Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respulikasyna ugrady. Aşgabadyň halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana bu sapary dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mäkäm binýadyna, özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir. Häzirki zamanda däp bolan türkmen-täjik gatnaşygy täze hile we üstüniň ýetirilmegine eýe boldy. Muňa ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlar we duşuşyklar aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, bu gezek Duşenbede geçiriljek iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky nobatdaky gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistanyň doly möçberli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine gyşarnyksyz ygrarlydygynyň ynamly tassyklamasy bolup hyzmat edýär. Ol bolsa iki doganlyk halkyň özara bähbitlerine hem-de abadançylygynyň maksatlaryna gabat gelýär, şeýle hem bütin sebitiň gülläp ösmegine gönükdirilendir.
Bir ýarym sagatdan soň Prezidentiň howa gämisi Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menzilinde gondy. Ýokary derejeli türkmen myhmanynyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň iki tarapy boýunça hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Preýmer-ministri Kohir Rasulzoda, ýurduň Daşary işler ministri Sirojiddin Aslow we beýleki resmi adamlar garşylap, türkmen Liderini täjik topragynda tüýs ýürekden mübäreklediler. Milli lybasdaky gyzlar türkmen döwletiniň Baştutanyna gül desselerini gowşurdylar.
Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti sapar wagtynda özüne niýetlenen hökümet kabulhanasyna tarap ugrady.
Günüň birinji ýarymynda türkmen Lideriniň ulag kerweni “Kohi Millet” köşgüne tarap ýola düşdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ulagy Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda saklanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli, doganlarça garşylaýar.
Iki ýurduň Liderleri doganlarça salamlaşyp, Köşgüň öňündäki meýdançada gurnalan ýörite münbere çykýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly raport berýär. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon esgerleriň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Soňra täjik lideri belent mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz gezeginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem Täjigistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Resmi garşylanyş dabarasy hormat garawulynyň rotasynyň dabaraly ýörişi bilen tamamlanýar.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini “Kohi Millet” köşgüniň içine girmäge çagyrýar. Ol ýerdäki ikitrapalaýyn duşuşyklar geçirilýän zalda olaryň ikiçäk görnüşdäki gepleşikleri bolup geçdi. Gepleşikleriň başlamagynyň öňýanynda iki ýurduň liderleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdagynyň öňünde surata düşdiler.
Ýokary derejeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Täjigistanyň baştutany resmi sapary dostlugyň we doganlygyň iň oňat däplerinde ýola goýulýan däp bolan türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim hökmünde alamatlanýan Türkmenistanyň Prezidentini Duşenbede ýene-de kabul etmäge özüniň tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Prezident Emomali Rahmonyň aýdyşy ýaly, Täjigistanda bu günki gün özüniň mynasyp dowamyna eýe bolýan bu gadymy hoşniýetli däplere çuňňur sarpa goýulýar. Ol soňky ýyllarda döwletara gepleşikleriniň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.
Täjigistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany ýokary derejedäki häzirki ikitaraplaýyn duşuşygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugurlary boýunça köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Şu nukdaýnazardan türkmen Lideri özüniň täjik kärdeşine Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyna hemişelik goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň oňat depginini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany häzirki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigini belledi.
Medeni-gumanitar pudagynda özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtap, türkmen Lideri şu ýyl biziň ýurdumyz ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belleýär diýip aýtdy. Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda guralýan iri çäreler bu senä bagyşlanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede, şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Magtymgulynyň 290 ýyllyk senesine bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi üçin Täjigistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik halklaryny dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň bozulmaz däpleri, häzirki eýýamda döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýan taryhy taýdan ýola goýlan ruhy-medeni aragatnaşyklar birleşdirýändigini nygtady.
Prezident Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda onuň uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini beýan edip, Türkmenistanyň Baştutany öz täjik kärdeşine berk jan saglyk we onuň möhüm döwlet işlerinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň hem doganlyk Täjigistan bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi.
Gepleşiklerini dowam edip, Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Liderleri ikitaraplaýyn hereket etmegiň giň ugurlaryny, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem onuň köpugurly mümkinçiligini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda ulag we energetika görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolup, biziň ýurdumyz ony transmilli ulag geçelgelerini döretmek, energetika pudagynda netijeli sebitleýin we halkara özara gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de düýpli energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe iri başlangyçlar bilen çykyş edip, ählumumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrmaga ymtylýar. Şunda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagy, şeýle hem öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly bolup durýar. Bu taslamalaryň ikisiniň hem diňe bir gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, bütin sebit üçin wajyp ähmiýete eýedigi jedelsizdir.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ekologiýa ulgamy agzaldy, şunda Araly halas etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň ýörelgesini beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň bu meseläniň halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň giňden gatnaşmagynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy. Türkmenistan suw meselesiniň çözülmegi babatda-da şeýle ýörelgä eýerýär.
Gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler, şeýle hem goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga degişli meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň Owganystan babatda hemme meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegi boýunça ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň ykdysady we söwda ulgamynda netijeli aragatnaşyklary ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şu babatda işi anyk netijeleri berýän Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň ähmiýetli orny bellendi. Şu nukdaýnazardan türkmen Lideri şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň uly toplumynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.
Gumanitar ulgamynda özara hereketleriň meseleleriniň üstünde durup geçip, iki döwletiň Baştutanlary ylym we bilim, medeniýet we sungat, ýurtlaryň ikisinde hem guralýan medeni çärelere Türkmenistanyň we Täjigistanyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da höweslendirmek barada pikirlerini aýdyp, onuň netijeli häsiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň bu ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu bolsa medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, iki doganlyk halklaryň ýene has-da ýakynlaşmagyna hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň barşynda ajaýyp bahar baýramy—Nowruz mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Ol baýramçylyk şol ýylda halkara baýram hökmünde ilkinji gezek bellenildi. 2013-nji ýylda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaraly çäreler Türkmenistanda geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ýokary derejeli myhmanlaryň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem boldy.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýän netijeli döwletara gepleşiklerine ygrarlydygyny tassykladylar.
Döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazan türkmen Lideriniň saparynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Soňra Täjigistanyň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyna söz berdi.
Ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin, bilelikdäki netijeli işler üçin döredilen ajaýyp şertlere özüniň täjik kärdeşine minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ýokarlanma boýunça ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, açyklyk we ynam bildirmek, iki doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň möhümdigine ikitaraplayn düşünişilmegi türkmen-täjik gepleşikleriniň tapawutly alamatlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyz tarapyndan hyzmatdaşlygyň ägirt uly şertnamalaýyn-hukuk binýady işlenip toplandy, asylly dostlara we goňşulara mahsus bolşy ýaly, ýüze çykýan hemme meseleleri netijeli ýagdaýda dessine çözmäge mümkinçilik berýän yzygiderli geňeşmeler we maslahatlar geçirilýär diýip, sözüni dowam etdi.
Soňra türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan we Täjigistan özbaşdak daşary syýasatyny alyp barýarlar, birek-biregiň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryny we maksatlaryny, olary durmuşa geçirmegiň usullaryny we serişdelerini saýlamaga özygtyýarly hukugyna hormat bilen garaýarlar. Şunda biziň ýurtlarymyzy esasynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara hukugynyň we BMG-niň Tertipnamasynyň umumy kabul edilen kadalaryna ygrarlylyk durýan umumy garaýyşlar we ýörelgeler birleşdirýär. Türkmenistan we Täjigistan sebitdäki işleri oňyn ösdürmäge ýardam etmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmak, bu ýerde mizemez parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ykrar edilmegi ugrunda öz ymtylyşlarynda jebisdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem sebitiň beýleki ýurtlary we halkara guramalary bilen bilelikde ekstremizm, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk, narkotrafik ýaly döwrüň howply wehimlerine garşy durmak ulgamynda mundan beýläk-de hyzmadaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.
Şu nukdaýnazardan türkmen Lideriniň sözüni dowam edişi ýaly, taraplar Owganystandaky ýagdaýa uly üns berýärler. Munuň özi aňryýany bilen düşnüklidir, çünki bu ýurt Türkmenistanyň we Täjigistanyň gönüden-göni goňşusy bolup durýar. Hem türkmen, hem täjik halklary Owganystany parahatçylykly we gülläp ösýän, sebitiň hemme döwletleriniň hoşniýetli goňşusy we hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda türkmen döwletiniň Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplaryň owgan meselesini sazlaşdyrmak boýunça öz garaýyşlaryny tassyklandygyny nygtady. Ol garaýyşlar Owganystandaky ähli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidiginde jemlenýär. Taryhyň görkezişi ýaly, meseleleri çözmegiň güýç ulanmak usullary kabul ederlikli däldir we onuň uzakmöhletleýin geljegi ýokdur diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Owganystandaky ýagdaýyň syýasy ugurdan sazlaşdyrylmagy barada aýdyp, taraplar syýasy-diplomatik serişdeleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunda abraýly halkara guramalaryna, ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň Owganystana ýardam bermek boýunça Guramasy we Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi ýaly ýörite institutlaryna möhüm orun berilmelidir.
