Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
Wagt tapyp kabul edendigi hem-de milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary şanly sene mynasybetli gutlamaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, russiýaly gubernator “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Myhman döwlet Baştutanymyzyň milli medeniýeti ösdürmek, ony halkara derejesinde giňden wagyz etmek işine ägirt uly goşant goşýandygyny nygtap, özüne ýokary sylagyň – Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medalynyň gowşurylmagy mynasybetli tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Astrahan oblastyny Türkmenistan bilen köpden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar bolsa uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Häzirki wagtda bu ýerde türkmenleriň köpsanlysy kowçum bolup ýaşaýar. Türkmen topragynyň beýik ogly bolan Magtymguly Pyragynyň pelsepewi we şygryýet mirasy ildeşlerimiz üçin döwürleriň hem-de nesilleriň aragatnaşygynyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda beýik türkmen şahyryna we akyldaryna uly sarpa goýulýar.
Beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna Astrahan şäherinde baýramçylyk dabaralary geçiriler. Myhman şol dabaralaryň köpugurly türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, has ysnyşykly ruhy-medeni gatnaşyklary we sebit hem-de umumydöwlet derejesinde gatnaşyklary ýola goýmaga saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şol gatnaşyklar bolsa häzirki wagtda özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, şol sanda gumanitar ulgam boýunça okgunly ösdürilýär. Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň Russiýanyň iri sebitlerinde bellenilýändiginiň türkmen we rus halklarynyň arasyndaky ruhy bitewüligiň we özara düşünişmegiň aýdyň mysalydygyny nygtap, Aleksandr Žilkini ýokary sylag bilen gutlady. Bu sylag oňa dostlukly goňşy halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň hemmetaraplaýyn özara baýlaşmagyna goşýan goşandy we tagallalary üçin gowşuryldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyny baglanyşdyrýan hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umuman, türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.