Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 726
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine we döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine garaldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp we onüň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol 2014-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri barada hasabat bermek bilen, iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny, ilkinji nobatda bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary sepgitlere ýetilendigini belledi.

Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň möçberiniň durnukly ösüşi bellenildi. Jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň paýy 50,3 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2014-nji ýylyň dört aýynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 113,7 göterime deň boldy.

2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 18,6 göterim artdy. Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 107,3 göterim ýerine ýetirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer degişli döwürde bu görkezijiniň ösüş depgininiň durnukly häsiýete eýe bolandygyny habar berdi. Bu makroykdysady görkezijiniň jemi içerki önüme gatnaşygy 38,9 göterim möçberde emele geldi.

Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň depginleri barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň dört aýynda maýa goýumlarynyň 2 milliard 305,5 million manat möçberinde özleşdirilendigini habar berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 33 göterim artdy.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň býujetiniň girdeji bölegi 112,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,9 göterim ýerine ýetirildi. 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ilatyň ortaça aýlyk zähmet haky 112 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň dört aýynyň jemlerine, umuman, kanagatlanma bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ösüşiň ýokary depginlerini saklamak boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy ähli pudaklarda gazanylan netijelere seljerme geçirmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny döretmek boýunça milli parlamentiň şu ýylyň dört aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hususan-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýagdaýyny şöhlelendirýän hem-de onuň oňyn özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe gitmegine ýardam edýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak babatda milli parlamentiň işini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz saýlawçylaryň deputatlara bildiren ynamynyň olaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýandygyny nygtady. Mejlisiň deputatlary hemişe wakalaryň jümmüşinde bolup, jemgyýetimiziň durmuşyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda özgertmeleriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmalydyrlar. Şol özgertmeler bolsa türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da artdyrylmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmegiň barşynda şu ýylyň dört aýynda Daşary işler ministrliginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nagtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ata Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň belende galmagyny şertlendiren giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Geçen döwürde Türkmenistana birnäçe daşary döwletleriň ýolbaşçylary sapar bilen geldiler. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we duşuşyklar dostlukly döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.

Tutuşlygyna alnanda, ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 235-si geldi. Şu döwürde daşary ýurtlara ýurdumyzdan wekiliýetleriň 225-si iberildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda halkara derejesindäki çäreleriň 42-si, şol sanda daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen bilelikde maslahatlar we beýleki çäreler geçirildi. Şeýle hem geçen dört aýda halkara resminamalarynyň 29-syna gol çekilendigi habar berildi.

Ýanwar-aprel aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda döwletara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn geňeşmeleriň 18-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň mejlisiniň üçüsi boldy. Olaryň işi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we köpugurly esasda ösdürilmegine, Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljekde-de ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirjekdigini nygtady. Netijeli gatnaşyklar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz kesgitlenen möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde maksatnamalaýyn we netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 5-6-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi saparyna taýýarlyk işleri barada habar berdi. Bu sapar mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hem-de deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilendir.

Netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Onuň bäşinji mejlisi geçen aýda Aşgabatda geçirildi. Geljek hepdede meýilleşdirilen nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Däp bolan dostlukly hökümetara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik halklarynyň bozulmaz hoşnýietli goňşuçylyk gatnaşyklaryny taryhy taýdan kemala gelen medeni-ruhy hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny, häzirki döwürde olaryň baýlaşdyrylýandygyny belledi. Owganystan bilen bilelikde sebitleýin, geljekde bolsa halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek demir ýol ulgamynyň gurluşygynyň taslamasy kuwwatly itergä eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapara görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna taýýarlyk çäreleri barada hem hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibine gadymy dostluk däplerine we soňky ýyllarda sazlaşykly ösdürilýän hem-de üsti ýetirilýän gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň giň toplumy giriziler. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň jemleri boýunça dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge, geljegi nazara almak bilen özara bähbitli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň müňýyllyklaryň jümmüşine, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrüne uzap gidýändigini nygtady. Biz mundan beýläk-de Hytaý bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdüreris diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine hem-de möhüm ähmiýetli desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çäreleri üstünlikli geçirildi. Şol çäreleri geçirmek üçin dostlukly ýurtlara Türkmenistandan döredijilik işgärleri, alymlar, ýazyjy-şahyrlar iberildi. Şu döwürde daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda Kazan şäheriniň 2014-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäräniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny görkezmek bolar.