Türkmenistanyň we Täjigistanyň halkara derejesinde, ilkinji nobatda, BMG-da umuman, özara hereketleriň yzygiderli, netijeli häsiýetini aýratyn belläp, türkmen döwletiniň Baştutany ýurtlaryň ikisiniň hem ählumumy we sebit ösüşiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş edýändigini, dürli halkara başlangyçlary amala aşyrmakda birek-birege goldaw berýändigini nygtady. Şeýle özara hereket özüniň netijeliligini hem-de iki döwletleriň uzakmöhletleýin milli bähbitlerine gabat gelýändigini görkezdi we ol dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary baradaky meselelere ünsi çekip, türkmen Lideri bu ulgamda özara gatnaşyklaryň yzygiderli we depginli ösdürilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeli işini, şeýle hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýaly görkezijini aýdyň mysal hökmünde getirdi. Ol görkeziji geçen ýyl ABŞ-nyň 96 million dollaryna deň boldy.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Baştutany bu sanlaryň taraplaryň ikisiniň hem hakyky kuwwatyny şöhlelendirmeýändigini nygtap, biziň ýurtlarymyzyň özara söwdanyň, maýa goýumlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny kesgitlemek üçin hemme mümkinçiliklere eýedigine ynam bildirdi.
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin aýratyn mümkinçilikleriň köpdügi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtady. Oňa geçen ýylyň mart aýynda Aşgabatda gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklara laýyklykda badalga berildi. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, biz bu demir ýol geçelgesiniň döredilmegine diňe bir bähbitli üçtaraplaýyn taslama hökmünde däl-de, has giň – sebitde döwrebap, ýaýbaňlandyrylan şahalary utgaşdyrylan ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegi nukdaýnazaryndan garaýarys. Şeýle düzüm bu zolagyň döwletleriniň ählumumy ykdysady ösüş işlerine üstünlikli goşulyşmagyna kuwwatly itergi bermäge, maýa goýumlaryň akymyna ýardam etmäge, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr.
Munuň diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, umumylykda dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine-de laýyk gelýändignii belläp, Türkmenistanyň Prezidenti agzalan ugurda özara gatnaşyklary dowam etmegiň, ýöriteleşdirilen halkara düzümleri, hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady topary (ÝYT), Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş topary (ESКATO) bilen beýleki sebitleýin we sebitara ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini bilelikde öwrenmek maksadynda gepleşikleri işjeňleşdirmegiň maksada laýykdygy barada pikirini beýan etdi. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejeldäki halkara maslahatynyň geçiriljekdigini habar berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetini onuň işine gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Baştutany şeýle hem şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli edaralaryna Merkezi Aziýa giňişliginde we ýanaşyk sebitleriň ulag ulgamynda köptaraplaýyn özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça bilelikdäki anyk teklipleri taýýarlamagy teklip etdi.
Biziň hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde şeýle hem energetika ulgamynda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan elektrik geçiriji ugrunyň gurluşygyny amala aşyrmagyň taslamasy bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Prezidenti şu ýerde türkmen tarapynyň bar bolan hemme mümkinçiliklere jikme-jik garamaga taýýardygyny beýan etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze energokuwwatlyklar owgan ugruna eltilýän elektroenergiýanyň möçberlerini bäş esse artdyrmaga, geljekde bolsa täjik tarapyndan gyzyklanma bildirilen ýagdaýynda güýz-gyş möwsüminde Owganystanyň üsti bilen Täjigistana ustaşyr arkaly elektrik energiýany geçirmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm alamaty hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem ekologiýa ulgamyny görkezdi, şunda Araly halas etmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu babatda Türkmenistanyň ýörelgesi bu meseläniň çözülmeginiň halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň özara hasaba alynmagyna hem-de halkara guramalarynyň giňden gatnaşmagyna esaslanylmalydygynda jemlenýär. Araly halas etmek meselesiniň çözülmegine çemeleşmeleriň ýokary derejede ölçenilen we jogapkärçilikli bolmalydygyna, biziň umumylygymyzyň akyl ýetirilmegine hem-de bu wezipeleriň öňünde jebisleşmegimize daýanmalydygyna biz ynanýarys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şeýle ýagdaýlar, umuman, sebitde suw hojalyk meseleleriniň çözülmegine hem degişlidir diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeni-gumanitar ulgamyny kesgitläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda özara hereketleriň netijeli häsiýetini belledi. Muňa iki ýurduň medeniýet we sungat wekilleriniň Türkmenistanda bolşy ýaly, Täjigistanda hem guralýan halkara çärelerine yzygiderli gatnaşýandyklary aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýerde geçen ýylda Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini mysal hökmünde getirmek bolar. Şu ýylyň iýulynda bolsa şeýle çäre – Türkmenistanyň Medeniýet günleri Täjigistanda geçiriler. Şeýle hem ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk yzygiderli amala aşyrylýar, görnükli ylmy işgärleriniň arasynda ikitaraplaýyn yzygiderli gatnaşyklaryň tejribesi işlenip toplandy. Bular barada aýtmak bilen, türkmen Lideri biziň ýurdumyzda Täjigistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 14-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan dabaralaryna gatnaşmagyna garaşýandyklaryny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti täjik doganlarymyza türkmen halkynyň beýik oglunyň şahsyýetine, onuň döredijilik mirasyna ýokary hormat goýmak garaýyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentine ajaýyp şahyryň şanly senesine bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň Duşenbede guralandygyna we geçirilendigine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň we Täjigistanyň taryhlarynyň özara baglanyşyklydygyny, iki ýurduň halklarynyň asyrlaryň dowamynda egin-egne berip ýaşaýandyklaryny belledi. Iki döwletiň wezipesi gumanitar gatnaşyklara jogapkärçilikli ýardam bermekden, munuň üçin döwrüň ruhunda we adamlaryň hakyky isleginde hemme zerur şertleri döretmekden ybaratdyr.
“Bu ýerde, Duşenbede biz täjik halkynyň biziň ýurdumyza, Türkmenistanyň halkyna nähili mähirli we tüýs ýürekden gyzyklanma bilen garaýandyklaryny ýene-de bir gezek gördük” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Täjik halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Baştutany Täjigistanyň ýolbaşçylygyna we hut Prezident Emomali Rahmona iki döwletiň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde ägirt uly goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra ýene-de täjik lideri söz alyp, Täjigistanyň iki doganlyk ýurtlaryň we halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine gabat gelýän Türkmenistan bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ileri tutulýan ähmiýet berýändigini nygtady.
Döwletara gepleşikleriniň gazanylan derejesine ýokary baha berip, Prezident Emomali Rahmon täjik tarapynyň ikitaraplaýyn aragtanyşyklary olaryň ähli görnüşleri boýunça mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga ymtylýandygyny tassyklady.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň depginini, yzygiderli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtap, Täjigistanyň baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarynyň taryhynda möhum waka hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki saparynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady. Şu nukdaýnazardan Prezident Emomali Rahmon gün tertibine özara gatnaşyklaryň esasy meseleleri çykarylýan ýokary derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga, onuň mümkinçiliklerini has doly we netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edýändigini belledi.
Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlyga yrarlydygyny nygtap, täjik lideri sebitde durnuklylygyň möhüm şerti bolup çykyş edýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk döredijilik syýasatyna ýokary baha berdi. Şunda Prezident Emomali Rahmon şeýle hem türkmen Lideriniň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryna doly goldawyny beýan etdi.
Şu babatda Täjigistanyň Baştutany täjik tarapynyň sebit we halkara meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary kadalaşdyrmaga, döwrüň möhüm wehimleri bolan terrorçylyk, neşeleriň bikanun dolanyşygy, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyk, şeýle hem ekologik meseleler we beýlekiler ýaly derwaýys meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen geljekde-de özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Bular barada aýtmak bilen, Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň Türkmenistan bilen abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn depginleri belläp, Täjigistanyň Baştutany bu ulgamda özara hereketleri ösdürmek hem-de şunda bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmak barada pikirini aýtdy. Şu işlerde bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun berilýändigini nygtap, Prezident Emomali Rahmon işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ykdysady ulgamdaky özara hereketleri onuň kuwwatyna laýyk gelýän täze derejä çykarmak boýunça türkmen Lideri tarapyndan aýdylan teklibi goldady. Bu baradaky gürrüň dowam edilip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, energetika, senagat ulgamlary, oba hojalygy agzaldy.
Ulag-aragatnaşyk pudagynda özara hereketleriň meseleleriniň üstünde durup geçip, Täjigistan Respublikasynyň baştutany Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen, täjik tarapynyň onuň tiz amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryny etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek hem-de onuň halkara ulag düzümine netijeli goşulyşmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryna goldaw sözleri aýdyldy.
Medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň möhümdigi barada aýdyp, Täjigistanyň Prezidenti esasynda iki ýurduň halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan umumylygy duran bu ulgamda özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täjigistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge hemişelik berýän ünsi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk we onuň uly möçberli döwlet işinde täze ajaýyp üstünlikleri, bütin türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Jilikul etrabynyň “Ergaş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny (binalar toplumyny) gurmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2014-2016-njy ýyllar üçin Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2015-2016-njy ýyllar üçin medeniýet we sungat pudagynda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kanunçylyk merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary metbugat maslahaty geçirilýän zala bardylar we ol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.
Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň netijelerini beýan edip, Täjigistan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýip belledi. Täjik lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna şu resmi sapary we onuň netijeleri döwletara gatnaşyklarynyň täze taryhyna aýratyn sahypa bolup ýazylar. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze depgine eýe boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň Prezidenti gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda aýratyn bellenilişi ýaly, şol meseleleriň hemmesi boýunça taraplaryň nukdaýnazarlary ýakyn ýa-da gabat gelýär, bu bolsa geljekki hyzmatdaşlyk we ysnyşykly gatnaşyklar üçin oňat syýasy esas bolup durýar.
Türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze meýilnamalary gepleşikleriň möhüm bölegine öwrülip, olar däbe görä, gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň täze ylalaşyklarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, ozaly bilen söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi. Täjik lideriniň belleýşi ýaly, taraplar Türkmenistany, Owganystany we Täjigistany birleşdirjek demir ýoly gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigini tassykladylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň we wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, Täjigistanyň baştutany olaryň jemleri boýunça zerur bolan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça tagallalary hem-de Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeli işlerini dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma döredýän beýleki meseleler, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara giňişliginde birek-biregiň nukdaýnazarlaryny utgaşdyrmak we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen yzygiderli esasda syýasy gepleşikleri dowam etmek barada ylalaşdylar.
Täjik Lideriniň belleýşi ýaly, Täjigistan we Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryny, aýratyn-da söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmaga çalyşýarlar.
Prezident Emomali Rahmon sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň umumy tagallalar bilen şol mümkinçilikleri doly derejede amala aşyrjakdygyna hem-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň we sebitiň durnukly ösmeginiň bähbidine ysnyşykly hyzmatdaşlygy has-da ösdürjekdigine ynam bildirdi.
Soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti ýüzlendi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemlerini beýan edip, şu günki duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täjik tarapyna Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyny hem-de biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde, ozaly bilen,Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki gepleşikleriň çäklerinde owgan meselelerine seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, hususan-da, Aşgabat şäherinde hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda parahatçylykly, syýasy, diplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär diýip belledi.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine ekologiýa ulgamynda özara gatnaşyklara degişli meseleler, şol sanda Araly halas etmek, şeýle hem suw meseleleri bilen bagly meseleler girizildi. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň şu meselelerde umumylykda ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna üýtgewsiz eýerýändigini belledi.
Sebit hyzmatdaşlygy barada durup geçmek bilen hormatly Prezidentimiz energetika we ulag ulgamynda özara gatnaşyklara degişli meseleleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika syýasatyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine we uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazarlaryna geçirilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada sözüni dowam edip, ýakyn wagtda Türkmenistandan Hytaýa uzalyp gidýän gaz geçirijiniň täze şahasynyň gurluşygyna başlanjakdygyny habar berdi. Bu gaz geçiriji biziň doganlyk ýurtlarymyzyň—Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäklerinden geçer. Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek babatda başlangyçlary öňe sürmek bilen biziň ýurdumyz gatnaşýan taraplaryň—önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ulag, şol sanda demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygy bilen bagly geljegi uly ugurda özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýlelikde, gepleşikler taraplaryň sebitde oňyn özgertmelere we netijeli hyzmatdaşlyga, sebitiň ösmegine we rowaçlanmagyna ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.
Bulardan başga-da, ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy durmak meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygy bellenildi.
