Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy

view-icon 872
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbe şäherinde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri uly üstünlige eýe bolup, iki dostlukly döwletiň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikler aýratyn netijeli ýagdaýda, iki ýurduň bähbitlerini nazara almak bilen doly ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi, munuň şeýledigini döwlet Baştutanlary öz çykyşlarynda ençeme gezek bellediler.Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy hem onuň subutnamasy bolup, olar kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Ol netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň ýolunda hereket etmek üçin ýol görkezijä öwrüldi.

Taraplaryň ilki başdan dostluk, deňhukuklylyk we hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde guralýan netijeli gatnaşyklary dowam etmek baradaky meýilleri düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň (Parlamentiň aşaky palatasynyň) Başlygy Şukurjon Zuhurow bilen duşuşygynyň barşynda hem beýan edildi.

Türkmen hökümetiniň agzalarynyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň täjigistanly kärdeşleri bilen duşuşyklarynyň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda saparynyň baharyň ajaýyp günlerine gabat gelmeginiň hem aýratyn we çuňňur manysy bar. Bu gün doganlyk türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar öz ösüşiniň täze sepgidine—gülläp ösüş çagyna gadam basýar. Täjik topragynda milli Liderimiziň we hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň mähirli kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň köpsanly baýdaklary, dürli öwüşginli gutlag şygarlary, adamlaryň mähirli we şadyýan keşpleri, däbe öwrülen baýramçylyk tagamlary türkmen Liderini garşylamak üçin täjik dostlarymyzyň ýokary derejede taýýarlyk görendigini görkezdi. Bu bolsa diňe bir gadymdan gelýän gündogar myhmansöýerligini aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy giňişliginde, hususan-da, häzir hil taýdan täze derejä çykýan türkmen-täjik syýasy gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly ornunyň ykrar edilmegi bolup durýar.

Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk iki ýurduň halklary üçin has ysnyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly itergi bolup hyzmat etdi. Mälim bolşy ýaly, gepleşikleriň barşynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy, medeni we ruhy gatnaşyklaryna esaslanýan we bu gün netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan gumanitar ulgamda geljekki hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň gumanitar ugry Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün - Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününde geçirilen duşuşyklaryň sazlaşygyny kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz irden Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasyna baryp gördi, bu kitaphana täjik paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşýär. Onuň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy kitaphananyň direktory – filologiýa ylymlarynyň doktory Nosirdion Halimow mähirli garşylaýar. Milli lybasly täjik gyzlary Türkmenistanyň Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Ýolugra Täjigistanyň esasy kitaphanasynyň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmana – Türkmenistanyň Prezidentine iki ýyl mundan ozal ajaýyp, döwrebap dokuz gatly binada ýerleşen kitaphananyň täze jaýy barada gürrüň berýär, bu jaýyň öň tarapy açyk kitaby ýatladýar. Direktoryň bellemegine görä, onuň umymy meýdany 45 müň inedöwrdül metre golaý bolup, bu ýerde 1,5 müň orunlyk okalga zallarynyň 25-si, sergi zallarynyň 3-si, kitaplary we resminamalary saklamak üçin köp sanly otaglar we iri forumlary geçirmek üçin niýetlenen maslahatlar zallarynyň 10-sy ýerleşýär. Bu ýerde 10 million nusgalyk neşirleri saklamak üçin ähli şertler döredilipdir. Häzirki wagtda Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň umumy gaznasy neşir önümleriniň 6 milliondan gowrak nusgasyndan we elektron önümleriň 4 million nusgasyndan ybaratdyr. Kitaphananyň golýazmalar gaznasynda golýazmalaryň 16 müň sanysy, şol sanda 14-nji asyra degişli gadymy Gurhan aýawly saklanýar. Kitaphananyň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegi kitaplary diňe elektron görnüşinde okamaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň iň gowy elektron kitaphanalary bilen maglumatlaryň alşylmagyna we olaryň gaznalaryndan peýdalanylmagyna ýardam edýär. Milli kitaphananyň direktorynyň aýtmagyna görä, Täjigistanyň esasy kitaphanasynyň öz çaphanasy we kitaplary dikeltmek üçin barlaghanasy bar. Milli kitaphana dostlukly ýurduň iri ylmy we medeni merkezi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň ikinji gatyna çykyp, Täjigistanyň taryhyna, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň ösüşine degişli şekilleri özünde jemleýän, şeýle hem täjik halkynyň däp-dessurlaryny şöhlelendirýän uly möçberli pannonyň öňünde saklanýar.

