdürmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen türgenleri sebit we halkara derejesindäki iri sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport babatda gazananlaryna saldamly goşant goşýarlar, türkmen sportunyň şan-şöhratyny barha artdyrýarlar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly hyzmatynyň bardygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen bu ulgam ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy we dünýäniň sport görkezijileri boýunça öňdäki hatarlara ynamly çykýar.

Sport ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn syýasatyň netijesinde Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek seçilip alyndy. 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde ýurdlumyzyň seçilip alynmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryşlar Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçiriler. Çykyş edenler bular barada aýdyp, 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleriniň ýurdumyzyň sport binýadyny ösdürmek we sport işgärlerini taýýarlamak üçin uly ähmiýete eýedigini hem-de bu meseleleriň türkmen döwletiniň Baştutanynyň üns merkezinde durýandygyny bellediler.

Şeýle derejedäki ýaryşlaryň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändigini nazara almak bilen, şol bäsleşiklere taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesi, şol sanda ýaryşlary dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek meseleleri içgin öwrenilýär. Bu işe Olimpiýa oýunlaryny we beýleki iri sport ýaryşlaryny guramaga gatnaşan meşgur daşary ýurt kompaniýalary hem-de belli bilermenler çekildi. Şu ugurda “John Tibbs and Associates” (JTA, Beýik Britaniýa) kompaniýasy hyzmatdaşymyz bolup çykyş edýär. Şu kompaniýa bilen hyzmatdaşlykda 2013-nji ýylda Aşgabatda dünýäniň dürli ýurtlaryndan esasy habar beriş gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Sport media-forumynyň iki tapgyry geçirildi.

Umuman, bu duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa gatnaşyjylar maslahatyň geçirilmeginiň hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ýaýradylmagyna ýardam etjekdigine, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşigine agza ýurtlaryň arasynda has netijeli gatnaşyklaryň täze usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

54-nji halkara maslahatynyň myhmanlaryna ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi. Onda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň durmuşa geçirilişi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

“Aşgabat” myhmanhanasynyň eýwanynda wekilçilikli maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin milli şaý-sepleriň, Türkmenistanda öndürilýän haly we dokma önümleriniň sergisi guraldy. Şeýle hem bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň syýahatçylygynyň geljegi we milli teleradioýaýlymlarda ulanylýan döwrebap enjamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Ertir halkara maslahaty öz işini dowam eder.