Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türki halklaryň TÜRKSOÝ halkara medeniýet we sungat guramasynyň Baş direktory jenap Dusanbaý Kaseinowy kabul etdi. Ol ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň oňyn, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen bütin dünýäde meşhur bolan ýurdumyza ýene-de gelip görýändigine örän şatdygyny nygtady. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän syýasaty bolsa netijeli halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň möhüm ugry bolup durýan gumanitar—medeni ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Dusanbaý Kaseinow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda milletiň baý medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu mirasa gyzyklanma bolsa barha artýar. Aşgabatda geçirilýän “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan we abraýly halkara guramalaryndan wekiller türkmen paýtagtyna geldiler.
Duşuşygyň barşynda TÜRKSOÝ-yň baş direktory hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýörite medaly gowşurdy. Bu medal 2014-nji ýylyň beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli şol gurama tarapyndan döredildi. Pursatdan peýdalanyp, jenap Dusanbaý Kaseinow türkmen döwletiniň Baştutanyna özüne Türkmenistanyň hormatly döwlet sylagynyň – “Magtymguly Pyragy” medalynyň gowşurylandygy hem-de TÜRKSOÝ-yň işine ýokary baha berlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat urgunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, TÜRKSOÝ bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar taryhynyň, ruhy we medeni kökleriniň umumylygy bilen baglaşan halklaryň, şeýle hem bütin dünýäniň halklarynyň arasynda dostlugy we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň öz tarapyndan bu wajyp ugurda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, medeni alyşmalary höweslendirmäge, sebit we ählumumy möçberde ysnyşykly gumanitar gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam etjekdigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we TÜRKSOÝ-yň baş direktory türki halklaryň umumy medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge, aýawly saklamaga we artdyrmaga, olary bütin dünýäde wagyz etmäge degişli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy. Beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasy umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bu şanly sene diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. TÜRKSOÝ guramasynyň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etmegi hem özüniň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgelerini wasp eden beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň bütindünýä ykrarnamasyna şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde möhüm çäreleriň birnäçesi geçirildi we geçiriler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman TÜRKSOÝ-yň çäklerinde agza ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary we däp bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Bu hyzmatdaşlyk bolsa bütin dünýäde döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam etmelidir.