Gazagystanyň Almaty şäherinde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp, “Magtymguly we türki dilli edebiýat” atly Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine düzüminde ylym, medeniýet we sungat işgärleri bolan türkmen wekilýeti gatnaşdy. Wekilýete Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory, TYA habarçy-agzasy, professor Annagurban Aşyrow ýolbaşçylyk etdi. Alymlar Magtymguly Pyragynyň ömür beýany we döredijilik mirasy boýunça näbelli sahypalaryna bagyşlanan çykyşlary etdirler. Olar gazak kärdeşlerine beýik türkmen şahyrynyň öň çap edilmedik eserleri girizilen Magtymgulynyň eserleriniň iki jiltligini sowgat hökmünde berdiler.
Türkmen ussatlarynyň suratlarynyň we halylarynyň sergisi guraldy, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň gazak diline terjime edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen we gazak alymlarynyň arasynda “tehgelek stoluň başynda” söhbetdeşligi bolup geçdi, türkmen wekilýetiniň Gazak ylmynyň taryhy muzeýiniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy we muzeýiň ekispozisiýasy bilen tanyşdyrylyşy geçirildi.
Türkmenistanyň medeniýet işgärleri milli saz mirasy, türkmen we gazak nusgawy folklory, estrada eserleri esasynda konsert bilen çykyş etdiler.
Almatynyň we şäheriň etekleriniň ajaýyp ýerlerine aýlanyp görmek hem saparyň medeniýet maksatnamasyna girdi.
Türk medeniýetiniň Halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2014-nji ýylyň türkmen şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň Ýyly düýlip yglan edilmegi beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň giň halkara derejesinde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.