Pannonyň ýanynda belent mertebeli türkmen myhmanyny kitaphananyň hünärmenleri garşylap, Türkmenistanyň Baştutanyna Milli kitaphananyň täze taryhy barada gürrüň berýärler hem-de onuň açylan gününde Täjigistanyň milli senenamasy boýunça täze baýramçylygyň – Kitap gününiň bellenilip ugralmagynyň yglan edilendigini aýtdylar. Bu baýramçylyk ýurtda 2007-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda -- täze kitaphananyň binýadynyň ilkinji daşynyň goýlan gününde bellenilip başlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki döwürlerden bäri döwletiň ösüşi we häzirki wagtda garaşsyz Täjigistanyň ösüşi barada gürrüň berýän pannonyň taryhy mazmuny bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Şonda täjik halky tarapyndan uly hormat goýulýan, täjikleriň döwletini esaslandyran we ilkinji baştutany Ysmaýyl Samaniniň hökümdarlyk eden döwrüne aýratyn üns berildi. Şol döwürde täjik ylmy, medeniýet we sungat has-da ösüpdir. Hünärmenler pannoda ýigriminji asyra we täjik döwletiniň garaşsyzlyk döwrüne degişli taryhy ýagdaýlaryň şöhlelendirilendigini aýdyp, Täjigistanyň medeniýet işgärleriniň Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen giňden gatnaşýandygyny bellediler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň Milli kitaphanasynda saklanýan gadymy golýazmalar zalyna barýar. Ýeri gelende aýtsak, olaryň arasynda türkmen taryhyna we medeniýetine degişli bolan gadymy golýazmalaryň hem bolmagy buýsançly ýagdaýdyr. Kitaphanada saklanýan täsin eksponatlaryň arasynda miniatýura görnüşindäki Gurhan, “Muhammet Pygamberiň ömür beýany”, Ferdöwsiniň “Şanama” poemasynyň 15-nji asyra degişli ýazgysy we beýlekiler bar.

Aýratyn gyzyklanma döredýän kitaplaryň birinde – “Gündogaryň şygryýetiniň antologiýasynda” Gündogaryň beýik şahyrlarynyň, şol sanda Hafyzyň, Saadynyň, Rumynyň, Jamynyň, Rudakiniň, Omar Haýýamyň we bu ajaýyp şahyrlaryň toplumyna goşulýan türkmen şahyry Andalybyň goşgulary ýerleşdirilipdir. Andalybyň eserleri türkmen we pars dillerinde çap edilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsin eksponatlar bilen tanyşlykdan soňra, köp sanly ylmy, ensiklopedik, täjik halkynyň ajaýyp şyhsyýetlerine, dostlukly ýurduň täze taryhyna bagyşlanan çeper we jemgyýetçilik-syýasy neşirleriň goýlan zallaryna baryp gördi. Bularyň arasynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösüşiniň tapgyrlaryny beýan edýän maglumatlar bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany Türkmenistana bagyşlanan ekspozisiýa bilen tanyşydyrldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, täjik we dünýäniň beýleki halklarynyň dillerinde neşir edilen kitaplary goşuldy. Türkmen Lideriniň bu ylmy işlerinde we çeper eserlerinde, şeýle hem türkmenleriň taryhyna, medeniýetine we milli sungatyna bagyşlanan kitaplarda okyjylara türkmen halyçylygynyň täsin galdyrýan ýörelgeleri, meşhur ahalteke bedewleri, milli türkmen aşhanasy we beýlekiler barada gürrüň berilýär. Kitaphanangyň direktorynyň sözlerine görä, bu kitaplar okyjylar tarapyndan has köp isleg bildirilýän neşirlerdir. Şeýle hem bu ýerde beýik türkmen şahyry – akyldar Magtymguly Pyragynyň täjik diline terjime edilen eserleri goýlupdyr. Şahyryň 290 ýyllygy ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäkleriniň daşynda, şol sanda doganlyk Täjigistanda giňden bellenilýär. Galyberse-de, bu ýerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki Garaşsyz Türkmenistana bagyşlanan dürli edebiýat ýerleşdirilipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň sergi zallaryndaky ekspozisiýalar bilen tanyşlygynyň ahyrynda, maslahat geçirilýän zala barýar. Türkmen Lideri milli kitaphananyň işgärlerine we direktoryna Täjigistanyň esasy kitaphanasynyň taryhy hem-de bu ýerde gymmatly ruhy mirasy aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada gyzykly gürrüň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirip, kitaphananyň ululygynyň, onuň baý gaznalarynyň, bu ýerde okyjylar üçin döredilen şertleriň galdyran täsirleri barada aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany Gündogaryň halklarynyň durmuşynda kitabyň möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigine şaýatlyk edýän gymmatly kitaplar bilen uly gyzyklanma bildirip tanşandygyny kanagatlanma bilen bellledi. Türkmen Lideri kitabyň ähmiýetiniň örän uludygyny hem-de 21-nji asyrda tehniki ösüşiň maglumat almak üçin çäksiz mümkinçilikleri döredýändigine garamazdan, kitabyň adamlaryň medeni derejesini beýgeltmekde, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlara kitaphanalaryň asyrlaryň dowamynda Gündogarda möhüm orny eýeländigi barada durup geçmek bilen, türkmenleriň gadymy döwürlerden bäri kitaplara örän aýawly garap gelendigini, Türkmenistanyň çäginde: Parfiýa patyşalygynda, şeýle hem Seljuk hökümdarlarynyň döwründe Gadymy Merwde göçme kitaphanalar bilen bir hatarda iri kitaphanalaryň hem bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz kitaphana bilen bagly işiň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda täze kitaphanalaryň gurulmagyna uly ähmiýet berýäris diýip belledi. Türkmenistanyň kitaphanalary türkmen jemgyýetiniň durmuşynda adamzat gymmatlyklarynyň saklanýan ýerleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iri ylmy merkezler hökmünde hyzmat edýär. Olara türkmen halkynyň baý taryhy - medeni mirasyny öwrenmek we dünýäde wagyz etmek işinde aýratyn orun degişli bolup durýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli kitaphanasynda elektron neşirleri hasaba alanyňda 10,5 million neşirleriň, şol sanda çap önümleriniň 5 milliondan gowragynyň bardygyny belledi. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy halkara derejesinde kitap alyşylmagyny işjeň ýagdaýda amala aşyrýar, daşary ýurtlaryň kitaphanalarynyň we guramalarynyň onlarçasy bilen hyzmatdaşlyk edýär, olaryň hatarynda Täjigistanyň Milli kitaphanasy hem bar. Türkmenistanyň Baştutany bu barada durup geçip, doganlyk türkmen we täjik halklarynyň ruhy mirasyny jikme-jik öwrenmek we dünýäde wagyz etmek maksady bilen, şu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýetlidigini nygtady.