Şu günki gepleşikler günsaýyn ösýän ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meselelerine garamak üçin mümkinçilik döretdi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Oňat mümkinçiliklere eýe bolan özara haryt dolanyşygynyň ösüşi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeli işleýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň halklarynyň ruhy-medeni umumylygyna esaslanan medeni-gumanitar ulgamda özara gatnaşyklara uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanda, şeýle hem Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň ilçihanasynyň howandarlygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi üçin täjik tarapyna minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna, şol sanda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda pursatdan peýdalanyp, öz täjik kärdeşine türkmen-täjik dostlugyny berkitmäge ägirt uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, ähli täjik halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
“Kohi Millet” köşgünden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynyň esasy meýdançasy bolan “Dusti” (“Dostluk”) meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Täjigistanyň milli jebisliginiň we galkynyşynyň ýadygärlik toplumy bina edilendir. Türkmen döwletiniň Baştutany täjik halkynyň milli gahrymany—Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige dabaraly ýagdaýda gül dessesini goýup, Samanidler döwletini esaslandyran ajaýyp täjik döwlet işgärine we hökümdaryna hormatyny bildirýär.
Soňra türkmen Lideri sapar wagtynda özüne niýetlenen kabulhana dolanyp geldi.
Günüň ikinji ýarymynda Hökümet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň (Ýokary Ýygnagynyň) Namoýandagon Majlisiniň (Aşaky Palatasynyň) Başlygy Şukurjon Zuhurow bilen duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Oli Majlis (Parlament) Täjigistanyň döwlet häkimiýetiniň ýokary kanunçykaryjylyk we wekilçilikli edarasy bolup durýar hem-de iki palatadan ybarat: Aşaky— Namoýandagon Majlisi (Wekiller Palatasy) we Ýokarky—Majlisi Milli (Milli Geňeş).
Türkmen Liderini mähirli mübärekläp, Täjigistan Respublikasynyň Milli parlamentiniň Aşaky palatasynyň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki resmi saparynyň we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde şu gün ýokary derejede üstünlikli geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Oli Majlisiniň Namoýandagon Mejlisiniň Başlygynyň belleýşi ýaly, Täjigistan soňky ýyllarda hil taýdan täze sepgitlere çykan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Hoşniýetli sözler üçin sminnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, Türkmenistanyň özüniň iň ýakyndaky goňşulary bilen gatnaşyklaryna buýsanýandygyny we doganlyk Täjigistan bilen netijeli döwletara gepleşiklerini, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge meýillidigini nygtady.
Geçirilen söhbetdeşligiň barşynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we giňeltmek üçin oňat mümkinçilikleriň köpdügi bellenildi. Muňa dürli ugurlarda bar bolan özara hereketleriň mümkinçiligini netijeli amala aşyrmaga ýardam etmäge niýetlenip gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan Türkmen döwletiniň Baştutany we Täjigistanyň Milli parlamentiniň Aşaky palatasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler.
Bu baradaky gürrüň dowam edilip, häzirki zamanyň wakalaryny hasaba almak arkaly döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşiniň üstünlikli çözülmeginiň möhüm şerti hökmünde ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmäge gönükdirilen iki ýurduň parlamentleriniň işiniň esasy ugurlaryna degilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti we Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namaýandagon Majlisiniň ýolbaşçysy kanunçykaryjylyk ulgamynda, şeýle hem abraýly sebit we halkara guramalarynyň, şol sanda GDA, ÝHHG, YHG-niň parlament düzümleri bilen hyzmatdaşlykda iki döwletiň parlamentarileriň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek barada pikir aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň arasyndaky dostluk we doganlyk däpleriniň bozulmazlygyna ynamlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Mejlisiniň Başlygy Şukurjon Zuhurow türkmen we täjik halklaryna abadançylyk, bagt we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdylar.
Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözläp, Türkmenistanyň we Täjigistanyň dostluk gatnaşyklaryna we doly möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Şu gün Duşenbe şäherinde geçirilen ýokary derejedäki möhüm türkmen-täjik gepleşikleriniň, gazanylan ylalaşyklaryň netijelerini beýan etmek bilen, taraplaryň netijeli hyzmatdaşlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty—şol bir wagtyň özünde ylalaşdyryjylyk we döredijilik syýasaty babatda görkezen ygrarlylygynyň diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň we halklarynyň durnukly ösmeginiň bähbidine ygrarlylyk bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklarynda yzygiderli alyp barýan hut şeýle syýasaty milli Liderimiziň üstaşyr ulag geçelgeleri, eksport ugurly gazgeçirijileriň ugurlaryny, elektroenergetiki köprülerini we beýlekileri diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn taslamalar amala aşyrylanda sebitiň ähli ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň kuwwatyny artdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns bermegini şertlendirdi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin täze itergi beren resmi saparynyň birinji güni milli Liderimiziň daşary syýasy strategiýasynda döredijilikli başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şol strategiýa bolsa biziň ýurdumyzyň sebitde we dünýäde uzakmöhletleýin halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.