Ï Magtymgulynyň koreý dilindäki eserler ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň koreý dilindäki eserler ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy

view-icon 1123
Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli şanly baýramçylyk dabarasynyň öňüsyrasynda onuň eserleriniň koreý diline terjime edilen ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlary arasyndaky Dostluk assosiasiýasynyň wekillerinden düzülen döredijilik topary Aşgabada geldi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty bilen Koreýa Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçiren medeni çäresi “Oguzkent” myhmanhanasynda boldy. Oňa ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Medeniýet minsitrliginiň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ylym, medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyşy dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Magtymguly Pyragynyň koreý diline terjime edilen ýygyndysynda şahyryň şygyrlarynyň 600-e golaýy ýerleşdirilipdir. Beýik söz ussadyna we akyldar şahyra goýulýan sarpa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni-gumanitar gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi eserleri dünýä medeniýetiniň hazynasyna goşulan türkmen halkynyň beýik oglunyň edebi hem-de pelsepe mirasynyň giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrýan ýagdaýdyr. Mähriban Watana bolan gyzgyn söýgüni, türkmen halkynyň arzuw umytlaryny, belent adamkärçilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahyrana eserler häzirki döwürde dünýäniň dürli dillerinde täze joşgun bilen ýaňlanýar we ol halklaryň ýakynlaşmagynyň we birek-birege düşünişmeginiň ruhy baglanyşygyny emele getirýär.


Özüniň beýik eserlerinde parahatçylygyň, hoşniýetliligiň we dostlugyň ýörelgelerini giňden wasp eden türkmen halkynyň beýik ogluny hatyralamak işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şahyryň ýubileý ýylynda dürli medeni çäreler, ylmy maslahatlar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ylmy konferensiýanyň, şeýle hem şahyryň goşgular ýygyndysynyň şanly sene mynasybetli koreý dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi baýramçylyk çäreleriniň özboluşly dowamyny alamatlandyrdy.

Şu günki geçirilen tanyşdyrylyşy dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi An Mýong Su hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halklaryň arasynda medeni alyş-çalyşmalar syýasatyny alyp barýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu günki çäräniň Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, türkmen-koreý gumanitar gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen milli bezeg aýratynlyklaryny ulanmak arkaly ýokary poligrafiýa usulynda neşir edilen Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar ýygyndysy meşhur çeper sözüň ussadynyň muşdaklarynyň we oňa hormat goýýanlaryň has-da artmagyny şertlendirdi. Bu neşir koreý okyýjylar üçin ajaýyp sowgat bolmak bilen olara beýik türkmen şygyrýetiniň ümmülmez dünýäsini açdy.