Ï Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyryp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyryp

view-icon 754
Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Emomali Rahmonyň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýan Täjigistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlanýar.

Ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-täjik duşuşygy goňşy ýurtlaryň dostlukly gatnaşyklarynyň hem-de olaryň arasynda häzirki taryhy eýýamda ösüş depginine eýe bolan netijeli gatnaşyklaryň köpasyrlyk senenamasyna täze sahypanyň ýazylmagyna gonükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik halklaryny doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýrylmaz däpleriniň, şeýle hem häzirki wagtda täze mazmun bilen baýlaşan taryhy taýdan ruhy- medeni aragatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Täjigistan asyrlaryň dowamynda toplanan netijeli özara hereketleriň tejribesini gyşarnyksyz baýlaşdyrmaga ymtylmaga ygrarly bolup, ony bütin sebitiň bähbidine amala aşyrylýan iri möçberli bilelikdäki taslamalar arkaly berkidýärler. Olaryň möhümleriniň hatarynda geçen ýylyň iýun aýynda badalga alan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy bar. Onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny ösdürmäge täze itergi bermäge we umuman tutuş Ýewraziýa yklymynyň giňişliginde söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Örän möhüm bolan bu taslamanyň amala aşyrylmagyna Merkezi Aziýa sebitini ösdürmek bilen baglylykda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň umumydygyna hem-de hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň has netijeli nusgasyny ýola goýmaga özara ymtylmalara ýene-de bir şaýatnama hökmünde garamak bolar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygynyň olaryň halkara derejesinde hem--iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli özara hereketlerini şertlendirendigini nygtamak gerek.

Dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däplerine ygrarlydygyny görkezip, bu gün taryhyň täze sahypasynda ýurtlaryň ikisi-de hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygyny barha köp ýüze çykarýar. Bu bolsa türkmen we täjik halklarynyň çuňňur bähbitlerine tutuşlaýyn we dolulygyna gabat gelýär.

Daşary söwda dolanyşygynyň möçberleriniň durnukly artýandygy hem-de söwda-ykdysady aragatnaşyklarynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ösüş depgininiň oňat görkezijisi bolup hyzmat edýär. 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary işewür gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun tutýar. Onuň bäşinji mejlisi geçen aýda Aşgabatda geçirilip, ol häzirki sapara iki tarapyň hem taýýarlyk görşüniň barşyna bagyşlandy.

Döwletara gatnaşyklarynyň däbe öwrülen ileri tutulýan ugry bolan medeni-gumanitar ulgamynda hem ikitaraplaýyn aragatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni we ylmy alyş-çalyşlar, meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem-de türkmen we täjik alymlarynyň gatnaşmagyndaky halkara maslahatlary işjeňleşdi.

Türkmen-täjik döwletara gepleşikleriniň netijeliligi we ygtybarlylygy köp babatda özara saparlary yzygiderli hem-de ýokary derejede netijeli häsiýete eýe bolan iki dostlukly döwletiň Liderleri tarapyndan berilýän uly üns bilen hem şertlenendir.

Garaşylyşy ýaly, Duşenbede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon bar bolan mümkinçiligi we iki döwletiň ileri tutulýan durmuş-ykdysady ösüşlerini hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýakyn ýyllar üçin mundan beýläkki türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň geljejigini we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň netijeleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler. Olar gazanylan hemme ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin esas bolup hyzmat edýän uly kadalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.