Ï “Döwlet guşy” kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaras y
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Döwlet guşy” kitabynyň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabaras y

view-icon 1282
Pekin, 11-nji maý (TDH). Şu gün, Dýaoýuýtaý döwlet kabulhanasynyň “Fengfei” mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Döwlet guşy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Hytaýa döwlet saparynyň başlanmagyna gabatlanyp geçirilen Türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýao Sinhua, Ählihytaý syýasy geňeşiň başlygynyň orunbasary Su Rong, Hytaýyň daşary işler ministriniň orunbasary Çen Guopin, Hytaýyň iň iri kompaniýalarynyň biri СNPС kompaniýasynyň wise-prezidenti Wang Dongžin, şeýle hem HHR-iň döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň agzalary, HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Bu waka bütin dünýäde Türkmenistana we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işine, döredijiligine bildirilýän ýokary gyzyklanmalaryň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.


Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly döredijiligi, eserleri, ylmy goldanmalary, köp jiltli düýpli işleri görkezilýän kitap sergisi bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň “Bereketli türkmen saçagy”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ösüşiň belentliklerine tarap”, “Janly rowaýat”, “Türkmenistan - melhemler mekany” ýaly kitaplary bar. Şeýle hem sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýupdumyzda durmuşa geçirilýän, döwletimiziň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler bilen tanyşdylar.

Dabara gatnaşyjylar üçin türkmen zergärleri tarapyndan döredilen zergärlik önümleriniň sergisi guraldy. Ahalteke bedewleri üçin kümüşden we altyndan taýýarlanylan dürli şaý-sepler myhmanlaryň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Elde taýýarlanylan milli türkmen lybasy serginiň bezegine öwrüldi.

Dabaraly çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň hytaý diline terjime edilen täze kitaby iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar diýip bellediler. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e şu gezekki sapary biziň ýurtlarmyz üçin strategiki ähmiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berer we ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

Türkmenistan öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda milli bähbitlerine laýyk gelýän döredijilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, durmuş-ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy. Bular barada aýtmak bilen, Ählihytaý syýasy geňeşiň başlygynyň orunbasary jenap Su Rong Hytaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň ylmy garaýşlaryna we dünýäniň köp dillerine terjime edilmegi we dürli ýurtlarda neşir edilmegi netijesinde ýer ýüzünde giňden meşhur bolan kitaplarynyň çuňňur filosofiýasyna haýran galýandyklaryny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň“Döwlet guşy” romanynda hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ykbalynyň 1941-1945-nji ýyllardaky ýowuz pursatlary beýan edilýär. Kitapda beýan edilýän anyk wakalar türkmen halkyna mahsus bolan watançylyk, edermenlik, tutanýerlilik ýaly ýokary ahlak häsiýetlerini wasp edýär diýip, Ählihytaý syýasy geňeşiniň başlygynyň orunbasary aýtdy.


Soňra indi köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda üstünlikli işleýän CNPC (HHR) kompaniýasynyň wise-prezidenti jenap Wang Dongžin çykyş edip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn tagallalary netijesinde döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi. Beýik Ýüpek ýoly diýlip atlandyrylýan ugur boýunça HHR-a ugradylýan türkmen gazynyň esasy ugruny üpjün edýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi uzakmöhletleýin esasda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu transmilli gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy.

Gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklary ösdürmek babatda bu günki çäräniň uly ähmiýete eýedigini aýtmak bilen, oňa gatnaşyjylar “Döwlet guşy” kitabynyň hytaý diline terjime edilmeginiň ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, şol sanda türkmen-hytaý medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam berjekdigini bellediler. Mundan başga-da, Hytaýyň köp sanly okyjylaryna Garaşsyz, Bitarap türkmen döwleti baradaky bilimlerini has-da ösdürmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyz barada giňişleýn maglumat almaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy-Mälikguly Berdimuhamedowyň ykbaly barada gürrüň berýän “Döwlet guşy” romany onuň durmuşyndaky anyk wakalara esaslanýar. Çeper eser milli Liderimiziň kakasynyň çagalygyndan bir ýarym ýyl döwri öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyzyň atasy Berdimuhammet Annaýew 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gidensoň milli Liderimiziň kakasy maşgala jogapkärçiligini öz üstüne alyp, öndürijilikli zähmete berilýär. Oba adamlaryna kömek edýär. Hormatly Prezidentimiz kitabynyň sahypalarynda Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň pursatlaryny şol gazaply 40-njy ýyllardaky türkmen jemgyýetiniň ýagdaýynyň üsti bilen ussatlarça şöhlelendirýär. Kitapda mähriban künjek, şol döwrüň adamlary, olaryň däp-dessurlary, adamlaryň birek-birege, tebigata, pederlerimiziň mirasyna bolan gatnaşygy beýan edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň kitabyň sözbaşynda belleýşi ýaly, onuň kakasy gaýduwsyzlyk bilen kynçylyklary ýeňip geçýär we milli Liderimiz üçin edermenligiň, durmuşa bolan belent söýginiň, ahlak tämizligiň, beýik ruhuň, borja we pederleriň wesýetlerine wepalylygyň nusgasyna öwrülýär. Munuň özi milli Liderimiz üçin her bir çylşyrymly pursatda uly goldawdyr. “Men ähli kynçylyga gaýduwsyzlyk bilen hötde gelen, oba adamlaryna kömegini gaýgyrmadyk, beýik gahrymançylyk görkezen kakama bimöçber buýsanýaryn ... Kakamyň geçen durmuş ýoly meniň üçin uly mekdebe, onuň ruhy-ahlak häsiýetleri baş ýörelgä, durmuşymyň uly mekdebine öwrüldi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow romanda belleýär.


Döwlet Baştutanymyzyň çagalyk ýyllaryndan başlap öz kakasy we onuň ömür ýoly barada ähli gyzykly hem-de çuňňur manyly gürrüňleriň toplanmagyndan döredilen kitabynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu ýerde çykyş edenler romanda Watana we halka gulluk etmek ýaly mukaddes işe ýüregi bilen berlen adamynyň nurana, belent we asylly keşbi hemmetaraplaýyn açylýandygyny bellediler. Berdimuhamet Annaýewiň we Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýoly Türkmenistanyň ýaş nesilleri üçin watansöýüjiligiň, halal zähmetiň, ahlak tämizligiň we maksada okgunlylygyň anyk nusgasy bolup durýar. Türkmen ýaşlaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun degişlidir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.