Ï Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri

view-icon 867
Şu gün bu ýerde, Hytaýyň paýtagtynda düýn Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşikler üstünlikli geçirildi.

Ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmennistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostlugy hem-de deňhukukly strategiki hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgeler esasynda guralýan özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolundaky täze taryhy ädime öwrüldi. Muňa şol saparyň netijesinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi aýdyň şaýatlyk edýär, bu resminamalar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň köp sanly ugurlaryň ählisi boýunça işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Şeýlelikde, bu gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze we möhüm ähmiýetli sahypany ýazdy, bu gatnaşyklary özara bähbitlere, şeýle hem döredijilige, yzygiderli ösüşe we rowaçlyga mahsus umumy maksatlara laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk edilmeginiň oňat mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Şu gün irden, ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň aerokosmos ylmy we senagaty korporasiýasynyň (CASIC) merkezi edarasynyň binasyna baryp, bu ýerde bu korporasiýanyň ýolbaşçylary we CASIC-iň önümi bilen tanyşdy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Pekiniň merkezi meýdançasyna –Týananmene, Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýüne bardy, şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi ýagdaýda garşylamak dabarasy boldy.

Türkmen Lideriniň awtoulagy Halk Ýygnaklary öýüniň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostluga mahsus ýagdaýda görüşýärler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar hem-de ýörite goýlan münberlere geçýärler. Toplaryň gümmürdileriniň astyndaTürkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň rotasynyň ýolbaşçysy dabaraly ýagdaýda raport berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin esgerleriň hatarlaryny synlaýarlar.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlaryny hytaýly mekdep okuwçylary uly şatlyk bilen mähirli mübärekleýärler, olaryň ellerinde gül desseleri we iki ýurduň döwlet baýdaklary bar.

Belent mertebeli myhmanyň resmi ýagdaýda kabul edilmegine bagyşlanan dabara hormat garawulynyň rotasynyň esgerleriniň meýdançada dabaraly ýörişi bilen tamamlandy.

Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hytaýyň Halk Ýygnaklary öýüne barmaga çagyrýar, bu ýerdäki kiçi “Günorta zalda” gepleşikler geçirildi.

HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaýda bu sapara uly ähmiýet berilýändigini hem-de däbe öwrülen dostlukly döwletara gepleşikleriniň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny belledi. Hytaýyň Lideri HHR-iň Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen ugra ygrarlydygyny tassyklap, şu gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygygyň ähli ugurlary boýunça bar bolan örän uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine göwnaçyklyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Hytaýa möhüm ähmiýetli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Türkmen döwletiniň Baştutany şu saparyň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň we strategiki hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi we onuň okgunly ösüşe eýedigini aýtdy.

Döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolşy ýaly, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we HHR-iň Baştutanlary ozal baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna aýratyn üns berip, ýakyn we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan möhüm ugurlary aýdyňlaşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy we beýleki ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlugy Si Szinpin gumanitar ugur boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini we çuňlaşdyrylmalydygyny aýtdylar.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda taraplar sebit we halkara derejesindäki özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ikitaraplaýyn, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini bellediler.

Soňra gepleşikler uly “Gündogar zalynda” giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalaryna ýene bir ýola hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy gepleşikleriň türkmen we hytaý haklarynyň hoşniýetli erkine hem-de bozulmaz dostluk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen bagylykda, HHR-iň baştutany ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň özara peýdaly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we onuň geljekki meýilnamalaryny kesgitlemäge oňyn mümkinçilik döredendigini belledi.

Şunuň bilen bagylykda. Si Szinpin möhüm häsiýete eýe bolan ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şunlukda, HHR-iň baştutany Hytaý tarapynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tasssyklady.