Häzirki zamanyň talaplaryny hem-de ylmy-tehniki gazanylanlary nazara almak bilen, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aziýa –Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän 54-nji maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Bu gurama hyzmatdaşlygy giňeltmäge, iri sport ýaryşlaryndan göni telegepleşikleri alyp görkezmek babatda tejribe alyşmaga, sport teležurnalistikasy üçin işgärleri taýýarlamaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň, şeýle hem önümçilik maksatly täze desgalary ulanmaga bermek dabaralarynyň türkmen jemgyýetiniň okgunly ösmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa söz berildi, ol geçen dört aýyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny, uglewodorod ýangyjyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini, dürli görnüşli nebit önümleriniň öndürilişini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer kuwwatlylygy ýylda 9 milliard kub metr gaza barabar bolan gazy gaýtadan işleýän ikinji zawodyň 7-nji maýda boljak açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi, bu kärhana Lebap welaýatynda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde guruldy. Bu zawodyň ulanmaga berilmegi Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi bilen akdyrylýan harytlyk gazyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, 8-nji maýda Mary welaýatyndaky “Galkynyş” gaz käninde ýene bir iri maýa goýum taslamasynyň – kuwwaty ýylda 30 milliard möçberinde harytlyk gazy taýýarlamaga barabar bolan ikinji zawodyň gurluşygyna badalaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Milli Liderimiz uglewodorod çig malynyň täze ýataklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny gaýtadan enjamlaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, gazhimiýa önümçiliklerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini işjeňleşdirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi. Tutuşlygyna bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip, türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Gaz pudagynyň täze häzirki zaman desgalaryny ulanmaga tabşyrmak we gurluşygyna badalga bermek boýunça öňde boljak çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatynda hem wise-premýere anyk tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz bu ýokary tehnologiýaly taslamalaryň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolmalydygyna hem-de onuň esasy maksadynyň türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini tapgyrlaýyn artdyrmak bolup durýandygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri, şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça gurulýan möhüm desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 119,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji Energetika ministrligi boýunça 107,8 göterime, tutuş ýurdumyz boýunça elektrik energiýasynyň ösüş depgini 114,8 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 148,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu konserniň düzümleri tarapyndan Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Garagum-Daşoguz awtomobil ýollaryň gurluşygy dowam etdirilýär.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 118,0 göterim berjaý edildi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny 2013-2020-nji ýyllarda ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda, 7-nji maýda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda gaz turbinaly elektrik bekedini dabaraly ýagdaýda ulnamaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda gurluşyk ulgamyny ösdürmegiň ýokary depginleriniň saklanmagynyň ilkinji derejeli wezipe bolup durýandygyny we munuň öňde bellenilen ähli meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmegiň we olaryň ýokary talaplara hem-de häzirki zamanyň ölçeglerine laýyk gelmeginiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli enjamlaryň we tehnikanyň has giňden peýdalanylmagy baradaky meseläni öňde goýdy.

Milli Liderimiz türkmen elektrik energiýasynyň ösdürmek meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, elektrik energetiýa pudagynyň täze kuwwatlyklarynyň işe girizilmeginiň diňe bir içerki sarp edijileriň ýyl-ýyldan artýan zerurlyklaryny durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana eksport edilişiniň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Kuwwatlylygy ýylda 149,2 megawata barabar bolan gaz turbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça zerur çäreleri görmäge ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli ygtybarly enjamlary we serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berdi. Wise-premýer senagat toplumynuň esasy görkezijileri barada habar bermek bilen, pudaklaýyn iş maksatnamalaryna laýyklykda, senagat düzümleriniň innowasiýa esasynda, harytlaryň täze görnüşlerini özleşdirmek bilen toplumlaýyn häsiýetde döwrebaplaşdyrmak we köpugurlylygyny üpjün etmek boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, ýokary hilli önümleriň görnüşleriniň artdyrylýandygyny, täze iş orunlarynyň döredilýändigini aýtdy.

