Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda saparda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň ösüş we özgertmeler işi boýunça Komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika işi boýunça agentliginiň direktory jenap U Sinsýuny we Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň Orta Aziýadaky taslamalar boýunça Utgaşdyryjy toparynyň başlygy, CNPC-niň düzümindäki “Trans Asia Pipeline” kompaniýasynyň Baş direktory Lýuý Günsýuny kabul etdi.
Nebitgaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşaldyklaryny aýdyp, myhmanlar döwlet Baştutanymyza HHR-iň başlygy Si Szinpiniň hem-de CNPC-niň ýolbaşçylarynyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Şeýle hem olar hytaý tarapynyň deňhukukly we özara peýdaly esasda durmuşa geçirilýän köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilýändigini bellediler. Geçen ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Baştutanynyň Türkmenistana bolan ilkinji döwlet saparynyň netijeleri boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, kompaniýanyň wekilleri Hytaýda türkmen Lideriniň ýakyn wagtda boljak jogap saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny, onuň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň müňýyllyklara uzap gidýän dostluk we birek-birege ynanyşmak gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalanmagyny, esasan-da, onuň nebitgaz pudagynda, ulag, bilim we beýleki ugurlarda ösdürilmegini şertlendirjekdigini aýtdylar.
Myhmanlar bilen mähirli salamlaşyp we dostlukly ýurduň hem-de belli kompaniýanyň ýolbaşçylaryna özleriniň iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Hytaý bilen ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagy ugur edinýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özara peýdaly esasda ýola goýulýan giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi.
- Ägirt uly nebit we gaz gorlaryna eýe bolan dünýäniň iri ýurtlarynyň hataryna girmek bilen, Türkmenistana daşary ýurt işewürleri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek, önümçilige häzirki zaman enjamlaryny hem-de ýokary tehnologiýalaryny çekmek, pudagyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem turbageçirijileriň häzirki zaman ösen ulgamynyň döredilmegi, şol sanda eksport ugurlarynyň artdyrylmagy ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň milli ulgamynyň esasy maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatyna we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly hem-de ygtybarly üstaşyr ugradylmagyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha bermek bilen, myhmanlar ýurduň bu babatda işjeň orun eýelemegi köpugurly turbageçirijiler ulgamynyň, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine, energiýa serişdelerini ugradyjylaryň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň arasynda amatly şertnamalaryň hem-de ylalaşyklaryň baglaşylmagyna oňyn täsirini ýetirýändimgini nygtadylar.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Birnäçe iri möçberli taslamalarda, şol sanda yklymda iň iri gaz geçiriji bolan hem-de Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşydyrýan möhüm energetika ugruna öwrülen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisinde öz beýanyny tapan bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegini şertlendirdi.
Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyza kompaniýa ynanylan işleriň ýerine ýetirilişi, hususan-da, Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi üçin esasy serişde binýady bolup durýan “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki gazy gaýtadan işleýän zawodynyň ikinjisiniň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýtdylar. Munuň özi türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyny şertlendirer.
Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhmanlar hytaý tarapynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri mundan beýläk hem abraý bilen ýerine ýetirmek we türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň bähbidine milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem tutuş sebitiň ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek çärelerine işjeň gatnaşmak ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdylar.
Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua gatnaşdy.