Söwda-ykdysady ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny we başga-da, birnäçe pudaklary, şeýle hem medeni-gumanitar ugry türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlemek bilen, HHR-iň baştutany Türkmenistanyň we Hytaýyň uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara jogap bolup durýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Hytaýyň Türkmenistan bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny aýtmak bilen, Si Szinpin tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpine we hytaýly hyzmatdaşlaryň ählisine göwnaçyk ýagdaýda kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hytaýa şu döwlet saparynyň esasy maksadynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, şunda ähli mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmak üçin täze, has amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň sentýabrynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Jarnama gol çekmek arkaly, hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejä ýetirendigini hem-de bu hyzmatdaşlygyň özara düşünişilmegine we ynama mahsus häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar we geljekki mümkinçilikler, şeýle hem ählumumy ösüşe degişli meseleler boýunça garaýyşlarda dolulygyna özara düşünişýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, yzygiderli ýagdaýda ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, häzirki döwürde terrorçylyk, ekstremizm we separatizm ýaly howplara we wehimlere garşy göreşe degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň we HHR-iň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagynyň ýa-da biri-birine laýyk gelmeginiň möhüm ähmiýetlidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany syýasy ugur boýunça döwletara gepleşiginiň hemişe ýokary derejä we netijeli häsiýete eýedigini nygtap, munuň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Hytaýyň Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesine we döwletimiziň şol derejä esaslanýan daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna we biziň halkara başlangyçlarymyzy oňlaýandygyna ýokary baha berýäris diýip aýtdy. Öz gezeginde, türkmen döwleti hytaýly hyzmatdaşlar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäkleriniň bitewiligine we bölünmezligine degişli meseleler boýunça öz pikirini elmydama dürs we aýdyň beýan edýär hem-de hemişe “bitewi Hytaý” syýasatyna berk eýerer.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip, Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary bolmak bilen, sebitleýin hyzmatdaşlygyň netijeli usullarynyň döredilmegine uly goşant goşýandygyny hem-de şu ugurda bar bolan netijeli başlangyçlary oňlaýandygyny belledi. Iki döwletiň daşary syýasata degişli garaýyşlary, maksatlary we wezipeleri meňzeşdir, munuň özi taraplara halkara derejesinde, şol sanda iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Hytaýyň ýolbaşçylygyna Türkmenistanyň, hususan-da, energetiki howpsuzlyga hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda üstaşyr geçirilmeginiň üpjün edilmegine degişli halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň ýurdumyz abraýly halkara guramalarynyň (düzümleriň?) hataryna saýlanan mahalynda, Türkmenistany giňden goldaýandygyna ýokary baha berilýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň halkara derejesinde ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýyndygyny tassyklady.

Türkmen Lideri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meselelere geçip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky birnäçe ýylyň dowamynda iki döwletiň şu ugurda uly üstünlikleri gazanandygyny kanagatlanma bilen belledi. Diňe bir 2007-2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy hem-de geçen ýylyňi netijeleri boýunça bu görkeziji ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna golaý boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haryt dolanyşygy boýunça Hytaýyň Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda birinji orny eýeleýändigini hem-de şu görkezijini yzygiderli we sazlaşykly ösdürmek üçin ähli esaslaryň bardygyny aýtdy. Şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň barha artýan mümkinçiliklerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary göz öňünde tutanyňda, Türkmenistanda we HHR-de ýakyn bäş ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini ABŞ-nyň 20 milliard dolaryna ýetirmek üçin ähli şertleriň bardygyny belledi.

Ýangyç-energetika ulgamyndaky özara arkalaşykly hereket türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda esasy orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, gysga möhletlerde gurlan türkmen-hytaý gaz geçirijisiniň ýakyn 10 ýyldaky hyzmatdaşlygyň strategiki esasy hökmünde möhüm ähmiýetlidigini hem-de bu transmilli ýangyç geçirijiniň Aziýada durnukly geosyýasy we ykdysady ösüşe degişli möhüm ýagdaýa öwrüljekdigini belledi. Şuguň bilen birlikde, gaz geçiriji bu taslamanyň amala aşyrylmagyna gatnaşan ähli ýurtlara ep-esli girdeji getirýär. Onuň netijeli ulanylmagy eýýäm 2013-nji ýylda her ýylda Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini 25 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üçünji şahasynyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň we onuň dördünji şahasynyň gysga möhletlerde (ýakyn wagtda?) başlanmagynyň iberilýän “mawy ýangyjyň” möçberlerini ylalaşylan derejä, has takygy, ýylda 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we diwersifikasiýa edilmegini möhüm meseleleriň hatarynda görkezip, degişli çäreleri amala aşyrmak üçin, iki ýurduň döwlet edaralary bilen birlikde, bu işe hususy telekeçileriň işjeň ýagdaýda çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany sebit derejesinde iki döwletiň arasynda gös-göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berilmelidigini belledi. Türkmen Lideri şu gün Türkmenistanyň we HHR-iň birnäçe welaýatlarynyň we şäherleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky ylalaşyklara gol çekiler diýip nygtady. Munuň özi özara peýdaly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilýändigine, bu hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň sanynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze we geljegine uly umyt baglanýan ugurlary barada aýdyp, kosmos giňişliginiň öwrenilmegini we onuň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagyny şeýle ugurlaryň biri hökmünde görkezdi, munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlaryny işjeň ýagdaýda ulanmak esasynda mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri hytaý tarapyna şu ugur boýunça hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hem bilelikde hereket etmegiň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Globallaşmagyň häzirki zaman şertlerinde amatly ulag gatnawynyň ýola goýulmagy, ulag ugurlarynyň döredilmegi barha uly ähmiýete eýe bolýar. Bu mesele dünýä ykdysadyýetiniň esasy şertine öwrülýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý üçin bilelikdäki ulag strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin oňat mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam bildirdi.