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynda bellenilen maksatnamalary ýerine ýetirmegiň barşynda tutuşlygyna oňyn netijeler gazanyldy.

Senagat ministrligi boýunça şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň, öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 121,7 göterime deň boldy. Hususan-da, sement öndürmekde oňyn netijeler gazanyldy we ösüş depgini 121,4 göterime, magdan däl serişdeleriň öndürilişi 126,6 göterime, gurnama demir-beton önümleriniň we keramzitiň öndürilişi degişlilikde 115,1 we 117,6 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 116 göterim ýerine ýetirildi. Dokma önümçiliginde ýokary görkezijiler gazanyldy, hususan-da, nah matalaryň öndürilişi 111,9 göterime, örülen trikotaž we tikin önümleriniň öndüriliişi 123,8 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly we haly önümleriniň öndüriliş möçberleri 100,4 göterim derejesine çykaryldy.

Wise-premýeriň hasabatynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilýändigi bellenildi we öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 115,4 göterime barabar boldy. Mineral dökünleri öndürmegiň ösüşi ep-esli ýokarlandy we 153,9 göterime, şol sanda azotly dökünleriň öndürilişi 193,6 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalyk komiteti boýunça 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2013-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende görkezijiniň 154,3 göterime deň bolandygyny wise-premýer habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň häzirki döwrüň ilkinji derejeli wezipesi bolup durýandygyny we ähli göz öňünde tutulan meýilnamalaryň hem-de uzakmöhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň muňa baglydygyny belledi. Bu maksatlara ýetmek üçin ykdysadyýetimiziň düzümleriniň işini has çaltlandyrmak we ähli pudaklarda, sanda senagatda geljekde ýokary görkezijileriň gazanylmagyny üpjün etmek zerurdyr, bu bolsa bu önümçilikde işleýän hünärmenleriň ýokary hünär derejesine gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabat bilen çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowa söz berdi. Ol 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda söwda toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtmak bilen, wise-premýer düzümiň esasy ugurlarynyň möhüm görkezijileri barada habar berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,9 göterime deň boldy. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy 110,7 göterime, lomaý söwda dolanyşygy bolsa 106,5 göterime barabar boldy. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 174,5 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda şu ýylyň dört aýynda birža söwdalarynyň 62-si geçirilip, hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 118,9 göterime deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 105,8 göterime, girdejiler boýunça meýilnama bolsa 173,9 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin şu döwürde alnan girdejileriň ösüş depgini 136 göterime barabar boldy. Hyzmatlary ýerine ýetirmekden alnan peýda bolsa 64 göterim ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri Söwda-senagat edarasy tarapyndan bäş sergi we dört maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň hasabat döwründe senagat önümçiligi boýunça ösüş depgini 146 göterime, oba hojalyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 131 göterime deň boldy. Telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esseden gowrak artdy. Birleşme boýunça jemi haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 243,5 göterime, ilata edilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini bolsa 241,7 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynda sazlaşykly ösüş depginini gazanmak üçin onuň düzümini kämilleşdirmegiň, önümleriň, harytlaryň, hazmatlaryň, şeýle hem işewür halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz içerki bazarlaryň dürli görnüşli we ýokary hilli harytlar bilen elýeterli nyrhlardan doly üpjün edilişiniň hem-de alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmagyň barşyna birsyhly gözegçilik etmegi tabşyryp, Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň köp ugurly eksport ulgamyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurt bazarlarynyň ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, garamagyndaky edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, pudaklarda alnyp barylýan gurluşyk işleri, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň okgunly ösüşini häsiýetlendirýän netijeler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşiklerinde 35 medala, şol sanda 7 altyn we 7 kümüş medala, daşary ýurtlarda aň-düşünje bäsleşiklerine gatnaşan talyplaryň bolsa 6 medala, şol sanda 1 altyn we 2 kümüş medala mynasyp bolandyklaryny habar berdi.