Soňra bolup geçen duşuşyk barada ýatlama hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy hem-de Magtymguly Pyragynyň täzelikde çap edilen eserleriniň nusgalaryny Täjigistanyň Milli kitaphanasyna sowgat hökmünde gowşurdy. Türkmen Lideri biziň doganyk halklarymyzyň dostlukly we ruhy gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, täjikleriň umumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna önjeýli goşant goşan beýik türkmen şahyry-akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli biziň baýramçylygymyza goşulýandygyny görkezmegiň örän buýsançlydygyny belledi.

Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň direktory sowgady hoşallyk bildirmek bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kitaphananyň işgärlerine kitaphanada dostlukly Türkmenistanyň Baştutanyny kabul etmäge mümkinçiligiň dörändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen Lideri tarapyndan sowgat berlen täze kitaplaryň kitaphananyň gaznalarynda mynasyp orny eýelejekdigine hem-de okyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýän beýleki türkmen neşirleri ýaly aýawly saklanjakdygyna ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň direktory we işgärleri bilen mähirli hoşlaşyp, täjik paýtagtynyň bezegine öwrülen “Nowruz” köşgüne tarap ugraýar. Bu täze bina ýakyn geljekde Duşenbe şäheriniň gözellikleriniň birine öwrüler.

“Nowruz” köşgüniň gurluşygyna 2009-njy ýylda badalga berildi. Häzir bina ulanmaga doly taýýar edilip, ony şu ýylyň sentýabrynda Täjigistanyň döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine gabatlap açmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Köşgüň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde türkmen Liderini kärdeşi -- Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon mähirli garşylaýar.

Bu täze bina barlyp görülmeginiň özboluşly manysy bar, çünki döwlet Baştutanymyz häzirki zaman şähergurluşygy babatda uly hünärmen hökmünde dünýäde bellidir we binagärlik we bezeg babatda täzeçillik pikirlerine mynasyp baha bermegi başarýar. Özüniň binagärlik keşbi bilen myhmanlary haýran galdyrýan, dünýäniň binagurluşyk sungatynda deňi-taýy bolmadyk ak mermerli Aşgabat şäherini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden eseri diýip atlandyrsak öte geçdigimiz bolmaz. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýar. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň maýynda türkmen paýtagtyny ösdürmekde, ýurdumyzyň şähergurluşygyna ägirt uly goşant goşmakda bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly hyzmatlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly at dakyldy.

