Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi, şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy. Şu ýyl Baş Kanunymyzyň kabul edilenine 22 ýyl dolýar. Garaşsyz Watanymyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda äden örän möhüm hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi diýip belledi.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün edýän möhüm resminamadyr. Döwletimiziň Esasy Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Konstitusiýa agzybirlikde we jebislikde zähmet çekýän, gurýan we döredýän halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň pugta binýady bolup durýar!
Biz Konstitusiýamyzyň kadalaryna eýerip, ynsanperwerlige, hoşniýetli gatnaşyklara, dost-doganlyga we özara düşünişmäge gönükdirilen, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän içeri we daşary syýasaty alyp barýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň, parahatçylyk söýüji, agzybir halkymyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen bilelikde bellenmeginiň örän uly manysy bardyr. Magtymguly Pyragy umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik akyldardyr. Nusgawy şahyryň adamzadyň medeni ösüşiniň iň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän baý döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhyna hem altyn harplar bilen müdimilik ýazyldy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň eserleri döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny, halkymyzyň mizemez bitewüligini, jebisligini we agzybirligini üpjün edýän hem-de biri-biriniň üstüni ýetirýän bitewi gymmatlyklardyr diýip nygtady.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Konstitusiýasynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esasy hukuk kadalary jemlenip, Baş Kanunymyzda Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer we ýürekden syzylyp çykýan wesýetleri, berkarar türkmen döwleti baradaky arzuwlary öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik akyldaryň Garaşsyz Watan, halkyň agzybirligi, asuda we abadan durmuş baradaky ynsanperwer garaýyşlary, synmaz türkmen döwletini gurmak baradaky umyt-arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe doly hasyl boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryny, şeýle hem ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini we eden etmişine ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäreleriniň asylly däbe öwrülendigini belledi hem-de Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky Permanyň taýýarlanylan taslamasy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, türkmen halkynyň bu asylly däpleri häzirki döwrüň ýokary ruhuna laýyk derejede mynasyp dowam etdirýändigini nygtady. Biziň ýurdumyzda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsi geçilip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreler yzygiderli geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli iş kesilen türkmenistanlylaryň 2184-siniň hem-de 10 sany daşary ýurtly raýatyň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ý.Berdiýewe we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählsini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin ähli zerur işleri geçirmek barada birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Biz günä geçmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek zerur bolup durýandygyna ünsüni çekip, şeýle zerurlygyň has öňräkden bäri ýüze çykandygyny nygtady. 2008-nji ýylda biz konstitusion özgertmeleriň birinji tapgyryny geçirdik. Birinji tapgyrda Esasy Kanunymyza degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen, Konstitusiýamyzy rejelenen görnüşde tassykladyk. Bu üýtgetmeler we goşmaçalar Esasy Kanunymyzyň kadalaryny düýpli özgertdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Geçen taryhy döwre ser salanymyzda, birinji tapgyrda geçirilen özgertmeleriň netijesinde, döwletimiziň Konstitusion gurluşynyň taryhynda bütinleý täze döwrüň başlanandygy aýdyň görünýär. Konstitusion özgertmeleri geçirmegiň zerurlygy Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgininiň ýokarlanmagy we geriminiň örän giňelmegi bilen baglydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçildi we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklary durmuşa ornaşdyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki hereket edýän Konstitusiýasynyň käbir kadalary döwrüň talaplaryna belli bir derejede laýyk gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, bize ýurdumyzy çalt depginler bilen ösdürmek üçin, konstitusion kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirip durmak zerurdyr. Esasy Kanunymyzy ykdysadyýetde we jemgyýetde amala aşyrylýan özgertmelere laýyk getirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Konstitusiýada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle özgertmeleri geçirmegiň zerurlygy ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine doly geçmek ýaly möhüm durmuş meseleleri bilen baglydyr. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Geçiriljek özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmegi göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuklaryny hem giňeltmegiň, şonuň ýaly-da, raýatyň we adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet tarapyndan goralyşyny güýçlendirmäge aýratyn üns bermegiň, şahsyýetiň we döwletiň özara jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Konstitusion özgertmeleri geçirmegiň esasy maksadynyň döwletimiziň Garaşsyzlygyny has-da berkitmekden ybaratdygyny nygtady. Geçiriljek özgertmeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berer. Raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny has-da giňeltmek we doly goramak üçin zerur şertleri döreder. Şu maksatlardan ugur alyp, milli Liderimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky» Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, gysga wagtyň içinde Konstitusion toparyň birinji mejlisini geçirip, guramaçylyk meselelerine seretmegi, şeýle hem zerur bolan resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny hödürledi. .
