Ï Oba hojalygy howanyň üýtgeýän şertlerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalygy howanyň üýtgeýän şertlerinde

view-icon 675
>“Meteoçaklamalar we howanyň üýtgeýan şertlerinde däneli ekinleriň hasyllylygynyň monitoringi” atly duşuşyk türkmen we gazak meteorologlaryny Aşgabada ýygnady.

Paýtagtyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynda geçirilen maslahat beriji duşuşyk ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti bilen bilelikde hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýän BMGÖM “Howa howplaryny dolandyrmak” sebitleýin taslamasynyň çäklerinde guraldy. Oňa “Türlmengidrometiň”, Tebigaty goramak, Oba hojalyk ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan Tebigaty goramak ministrliginiň “Kazgidromet” Respubliksn döwwlet kärhanasynyň, Oba hojalyk ministrliginiň “KazAgroInnowasiýalar” PJ we Milli kosmos gullugynyň “Akademik U.M.Sultangazin adyndaky Kosmos gözlegleri we tehnologiýalary milli merkezi” Pj wekilleri geldiler.

Gazak hünärmenleri çölleşme hadysalarynyň monitoringi üçin suratlary seljermek babatda tejribelerini, suwy ulanmak, ýer işleri, tokaýlaşdyrmak ulgamlaryndaky işlerini görkezdiler. Meteorologiýa we ýer işleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garalyp geçildi. Çyglylygyň we çüýrüntgileriň saklanmagyna şertleri döredýän topragy işläp bejermegiň geljegi uly bolan usullary ara alnyp maslhatlaşyldy.

BMGÖM howa howplaryny dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa maksatnamasy 2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Täjigistanda we Özbegistanda amala aşyrylýar. Taslamanyň maksady – howanyň üýtgemegine netijeli baha bermekden, howanyň üýtgemegi netijesinde uýgunlaşma usullaryny ornaşdyrmakdan, bolup biläýjek howplary azaltmagy nazara almak bilen, ekerannçylygyň we maldarçylygyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.