Iki döwletiň Baştutanlary “Nowruz” köşgüne girýärler. Bu ajaýyp bina täjik halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda saklanyp gelýän binagärlik we gurluşyk ýörelgelerine eýermek hem-de döwrebap gurluşyk senagatynyň täze gazananlaryny ulanmak arkaly gurulýar. Ol ýerasty gatlaryň ikisinden we ýeüsti gatlaryň üçüsinden ybaratdyr. “Nowruz” köşgüniň binasynda dürli zallaryň 12-si bar, bularda birbada iki müňden gowrak adam ýerleşip biler. Olaryň arasynda dört sany uly, esasy zallar hem bar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon binanyň birinji gatynda ýerleşýän uly maslahatlar zalyna baryp görýärler. Täjigistanyň Prezidenti öz belent mertebeli myhmany -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy milli täjik binagärliginiň ýörelgelerine görä gurlan bu ajaýyp zalyň dizaýny bilen tanyşdyrýar.

Soňra dostlukly döwletleriň Liderleri halkara derejesindäki maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen zalyň dizaýnynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar hem-de “Nowruz” köşgüniň ikinji gatynda ýerleşýän zallary hem gözden geçirdiler.

Täjigistanyň Prezidenti Köşgüň uly zallarynyň 4-siniň her biriniň dizaýnynyň özboluşlylygy bilen tapawutlanýandygy barada gürrüň berdi. Birinji zal täjik suratkeşleriň eserleri bilen bezelipdir. Ikinji zalyň dizaýnynda Täjigistanyň daglyk ýerlerinden getirilen köp sanly doly gymmat bahaly bolmadyk köp sanly daşlar ulanylypdyr. Olaryň arasynda meşhur Badahşan lazuriti, dürli reňkdäki mermer, granit we beýleki daşlar ulanylypdyr. Üçünji uly zal haşamlanan agaç bilen bzelipdir, şunda 4 müňden gowrak agaçlaryň baldaklary ulanylypdyr. Şekilleriň hiç biri-de gaýtalanman, owadanlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Dördünji zal ak toýundan edilen örtüklerde çekilen suratlar bilen bezelipdir, bular aýnalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu zalyň gümmeziniň boýy 38 metre barabar. Agaçdan, daşlardan we beýleki materiallardan edilen we köşgüň dürli jaýlaryny bezemekde ulanylan örtükleriň aşagynda-da aýnalar goýlupdyr.

“Nowruz” köşgünde başga-da orta we kiçi zallaryň ençemesi bar, bular ýokary ussatlyk bilen bezelipdir. Olaryň arasynda aýnaly kiçi zal bar. Köşgüň bagynda telärler goýlupdyr, bular hem haşamlanan we surat çekilen daşlar, agaçlar, ak toýun we beýleki materiallar bilen bezelipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köşgi gurýan hünärmenleriň ussatlygyna we döredijiligine ýokary baha berdi, olar täjik binagärliginiň milli ýörelgelerini mynasyp derejede dowam etdirýärler.

Täze bina bilen tanyşlykdan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon täjik paýtagtynyň kyrk kilometr demirgazygynda ýerleşýän gözel Warzob jülgesine baryp, bu ýerde gezelenç etdiler.

Täjigistanyň bu gözel tebigy künjegi özüniň ajaýyp şarlawuklary we belent daglary bilen tanalýar. Türkmen Lideri dostlukly ýurduň tebigatynyň gözel künjegine haýran galandygyny aýdyp, Täjigistanyň tebigy mümkinçilikleriniň syýahatçylygyň dürli görnüşlerini, şol sanda ekologik syýahatçylygyny ösdürmekde we dürli tebigy gözellikler bilen tanyşmakda örän möhüm ähmiýetlidigini belledi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi – Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen mähirli hoşlaşdy we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Duşenbe şäheriniň halkara howa menziline ugrady. Şol ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenistana tarap ugur aldy.

Az salymdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Asylly däbe görä, şu gün Lebap welaýatyna iş sapary başlanýan türkmen döwletiniň Baştutanyny welaýatyň ýaşululary duz-çörek bilen garşylaýarlar. Milli lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar.

Döwlet Baştutany ýaşulular bilen söhbetdeş bolanda, welaýatdaky ýaşaýyş şertleri, adamlaryň gündelik iş-aladalary we hususan-da ýaş nesle terbiýe berilmegine degişli meseleler bilen jikme-jik gyzyklandy. Milli Liderimiz ýaşulalara dostlukly Täjigistana şu gün tamamlanan saparynyň netijeleri barada gürrüň berdi.

Öz gezeginde ýaşulalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýaty ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, tutuş ýurdumyzyň rowaçlygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyza gulluk etmek, dogduk Diýarymyzda parahatçylygy we asudalygy pugtaldandyrmak ugrundaky asylly işinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdiler.

Welaýatyň döredijilik toparlary milli Liderimiz üçin döredijilik sowgadyny taýynlapdyrlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli çykyş edilendigi üçin artistlere minnetdarlyk bildirip, kabulhanasyna tarap ugrady.