Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralan Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Sport toparynyň (ABU) 54-nji maslahaty öz işini tamamlady.
Ozal habar berlişi ýaly, maslahata dünýäniň 19 döwletinden wekilleriň 60-dan gowragy gatnaşdy, olar Best V, CCTV, Oceans sport, NÝO GOC (HHR), TDM (Koreýa Respublikasy), DDI (Hindistan), IRIB (Eýran Yslam Respublikasy), NHK (Ýaroniýa), JSC Khabar (Gazagystan), Globe cast (Singapur), ATN (Owganystan) ýaly dünýäde belli sport ýaýlymlaryna ýolbaşçylyk edýärler.
Maslahatyň barşynda sport žurnalistleriniň we teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň halkara derejeli sport ýaryşlaryny alyp barmak boýunça işine degişli dürli ugurlar ara alnyp maslahatlaşdyldy. Şu ugurda toplanan tejribe ýurdumyzda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmek bilen baglylykda, Türkmenistan üçin has-da möhüm ähmiýete eýedir, şol ýaryşlar Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýykdykda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin sporty we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça ýöredýän döwlet syýasatyna ýokary baha berdiler. Şonda bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, şol sanda dünýäniň belli sport teleradioýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda guralýan sergileriň, maslahatlaryň, ýörite okuw maslahatlarynyň we halkara derejeli beýleki çäreleriň sport boýunça özara arkalaşykly hereket etmegiň geriminiň giňeldilmegine, ýokary derejeli tälimçileriň, türgenleriň, sport synçylarynyň taýýarlanylmagyna, maglumat bermegiň we wagyz etmegiň işjeňleşdirilmegine degerli ýardam berýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar apreliň başynda guralan “Aşgabat – Aziada –2017-niň paýtagty” atly halkara serginiň möhüm ähmiýetlidigini bellediler, şol sergi hem Aziýa oýunlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde esasy ugurlary kesgitlemek, uly sport ýaryşlaryny we olaryň açylyş dabaralaryny guramak, sport boýunça döwrebap düzümi döretmek ugrunda tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler hem-de şonda milli Liderimize sportyň ösdürilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi we şu ugra degişli meselelere içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aziadanyň türkmen döwletiniň olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, parahatçylygyň, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişilmeginiň, dostlugyň we doganlygyň pugtalandyrylmagyna önjeýli goşanda öwrüljekdigini aýtdylar.
Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça gurulýan Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler, 2017-nji ýylda bu şäherjik ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler.