Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany

view-icon 970
Her çärýekde çap edilýän “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy boýunça bu žurnal giň okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar hem-de onuň daşary syýasatda ählumumy bähbitler üçin parahatçylygy söýüjilige we giň halkara hyzmatdaşlygyna mahsus ýörelgelere esaslanýan ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin çap edilýär.

Türkmen, rus we iňlis dillerindäki makalalaryň tapgyry Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde XXII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna we şu ýerdäki uly sport baýramçylygynyň hormatly myhmany bolan Özbegistanyň Prezidenti Yslam Karimow bilen duşuşygyna bagyşlanan makala bilen başlanýar.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda, goňşy iki döwletiň Baştutanlary däbe öwrülen hem-de köp asyrlyk taryhyň dowamynda türkmen we özbek halklarynyň ruhy-medeni gatnaşyklaryna esaslanýan dostlukly döwletara gepleşiginiň ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi. Şol oýunlaryň geçirilmeginiň özi Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup şeýle uly sport çäresini geçirmäge hukuk gazanan Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň belentdigini görkezýän subutnamadyr.

Adatça bolşy ýaly, žurnalda daşary döwletleriň wekilleri bilen söhbetdeşliklere uly orun berilýär. Hususan-da, Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň bellenilen günlerinde iş sapary bilen Aşgabada gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şiriş Manaklal Soni özara bähbitleri we bar bolan uly mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly guralýan özara peýdaly döwletlara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin oňaýly ýagdaýyň döreýändigini belledi.


Şeýle hem şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistana gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa degişli meseleler boýunça kömekçisi hanym Nişa Desai Biswal “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly žurnalyna interwýu berdi. ABŞ-nyň döwlet departamentiniň wekili Merkezi Aziýa sebitiniň we hususan-da, Türkmenistanyň geljekki mümkinçilikleriniň örän uludygyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işlemek arkaly toplanan oňyn tejribäni göz öňünde tutmak arkaly, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň prezidenti hanym Li Ok Rýon neşiriň sahypalary arkaly Türkmenistanyň halkyny mübärekledi. Makalada geografiki taýdan biri-birinden uazkda ýerleşýändigine garamazdan, häzirki wagtda batly depginde sazlaşykly ösüş gazanýandygy bilen tanalýan iki ýurdy ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde, dostlukly halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni gatnaşyklary giňeltmek ugrundaky özara islegiň baglanyşdyrýandygy bellenildi.

Köptaraplaýyn diplomatiýa degişli makala Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň statistika boýunça köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň goşmaça edaralarynyň biri bolup, dürli ýurtlarda statistika degişli işleriň we statistiki usullaryň kämilleşdirilmegine, ýöriteleşdirilen edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyna we beýlekilere ýardam berýän BMG-niň Statistika toparynyň şu ýylyň martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen nobatdaky 45-nji mejlisindle statistikany ösdürmegiň derwaýys meseleleriniň birnäçesine garaldy.

“Statistika hakynda” kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny arkaly, ýurdumyzyň statistika boýunça halkara guramalary we beýleki döwletleriň milli statistiki gulluklary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, bular bilen statistiki maglumatlary alyşmaga, ylmy taýdan işläp taýýarlamalara gatnaşmaga, bular bilen bilelikde işlemek hakynda şertnamalary baglaşmaga hukugy düzgünleşdirildi. Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolmagy, şeýle hem Statistika topary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy BMG-niň çäklerinde statistika degişli meseleler boýunça özara arkalaşykly hereket edilmegine degerli ýardam berýär.

“Türkmen diplomatiýasynyň taryhy kökleri” atly makalada okyjylar milli diplomatik gullugyň ösüşiniň taryhy bilen gysgaça tanyşdyrylýar. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we döredijilikli ösüşiň bähbitleri üçin dünýädäki ähli döwletler hem-de abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, bu gulluga aýratyn talaplar bildirilýär.

“Aziýa – Ýuwaş umman sebiti – daşary syýasatyň XXI asyrdaky ugry” atly makalanyň okyjylarda aýratyn gyzyklanma döretjekdigine söz ýok. Şonda ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde has sazlaşykly depgin bilen ösýän bu sebit bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga syn berilýär. Şu sebitdäki ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky giň gerimli hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin has möhüm ähmiýetli ugra öwrülýär, munuň özi 2012-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllardaky döwür üçin daşary syýasy ugrunyň konsepsiýasynda” öz beýanyny tapdy. Diňe bir geçen 2013-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada, Malaýziýada, Koreýa Respublikasynda ilçihanalary açyldy.

Giňişleýin synda Türkmenistanyň sebitdäki strategiki hyzmatdaşlary diýlip hasaplanýan aýry-aýry ýurtlar - Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Malaýziýa, Koreýa Respublikasy, şeýle hem Hindistan we Pakistan bilen gepleşigine uly üns berilýär. Dürli derejelerde geçirilýän duşuşyklaryň netijeliligi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde çalt depgin bilen ösýän ýurtlar üçin özüne çekiji bolup, möhüm ugurlaryň ählisi boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini tassyklaýar.

Şuňa degişli gürrüň “Türkmenistan - Malaýziýa: dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ugry bilen” atly makalada dowam etdirilýär. Taraplaryň deňhukuklylyga we uzak möhletleýinlige esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşmagy Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan netijeli we köpugurly gepleşigiň ýokary derejä ýetirilmegini kesgitleýän esasy ýagdaýa öwrülendigi bellenilýär.

Latyn Amerikasyndaky ýurtlar, şol sanda Argentina, Braziliýa, Peru, Meksika we Karib sebitindäki ýurtlar we beýlekiler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak daşary syýasata degişli strategiýanyň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar, aýratyn makala bular bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanýar.

Giň halkara okyjylar köpçüliginiň türkmen halkynyň däp-dessurlaryna we adatlaryna uly gyzyklanma bildirýändigi göz öňünde tutulyp, baharyň we täzelenişiň baýramçylygy diýlip hasaplanýan Nowruza aýratyn üns berildi. Bu baýramçylyk dünýäniň onlarça ýurtlarynda giňden bellenilýär we 2010-njy ýylda halkara derejesine eýe boldy. Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň bu röwşen baýramçylygy dünýäniň medeni genji-hazynasyna müdimilik goşulyp, bu günki gün doganlyk halklaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Taryhyň dowamynda türkmen halkyny we bu doganlyk halklary dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Daşary syýasatyň esasy ugry diýlip hasaplanýan ekologik diplomatiýa, şeýle hem howanyň ählumumy derejede üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna bagyşlanan makalalarda Türkmenistanyň ählumumy ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara maslahatlaryny we duşuşyklary yzygiderli ýagdaýda geçirýändigi bellenilýär.

Žurnalyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň konstitusion –hukuk esaslaryna bagyşlanýar. Içeri syýasatdan ugur alnyp, bu syýasat ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi,şeýle hem onuň ykdysady taýdan batly depgin bilen ösdürilmegi üçin daşky oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

“Beýik akyldaryň wesýetleri” atly makala zehinli türkmen şahyry we Gündogaryň ykrar edilen filosofy Magtymguly Pyragynyň nesillere eden wesýetlerine düşünmäge ýardam edýär. Şu ýylda şahyryň 290 ýyllygy diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, başga-da ençeme daşary döwletlerde giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Žurnalyň şu sany diplomatik durmuşa degişli bölüm bilen jemlenýär, şonda şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklar yzygiderli beýan edilýär.