Biziň iki döwletimiziň, beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda Gündogar-Günbatar üstaşyr ulag geçelgesiniň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda bilelikde hereket edmegiň ugurlaryny kesgitlemäge we bu hyzmatdaşlygy tertipleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamany taýýarlamak we gol çekmek taraplaryň ikiksi üçin hem bähbitli bolardy. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hataý Halk Respublikasynyň wekiliýetini şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňky ýyllarda medeni-gumanitar ulgamda döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji nobatda bilim ulgamynda bilelikde hereket etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňden gowragy bilim alýar. Bu ýaş nesle iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we köp asyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen biziň başlan asylly işlerimizi dowam etdirmek ýaly belent wezipeler garaşýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Hökümetine türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli bilim almagy üçin zerur şertleriň döredilýändigine minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Iki ýurtda geçirilýän dürli halkara medeni çärelerine – maslahatlara, festiwallara, ylmy-amaly maslahatlara, duşuşyklara, syýahatçylyk sergilerine we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin wekiliýetleriň yzygiderli ýagdaýda alşylmagy hem asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlara mysal hökmünde häzirki saparyň çäklerinde HHR-e gelen Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde şeýle hem köpsanly medeniýet we sungat işgärleriň bardygyny, olaryň bu ýerde geçiriljek medeni çäreleri guramaga we geçirmäge gatnaşjakdyklaryny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli Hytaýda hem birnäçe çäreleriň geçirilendigi buýsançly ýagdaýdyr diýip, türkmen Lideri Hytaý tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi.

“Biz mundan beýläk hem iki döwletiň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam ederis, bu gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys diýip”, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra türkmen Lideri sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň üstünde aýratyn durup geçmek bilen biziň ýurdumyzda ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giňmöçberli çäreleriň geçirilýändigini nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňdebaryjy hytaý hünärmenleri bilen HHR-de iri halkara sport ýaryşlaryny guramakda we geçirmekde toplanylan baý tejribäni öwrenmek maksady bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ähli aýdylanlary jemlemek bilen, häzirki wagtda HHR bilen bilelikde durmuşa geçirilýän giňmöçberli taslamalaryň biziň ýurtlarymyzyň ikisiniň hem geljege ynamly garaýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Ol taslamalar şeýle hem ýygjam türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan we Hytaý ol kuwwatlyklaryň iki halkyň bähbitlerini, ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirmegi maksat edinýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda HHR-iň ýolbaşçy düzümine we aýratyn-da Hytaýyň Başlygy Si Szinpine däp bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryna berýän yzygiderli ünsi we ägirt uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra, Halk Ýygnaklar Öýüniň “Hebeý” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmagy astynda Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakynda Bilelikdäki Jarnama we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň 2014-2018-nji ýyllar üçin Ösüş meýilnamasyny kabul etmek hakynda Beýannama gol çekdiler.

Şeýle hem uzakmöhletleýin geljege gönükdirlen türkmen-hytaý gatnaşyklaryna hil taýdan täze depgin bermäge ýardam etjek möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda tebigy gaz babatda durnukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; “Türkmenistan-Hytaý” gazgeçirijisini howpsuz we durnukly ulanmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Ulaglar babatda hyzmatdaşylk etmegiň esasy ýörelgeleri barada Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ulaglar ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalygy babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda çarçuwaly Ylalaşyk, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň häkimligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun welaýatynyň halk hökümetiniň arasynda Ylalaşyk; Mary şäheriniň (Türkmenistan) we Sian şäheriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Mary şäheriniň häkimligi bilen Sian şäheriniň munisipalitetiniň arasynda Ylalaşyk; Türkmenabat şäheriniň (Türkmenistan) we Žiçžao şäheriniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Türkmenabat şäheriniň häkimligi bilen Žiçžao şäheriniň munisipalitetiniň arasynda Ylalaşyk; «Türkmen atlary» Döwlet birleşigi (Türkmenistan) bilen Hytaýyň atçylyk assosiýasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda atçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet iş banky bilen Hytaýyň eksport-import bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk we beýlekiler bar.

Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň saldamly toplumy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi bermek bilen, bu hyzmatdaşlygyň anyk netijelere gönükdirilen strategiki häsiýetini tassyklady.

Soňra şol zalda iki döwletiň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

HHR-iň Başlygy öz çykyşynda geçirilen gepleşikleriň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolandygyny belledi. Onuň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy we onuň geljegini, gazanylan möhüm ylalaşyklary nazara almak bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.