Wise-premýer Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler barada durup geçip, 13-nji maýda Magtymguly şäherçesiniň merkezinde beýik türkmen şahyrynyň muzeýiniň düýbüniň tutulandygyny habar berdi. Nusgawy şahyryň mirasyny mundan beýläk-de wagyz etmekde Aşgabatda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatynyň uly ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. 18-nji maýda Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýlar, şahyrlaryň, alymlaryň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary, konsertler guralar.
25-nji maýda ilkinji gezek Aşgabat şäheriniň güni belleniler. Öňümizdäki hepdede bu baýramçylyga bagyşlanan çärelere giňden badalga berler. Hepdäniň ahyrynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentini we “Aşgabat” seýilgähini, şeýle hem “Ak şäherim Aşgabat” atly XIII köp ugurly halkara sergisini açmak göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy meýilleşdirilýär.
Maý aýynyň iň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy bellenip geçiler. Onuň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmen halysynyň milli muzeýinde halkara sergisi, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň 14-nji mejlisi we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki baýramçylyklarymyzyň ähmiýeti barada aýdyp, özleriniň many-mazmuny boýunça olaryň halkymyza, häzirki we geljekki nesillere gönükdirilendigini we şoňa görä-de, şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ähli ýerde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady. Olaryň many-mazmunynda bu ajaýyp baýramçylyklarynyň her biriniň maksady we ähmiýeti açylyp görkezilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, şol sanda ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda şu möhüm ulgamda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli bolmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini, degişli düzümiň täze binalarynyň gurulýandygyny, täze ýokary okuw mekdepleriniň açylýandygyny, olarda hünärleriň we okuwa kabul edilýänleriň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini döretmek boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilýändigi habar berildi.
Şu babatda wise-premýer bu ýokary okuw mekdebinde 14 hünär boýunça her ýylda 300-e golaý talyby kabul etmegi teklip etdi. Okuwlar iňlis dilinde we talyp tölegi esasynda alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, talyplary 1 ýyllyk dil öwreniş okuwyna kabul etmek göz öňünde tutulýar. Täze uniwersitetde 5 fakultet, 1 bölüm, 13 kafedra hereket eder. Häzirki wagtda degişli guramaçylyk meselelerini çözmek, okuw meýilnamalaryny taýýarlamak, daşary ýurtlardan mugallymlary çagyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdebinde okuwlar 2014-2015-nji okuw ýylyndan başlanar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini döretmek hakyndaky” Permanyň hem-de “Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we hödürlenen resminamalara gol çekip, täze Halkara uniwersitetiniň açylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Munuň özi milli ýokary bilimi ösdürmek, şeýle hem şu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda taryhy waka bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şunuň bilen bagly meseleleriň ählisiniň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegiň, şol sanda ýokary okuw mekdebiniň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmegiň, okuwlary ýokary hil derejesinde guramagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny nygtap, wise-premýere daşary ýurt dillerini öwrenmek ulgamyny kämilleşdirmek maksadynda ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň çäklerinde görülýän çäreleri güýçlendirmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. Munuň üçin, birinjiden, iňlis, nemes we fransuz dillerinde okuwlary geçýän mekdepleriň birnäçesini döretmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ikinjiden, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Aziýa oýunlaryna meýletin ýardamçylary taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurt dillerini öwrdeýän ýörite okuwlary guramak zerurdyr.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary we ýurdumyzyň ähli halkyny Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.