Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 4 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini ara alnyp maslahatlaşmak hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda olaryň öňünde durýan möhüm wezipeler baradaky meseleler girizildi.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, geçirilen işlere kanagatlanma bildirdi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de Türkmenistanyň amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna goşýan goşandyna mynasyp baha berdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyza harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. Olaryň işini kämilleşdirmek bolsa döwlet ösüşiniň esasy wezipeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol Belent Serkerdebaşymyza şu ýylyň dört aýynda harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ministrligiň işgärleriniň türkmen topragynda parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň bähbidine ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik durnuklylygy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünlikleri bilen ruhlanan halkymyzyň agzybirligi we jebisligi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzakmöhletleýin strategiýany yzygiderli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady we Türkmenistanyň goranyş Harby doktrinasynyň şu maksatlara hyzmat edýändigini belledi. Onda türkmenistanlylaryň parahatçylykly durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň, her bir raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň goragynda duran harby we hukuk goraýjy edaralaryň wezipeleri kesgitlenendir.
Milli Liderimiz ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler barada aýdyp, özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan milli howpsuzlygy pugtalandyrmaga we türkmen halkynyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň kepili hökmünde çykyş edýän goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny saklamaga aýratyn üns bermelidir diýip nygtady.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň serhetleriniň goralmagyny güýçlendirmek, edermen watan goragçylarynyň taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goraýanlaryň mynasyp durmuşy we gullugy üçin ähli şertleri döretmek barada alada edip, gurulýan we häzirki wagtda hereket edýän we täze gurulýan serhet galalaryny abadanlaşdyrmak hem-de ýokary derejede tehniki taýdan üpjün etmek üçin ähli çäreleri görjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhet gullugynyň başlygyna täze desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine hem-de hiline berk gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler bilen birlikde, döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyna hyzmat etmelidir. Döwlet serhedi bolsa ýakyn goňşularymyz bilen hemişe dostluk we doganlyk serhedi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň 4 aýynda milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli harby özgertmeleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak we harby gullukçylaryň gullugy hem-de durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek şol özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy Goranmak ministrliginiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitläp, türkmen esgerleriniň watançylyk ruhuny beýgeltmek, harby bölümlerde hem-de birikmelerde düzgün-tertibi berkitmek, hususan-da, goşunda gulluk etmegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak meseleleri barada durup geçip, harby şäherjikleri, serkerdeler we olaryň maşgala agzalary üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, jemgyýetçilik tertibini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça şu ýylyň geçen dört aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada durup geçip, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, şol sanda pyýada ýolagçylaryň ýol kadalarynyň düzgünlerini berjaý etmegi boýunça geçirilýän işleriň güýçlendirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we ýaz-tomus möwsüminde döremek howpy artýan ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň öz wagtynda görülmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň 4 aýynda ýurdumyzda kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilmegine gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralary tarapyndan geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň üpjün edilmegine degişli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça prokuratura edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň wajypdygyny belläp, ministrliklerde hem-de pudak edaralarynda döwlet emlägine aýawly garamak babatda bellenen talaplaryň berk berjaý edilmegi boýunça seljermeleri yzygiderli geçirip durmagy tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama hem gol çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew umumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent talaplaryna laýyk getirilýän Türkmenistanyň milli kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we türkmen halkynyň ruhy taýdan galkynmagynyň göz öňünde tutulan meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ählisini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan şertleri döretmek babatda geçen döwürde ýerine ýetirilen işler barada aýdyp, öňde goýlan wezipeleriň wajyplygy her bir ýolbaşçydan, her bir işgärden tutanýerli zähmet çekmegi, hünär we bilim derejesini ýokarlandyrmagy, tabşyrylan işlere jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip nygtady. Ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegine gös-göni jogap berýän bu düzümde diňe halal, ynsaply, sowatly, kanuny ileri tutmak ýörelgesine ygrarly bolan adamlar işlemelidir.
Türkmenistanyňa adalat ministri B.Muhammedow kanunçylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň barşy, şeýle hem şu ýylyň 4 aýynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Özbaşdak ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ygtybarly we berk kanunçylyk binýady döredildi diýip, milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýän kanunlaryň üstünde işlemegiň we kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz döwlet we halkara ähmiýetli bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde uzakmöhletleýin hyzmatdaş bolup durýan daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de 2014-nji ýylyň dört aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bu gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýükleriň gözden geçirilişini takyk guramak babatda anyk tabşyryklary berip, gümrük gullugynyň işgärlerine ýokary talaplaryň bildirilýändigini belläp, olaryň her biriniň halallygyň we päkligiň nusgasy bolmalydygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow öz nobatynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleri hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy ýurdumyzda alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň çäklerinde görülýän anyk işler, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygynyň çäklerinde geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe - sport we sagdyn durmuş – medeni çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge gönükdirilip geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Biz tutuş dünýä bilen bilelikde bütin adamzada uly zyýan ýetirýän bu howply nägehanyň öňünde böwet goýarys diýip, döwlet Baştutanymyz, ilatyň arasynda neşekeşligiň zyýany barada giňden düşündiriş işlerini geçirmegiň hem-de bu ugurda ähli düzümleriň, şol sanda hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdiginit aýratyn nygştady.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow şu ýylyň geçen dört aýnyda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, soňky döwürde ýurdumyzda netijeli halkara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy bilen baglylykda, Türkmenistana gelip görmäge we Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini öz gözleri bilen görmäge isleg bildirýän daşary ýurtly myhmanlara berilýän işewürlik we syýahatçylyk wizalarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, özüniň daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli we dostluk gatnaşyklary ösdürmek ugruna eýerýändigini belledi hem-de gullugyň işgärleriniň geljekde-de halkara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini wagyz etmek, bütin dünýäde onuň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri has-da depginli alyp barmalydyklaryna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň ileri tutulýun ugurlary barada durup geçdi we bu düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de ähli şahsy düzüminiň üstüne mukaddes harby borja hem-de ata Watanymyza wepaly bolup, göreldeli we halal gulluk etmek boýunça aýratyn jogapkärçiligiň ýüklenendigini belledi.
Döwletimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň netijeli işlemegi, ilkinji nobatda, döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň, aragatnaşyk ulgamynyň iň kämil serişdelerini we ylmy-tehniki gazananlary ulanmagyň hasabyna maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak üçin geljekde hem ähli şertleri döretmek barada alada eder diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylaryny we işgärlerini oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek we olaryň netijeli gulluk etmegi hem-de zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Mejlisiň barşynda möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözüljekdigine ynam bildirip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuş, şeýle hem türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen jogapkärli gullukda uly üstünlikleri arzuw etdi.