Geçen dört aýyň dowamynda Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 138-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 56-sy neşir edildi.

Ýokary okuw mekdeplerinden soň, hünär bilimini we ylmy işgärleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmek işi dowam etdirilýär. Şu ýyl aspirantura 30, doktorantura 2, ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlige 100, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige bolsa 9 adam kabul edildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde guramaçylyk işleri geçirilýär. Şahyryň şygyrlary, ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy işler, monografiýalar çap edilýär, ylmy-barlag institutlarynda, edara-kärhanalarda beýik şahyryň döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, daşary ýurtlarda degişli çäreler geçirilýär.

Hasabatda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek bilen bagly maglumatlar getirildi. Hususan-da, derman senagatynda öndürilen önümiň möçberi 153 göterim artdy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça 19 desganyň, şol sanda 12 saglyk binasynyň, 5 derman kärhanasynyň, döwrebap derman ammarynyň hem-de ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamynda bu pudaklary täze derejä çykarmak boýunça maksadalaýyk işler dowam etdirilýär. 1-30-njy aprel aralygynda geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreler ählihalk goldawyna mynasyp boldy. Biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleriň onlarçasy guraldy. Ilatymyzyň köpçülikleýin gatnaşan bu çäreleri türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga çekmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge täze itergi berdi.

Umuman, geçen dört aýyň dowamynda Türkmenistanda jemi 80-den gowrak milli ýaryş we 50-ä golaý sport çäreleri geçirildi. Türgenlerimiz 53 sany halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdylar we jemi 118 medala, şol sanda 44 altyn, 47 kümüş we 27 bürünç medallara mynasyp boldular.

Wise-premýer ylym ulgamynyň iri desgasy bolan Tehnologiýalar merkeziniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygyny habar berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Yylymlar akademiýasynyň edaralarynyň düzümini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň ylmyny has-da ösdürmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň ylym hem-de bilim ulgamyny ösdürmek babatda gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi hem-de wise-premýerden Tehnologiýalar merkeziniň netijeli işini ýola goýmak, onuň esasy ugurlaryny, ylmy barlaglarynyň we işläp taýýarlamalarynyň mowzuklaryny kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şu maksat bilen daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini hem-de dünýä ylmynyň gazananlaryny giňden ulanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olara ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamyna ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Sport ulgamy barada aýdylanda bolsa, bu ugurda hem işiň depgini birjik-de gowşadylmaly däldir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamyň düzümini ösdürmegiň, ýurdumyzyň sport kuwwatyny pugtalandyrmagyň, tälimçiler düzüminiň hünärini ýokarlandyrmagyň, halkara ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat türgenleri ýetişdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 138,2 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 188,2 göterime barabar boldy. Şeýle hem şäheri abadanlaşdyrmak, birnäçe ulag ýollarynyň durkuny täzelemek, inženerçilik-tehniki düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, hasabatyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, paýtagtymyzyň esasy ýollarynda ulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmak, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edişine gözegçiligi alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we şäheriň abadanlaşdyrylyşy boýunça degişli çäreleri alyp barmak, paýtagtymyzda arassaçylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň çözülmegine örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ähli degişli düzümleriň, şol sanda jemagat hojalygy ulgamynyň degişli gulluklarynyň işinie berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz şäher gurşawynda amatly şertleriň döredilmegini nazara almak bilen, paýtagtymyzyň düzümlerini meýilnamalaýyn esasda kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi.