Şunlukda, HHR-iň baştutany binýadynda köp asyrlyk dostluk däpleri hem-de özara peýdaly uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň esaslary durýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga özara düşünişmek we ynanyşmak babatda ýokary derejä eýe bolandygyny belledi. Hytaýyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge meýillidigini tassyklamak bilen, Si Szinpin şu gün türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmaga gönükdirilen resminamalar bukjasyna gol çekilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda. söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, beýleki geljegi uly ulgamlarda, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly hem-že oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

HHR-iň Başlygy döwletara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýokary derejede geçiririlen türkmen-hytaý duşuşygynyň netijeleri barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylan, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenen, şeýle hem ikitaraplaýn gyzylanma bilidrilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar guralan gepleşiklere ýokary baha berdi.

Şunlukda, milli liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara türkmen-hytaý gatnaşyklaryna mahsus birek-birege ynanyşak we duşunişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli we anyk häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşyk Türkmenistanyň we Hytaýyň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýillerini beýan etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu gepleşikler geljek onýyllyklara gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň düýp many-mazmunyny kesgitledi we iki ýurduň, halklaryň özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan ugra ygrarlydygyny tassyyklady.

Deňhukuklylyk esasda ýola goýulýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň okgunly we sazlaşykly häsiýete eýedigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolnyşygy yzygiderli artýar, medeni-gümanitar we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň birnäçe ugurlary boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz hytaý bilen halkara giňişliginde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan we Hytaý halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşyk edýär. Şeýle hem olar netijeli çözgutleri kabul etmek hem-de olary durmuşa gerçirmek maksady bilen, alnyp barýalyn syýasy – diplomatik işleri utgaşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsieti Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň bähbitine laýyk gelýär hem-de Ýewraýiza yklymynda we tutuş dünýäde bar bolan ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyzy aýtdy.

Hytaýyň Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesine we ol derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna hem-de biziň ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň birnäçe möhüm meseleleri boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow belledi. Türkmenistan Hytaý üçin möhüm meseleler, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewiligine hem-de bölünmezligine degişli meseleler boýunça öz ornuny anyk we aýdyň beýan edýär, diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hytaý bilen möhüm hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly biziň ýurdumyz HHR bilen Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde dürli ugurlar boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri dörermekde netijeli gatnaşygy alyp barýar diýip, milli Lideirmiz sözüni dowam etdi. Türkmen we Hytaý Halk Respubilkasy mundan beýläk-de döwrüň wehimlerine garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, separatizme, serhetüsti guramaçyklykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly mesellerer boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge meýillidirler, Şunuň ýaly gatnaşyklaryň sebitde durnukly ösüşiň gazanylmagynda möhüm ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň belleýşi ýaly, taraplar ýangyç-energetika toplumyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada ylalaşdylar we türkmen tebigy gazyny Hytaýa ýyllda 65 kub metre çenli bolan möçberlere ýetirmek babarda ylalaşylan möhletde ýetirmäge taýýardygyny bellediler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurtlar söwda dolanyşygyny we maýa goýum gatnaşyklarynyň möçberlerini artdyrmaga uly ähmiet berýär diýip belledi. Mundan başga-da, innowasion tehnologiýalary ulanmaga esaslanýan pudaklarda, hususan-da, kosmosy özleşdirmek we telekommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmeklige aýratyn ähmiýet beriläýr.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezip, milli Liderimiz Gurbanugly Berdimuhamedow bu meselede iki ýurduň hem Gündogar-Günbatar ugry boýunça yklym ähmiýetli häzirki zaman düzümini kekmala getirme üçin ähli mümkinçlikleriniň bardygyny nygtady.

Gepleşikleriň barşynda gumanitar ulgamdaky, medeniýet, bilim we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklara giňeltmäge ýardam bermek, iki ýurduň arasynda bu ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz beledi.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Hytaýa häzirki döwlet saparynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary geljegi nazarlaýar we ähli ugurlar boýunça yzigiderli ösdüriler. Iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän bu gatnaşyklar parahatçylygy, durnukly ösüşi we Aziýa yklymynda ykdydsady ösüşi saklamakda möhüm şert bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzy çykyşynyň ahyrynda dostlukly Hytaý halkyna iň gowy arzuwlary aýtdy.

Şol gün iki ýurduň Liderleri Halk Ýygnaklar Öýüniň uly maslahatlar zalynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyiýanyň göçme mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Sisinpin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna resmi agşamlyk nahar berdi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we HHR-iň Baştutanlary seýilgäh toplumynyň “Taýmýamo ” ybadathanasyna tarap ugradylar. Iki ýurduň Liderleri ol ýerde “Ahalteke bedewleriniň agşamy” atly ajaýyp dabara tomaşa etdiler.

Dabara tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar we ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny has-da pugtalandyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.