Ï Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 591
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýa ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ähli owgan halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik dileg etdi hem-de gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.