Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 679
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky bäşinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onda täze kanun taslamalarynyň we kadalaşdyryjy – hukuk namalarynyň birnäçesine garaldy. Milli parlamentiň maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde parlamentiň deputatlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary nukdaýnazaryndan milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Parlamentarileriň kanunçykaryjylyk işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalarynyň esasy düzgünlerini hasaba almak arkaly döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmegi kesgitleýji ugur bolup durýar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” şygarynyň özenini düzýän iri möçberli düýpli özgertmeler syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, ösüşiň täze belentliklerine ynamly barýar. Öz çykyşlarynda milli Liderimiz demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň mäkäm binýadyny döretmek, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegi ýaly garaşsyz ösüşiň ýolunda biziň ýurdumyzyň gazananlary barada aýdyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan ösüşlere beslenen özgertmeler işinde jemgyýetçilik guramalarynyň ähmiýetini ençeme gezek nygtady.

Hut şu nukdaýnazardan milli Liderimiz bäşinji çagyrylyşyň deputatlary bilen duşuşygynda ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kämilleşdirilmegini we onuň häzirki günüň talaplaryna laýyk getirilmegini görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu kanunda raýat jemgyýetiniň hereket etmegi üçin uly ähmiýeti bolan jemgyýetçilik birleşiklerini döretmekde ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň kepillendirilmegi bilen baglanyşykly düzgünler has anyk kesgitlenmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki maslahatyň barşynda “Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu kanunçylyk namasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukuklaryny durmuşa geçirmegine gönükdirilendir we jemgyýetçilik birleşikleriniň kemala getrilmeginiň, işiniň üýtgedip guralmagynyň we ýatyrylmagynyň hukuk, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem bu ulgamda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyrýar.

Milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň esasy ugry, şeýle hem ykdysady ösüş strategiýasyny, şol sanda hususyýetçilik hukuklaryny we emläk gatnaşyklaryny sazlaýan strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň işlenip taýýarlanmagy we kabul edilmegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gozgalmaýan emläk bazarynyň işjeň kemala gelmeginiň we ösmeginiň bolup geçýändigini göz öňünde tutup, Mejlisiň deputatlary tarapyndan “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlandy. Ol bu ulgamda maksatlary, wezipeleri we hukuk esaslary kesgitleýär. Parlamentarileriň belleýişi ýaly, bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi gozgalmaýa emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmak ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolar hem-de ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem döwrebap gozgalmaýan emläk bazarynyň düzüminiň kemala gelmegine ýardam eder.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan özüniň iň ýaş raýatlary üçin has amatly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek nygtaýşy ýaly, olaryň abadançylygy döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşiniň iň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary baradaky Konwensiýasyna goşulyp, biziň ýurdumyz çagalaryň hukuklaryny we bähbidini goramagy üpjün etmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy. Çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi, ösüp gelýän ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada edilmegi milli kanunçylygyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Muňa “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanmagy hem şaýatlyk etdi. Onda çagalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ulanylmagy üçin hukuk, durmuş ykdysady şertlerini döretmek maksadynda ýurdumyzyň Esasy Kanunynda göz öňünde tutulan çaganyň hukuklarynyň kanuny bähbitleriniň esasy kepillikleri tassyklanýar. Bu kanunçylyk namasy çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagyň ileri tutulmagy, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýat jogapkärçiligini terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alyp işlenip taýýarlanyldy.

Gün tertibine şeýle hem “Döwlet syrlary hakynda”, “Maglumaty goramak hakynda”, “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda”, “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary çykaryldy.

Milli parlamentiň deputatlary “Türkmenistanyň Mejlisiniň Mandat toparyny saýlamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalyryny we beýleki resminamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Ara alyp maslahatlaşmaga çykarylan kanun taslamalaryny oňlap we biragyzdan kabul edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary olaryň hemmesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ygtybarly esasy üpjün etmäge gönükdirilendigine, şeýle hem raýat institutlarynyň pugtalanmagyna hem-de jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň ykrar edilmegine ýardam etmäge gönükdirilendigine ynamlaryny beýan etdiler.