Şäheriň ulag-aragatnaşyk ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýolagçy ulaglarynda hyzmat etmegiň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere paýtagtymyzda alnyp barylýan we meýilleşdirilýän, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Oba hojalyk toplumyna degişli ministrliklerde we pudak edaralarynda önümçiligiň jemi möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 101,3 göterime deň bolandygy aýdyldy.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp baryýlan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda tamamlanyp barýan gowaça ekişi barada hem hasabat berildi. Gowaça ekilen meýdanlaryň köp böleginde eýýam oňat gögeriş alyndy we häzirki wagtda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar.

Bugdaýa ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär, hususan-da, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla oragy möwsümine işjeň taýýarlyk görülýär. Galla kabul ediş bölümlerini we däne orýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat ulgamyny has-da kämilleşdirmek, kärendeçileriň hem-de ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bularyň ählisiniň oba hojylak özgertmelerini işjeň ilerletmäge, pudagyň girdejiligini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojlayk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz öňümizdäki galla oragy barada durup geçip, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny artdyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan bu oba hojalyk möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt ýygnap almak, olaryň ýitgisiz daşalmagyny hem-de aýawly saklanmagyny üpjün etmek esasy wezipeleridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2014-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri we bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna ulag-aragatnaşyk ulgamynda hasabat döwründe meýilleşdirilen işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 111 göterime deň boldy.

Hasabatdan görnüşi ýaly, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Demir ýol ulaglary we Awtomobil ulaglary, Aragatnaşyk ministrlikleri, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet milli gullugy tarapyndan edilýän hyzmatlaryň ýokary görkezijileri bellenildi.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmekde ösüş depgininiň görkezijileri ýokary boldy we ol 103 göterime barabar boldy.

Mundan başga-da, wise-premýer “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginde 232,6 kilometr demir ýolunyň çekilendigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysaly ösüşini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi, bu pudaklara häzirki döwürde ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň hilini we ygtybarlylygyny üpjün etmek babatynda ýokary talap bildrilýär. Şeýle hem bu çäreler netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, Aziýanyň üstünden geçýän yklymüsti üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyna ýardam bermelidir.

Hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnikasynyň we enjamlarynyň has netijeli peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşinde – deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglarynda hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi we degişli düzümleriň işine yzygideli gözegçilik etmek barada wise-premýere berk talap bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hasabatlary jemledi we şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda geçirilen işleriň netijelerine baha berdi hem-de esasy pudaklary we döwletiň daşary hem-de içeri syýasatynyň birnäçe ugurlary boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan reformalaryň we düzümleýin özgertmeleriň netijesinde, berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biz täze şäherleri we obalary, zawodlary we fabrikleri yzygiderli gurmagy dowam edýäris. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8,1 göterim artdy. Ýurdumyzda zähmet haklarynyň möçberi hem her aýda ýokarlanýar. Döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň dört aýdaky netijelerinden görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen ösmegini dowam edýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýylyň başyndan bäri 10 göterim derejesinde durnukly saklanyp gelýär. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işlerde häzirlikçe köp sanly kemçiliklere ýol berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we pudaklaryň öňünde durýan anyk wezipelere geçdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Artykowa ýüzlenip, welaýatlaryň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini jikme-jik seljermegi tabşyrdy.

Biz täze elektrik stansiýalaryny gurup, ulanmaga berýäris, pudagyň kuwwatyny yzygiderli artdyrýarys. Emma, muňa garamazdan, häzirlikçe welaýatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde köp sanly kemçilikler bar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Mysal üçin, pudagyň elektrik geçiriji we üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýär. Aýratyn-da, Balkan welaýatynda bu ugurda alnyp barylýan işler bildirilýän talaplardan yza galýar.

