Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi

view-icon 738
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň medeniýet ministri Asmik Pogosýany kabul etdi. Ol ählihalk baýramçylygy – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralara, şeýle hem “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ministr Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň medeni gatnaşyklary ösdürmekde täze möhüm sahypany açandygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge hyzmat etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň döwlet baştutanyna hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Ermenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge uly üns berýändigini nygtady.

Medeni-gumanitar ulgamda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygyny ösdürmek söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň we Ermenistanyň halklarynyň asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän medeni we taryhy umumylygy şol hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolup durýar. Türkmen we ermeni halklarynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek maksady bilen medeni alyşmalary hem-de ylmy gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenilip, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda halkara forumlarynyň yzygiderli geçirilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, köpasyrlyk taryhyň dowamynda türkmen we ermeni halklary üçin medeniýetiň uly gymmatlyk bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Bu gymmatlyk bolsa milli aňy kemala getirmäge ýardam edýär. Çünki onuň esasynda jemgyýeti birleşdirýän, onuň medeni-ruhy durmuşyny baýlaşdyrýan ynsanperwerlik ýörelgeleri goýuldy. Milli medeniýetleri ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barada aýdylyp, medeni ulgamda hyzmatdaşlygyň dünýäniň ähli halklary bilen ysnyşykly dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmegi giňeltmek we pugtalandyrmak babatda ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Dostlukly halklaryň baý mirasyny, olaryň özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmek şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, myhman “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyň ähmiýeti barada durup geçip, türkmen döwletiniň jemgyýetçilik durmuşyndaky bu wakanyň sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýäniň dürli halklarynyň arasynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň nobatdaky ädimi boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ermenistanyň medeniýet ministri iki ýurduň arasyndaky uzakmöhletleýin ýörelgelere esaslanýan hem-de dostluk gatnaşyklary bilen berkidilen hyzmatdaşlygyň türkmen we ermeni halklarynyň abadançylygynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.