Ï Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna geldi

view-icon 662
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy, bu ýerde ertir möhüm ähmiýetli nobatdaky desgalary, hususan-da, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde gazy gaýtadan işleýän ikinji zawody ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde milli Liderimizi Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Asylly däbe görä, türkmen döwletiniň Baştutanyny welaýatyň ýaşululary duz-çörek bilen garşyladylar. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşurdylar.

Din wekilleri Beýik Biribardan Türkmenistanyň Prezidentine saglyk we alyp barýan iri möçberli işlerinde üstünlikler, ulanmaga berilýän möhüm desgalaryň uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň bähbidine hyzmat etmegini dileg edýärler.

Döwlet Baştutany ýaşulular bilen söhbetdeş bolanda, welaýatdaky ýaşaýyş şertleri, adamlaryň gündelik iş-aladalary bilen jikme-jik gyzyklandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ykdysady kuwwatyny barha artdyrýan döwletimizde türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde durmuş we önümçilik maksatly binalar we desgalar yzygiderli ýagdaýda gurulýar we ulanmaga berilýär.

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde ulanmaga berilýän täze gazy gaýtadan işleýän zawodyň ähmieti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz munuň özi ýurdumyzyň energetika kuwwatyny has-da berkider, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer diýip nygtady. Iň esasy zat bolsa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň nobatdaky önümçilik desgasynyň ulanmaga berilmegi we bu ýatagyň mundan beýläk-de özleşdirilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, bu bolsa öz nobatynda biziň halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze gaz arassalaýjy zawod diňe bir ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem özara bähbitli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nyşany bolar.

Mälim bolşly ýaly, halkara ykdysady taýdan goşulyşmak ulgamynda Hytaý Türkmenistanyň örän möhüm strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Mundan başga-da, bu hyzmatdaşlyk biziň ýurdumyzyň mundan beýläk hem dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagy üçin ygtybarly binýat goýup, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýolunda uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky başlangyjy öňe sürmek bilen, has netijeli sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, şunda ulag ulgamlaryny, söwda gatnaşyklaryny, sebitiň halklarynyň ruhy-medeni miraslaryny özara baýlaşdyrmagy giňeltmek maksady öňde goýulýar.

Şu ýyl Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny geçirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz uly durmuş ähmietli meseleleri maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däp asyrlaryň dowamynda üýtgewsiz ýörelge hökmünde kemala geldi, türkmen halky hemişe ýaşululara çuňňur hormat bilen garaýar, olaryň parasatly maslahatlaryny diňleýär, baý durmuş tejribelerine sarpa goýýar diýip nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti ýaşululara olaryň ähli möhüm çärelere işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, ýaşulularyň biziň ýurdumyzyň şöhratly taryhyndaky, milli ruhy mirasyndaky we türkmen jemgyýetiniň häzirki döwründäki möhüm ornuny, olaryň ýaş nesli ýokary ahlak, zähmetsöýerlik we watançylyk ruhunda terbielemäge goşýan uly goşantlaryny belledi.

Öz gezeginde ýaşulalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýaty ösdürmek, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösmegine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen ýadawsyz işi, ýaşuly nesil baradaky hemmetaraplaýyn aladasy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Welaýatyň döredijilik toparlary milli Liderimiz üçin döredijilik sowgadyny taýýarlapdyrlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli çykyş edilendigi üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün Türkmenabat şäherinde döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň ykdysadyýet we işewürlik toparlarynyň wekillerini kabul etdi.