Gurluşyk toplumynda geçirilýän özgertmeleriň hem depginini güýçlendirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we häzirki döwürde gurluşyk pudagynyň ykdysadyýetimiziň ösüşine ýetirýän täsiriniň barha artýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda esasy awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleriň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň uzaga çekdirilýändigine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz wise-premýer M.Artykowa ýüzlenip, gynansak-da, gurluşyk üçin ýer bölüp bermek boýunça işler geçirilende hem siziň gözegçilik edýän ýerlerdäki edaralaryňyz A.Ýazmyradowyň garamagyndaky edaralar bilen sazlaşykly işlemegi başarmaýarlar diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu meselede bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz jemagat hojalygy gullugynyň işi barada hem tankydy bellikleri aýdyp, bu gullugyň işgärleriniň hem paýtagtymyzda abadanlaşdyrmak işlerini talabalaýyk alyp barmaýandygyny belledi. Şäherde awtobus duralgalary arassa saklanmaýar. Köçeleriň gyrasyndaky zolaklardaky otlaryň we baglaryň guramagyna ýol berilýär. Şoňa görä-de, bu kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça ähli çäreleri görmek zerurdyr diýip, milli lIderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Italmazowdan senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işinde bar bolan meseleler bilen has içgin meşgullanmagy talap etdi. Toplumyň edaralaryny we kärhanalaryny ýokary hünärli işgärler bilen ýeterlik üpjün etmek, pudagyň kärhanalarynyň durkuny täzelemek we kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem yzygiderli işleri alyp barmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz berlen tabşyryklary ýerine ýetirmekde hem bu toplumyň häzirki döwürde yza galýandygyny nygtap, wise-premýere aýdylanlardan degerli netije çykarmagy we bar bolan kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowyň gözegçilik edýän pudaklarynda hem kemçilikleriň bardygyna nägilelik bildirdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze howa menzillerini, aragatnaşyk ulgamlaryny we demir ýollary gurmak üçin köp serişde goýberilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pudagyň ýolbaşçylarynyň esasy ünsüniň alnyp barylýan uly gurluşyklara gönükdirip, beýleki işleriň ünsden düşürilýändigini nygtady. Demir ýollaryň ýaramazlygy sebäpli, ýük daşaýan we ýolagçy gatnadýan otlular haýal hereket edýär. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň ösüşine öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Otlulary we wagonlary, howa ulaglary pudagyna degişli tehnikalary abatlamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar hem bolsa, bu ugurda işler ýaramaz alnyp barylýar. Paýtagtymyzda ilata hyzmat edýän awtobuslaryň we taksileriň arassa saklanmagyna hem ýeterlik üns berilmeýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

“Men häzir siziň gözegçilik edýän pudaklaryňyzda ýol berilýän ähli kemçilikleri sanap durjak däl. Bu kemçilikleri siziň özüňiz gowy bilýäňiz. Biz häzirki döwürde ýurdumyzy özgertmek we ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam etmek bilen bir hatarda, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga päsgel berýän ýagdaýlara aýratyn üns bermelidiris” diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, gurulýan desgalaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Ähli pudaklar üçin zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, gurlup, ulanmaga berlen desgalary, ýollary, seýilgähleri talaba laýyk saklamak, umuman, şäher hojalygynyň meseleleri bilen içgin meşgullanmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerleriň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu meseleleri çözmäge aýratyn üns bermelidigini we bu ugurda yhlas bilen işlemelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip: “Ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş güni ýetip gelýär. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap,söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem jan aýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe gerçek ogullary ata Watanyň, ene topragyň erkinligi ugrunda gara başlaryny gurban etdiler.

Eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap,wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasy, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk bilen zähmet çeken ildeşlerimiziň mertebesi hemişe belent tutular. Olaryň edermenligi, manyly durmuş ýoly ynsanperwerligiň, mähriban halkymyza hyzmat etmegiň, mukaddes Watany goramagyň belent nusgasyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz merdana uruş we zähmet weteranlarymyz barada yzygiderli alada edýäris. Olaryň saglyklaryny berkitmäge,ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berýäris. Biz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň öňünde uly hyzmatlary bitiren uruş we zähmet weteranlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutarys!” diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, ýygnananlaryň ählisini we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy, merdana uruş weteranlarymyzy, tylda yhlas bilen zähmet çeken ildeşlerimizi Beýik Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.