Ï Türkmenistan–Ýaponiýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan–Ýaponiýa: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly

view-icon 915
Şu gün türkmen paýtagtynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky bilelikdäki mejlisi boldy, oňa gatnaşmak üçin Türkmenistana uly wekiliýet geldi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itoçu korporeýşn” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýasi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýapon wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary girdiler.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary duşuşygy açyp, taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we giňeldilmegine gyzyklanma bildirilýändigini belläp, mejlisiň bu işiniň iki ýurduň arasynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň örän oňaýly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy.

Nobatdaky mejlise dostlukly iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy, onuň gün tertibine türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2013-nji ýylyň sentýabrynda türkmen Lideriniň Ýaponiýa resmi sapary mahalynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Akihito we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen ýokary derejedäki duşuşygynyň döwletara gatnaşyklaryna güýçli badalga berendigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu saparyň netijeleri boýunça uzakmöhletleýin geljekde hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şol sapar ýurdumyzyň daşary syýasatdaky strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüldi. Şunda Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki döwletler bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Öňki mejlisden soňra edilen işleriň netijelrini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýygnananlar göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary derejede berjaý edilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşyga gatnaşyjylar iki tarapyň söwda-ykdysady, maýa goýumlary boýunça we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi, dürli ugurlarda, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy, gurluşyk, bank işi, oba hojalygy, syýahatçylyk boýunça iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna bilelikde gatnaşmak üçin amatly şertleriň döredilmegini maksat edinýändigini tassykladylar.

Şeýle hem mejlisiň barşynda bar bolan örän uly mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşykldary giňeltmek bilen bagly meselelere garaldy. Iki döwletiň bar bolan mümkinçiliklerine görä, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny ep-esli artdyryp boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallarynyň hem-de iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanawunyň artdyrylmagyna gönükdirilen işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk-de ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň möhümdigi aýdyldy. Şunda energiýa serişdelerine, nebithimiýa pudagyna, dokma senagatyna hem-de oba hojalygyna degişli önümleriň dünýädäki bazarlarynyň ýagdaýynyň öwrenilmegine aýratyn üns berildi.

2013-nji ýylyň martynda Türkmennistanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty hem-de Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça assosiasiýasy tarapyndan döredilen “Maýa goýumlaryna degişli ýagdaýy gowulandyrmak boýunça ýapon-türkmen ulgamynyň” söwda we maýa goýumlary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça işiň utgaşdyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Galyberse-de, şol düzüm arkaly Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Söwda-senagat edaralaryna öz agzalaryna iki döwletiň çäklerinde yzygiderli ýagdaýda geçirilýän sergiler, maslahatlar, ýarmarkalar we forumlar barada habar etmek maslahat berildi. Şunda bu ulgamyň gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda maglumat alşylmagyny kämilleşdirmek boýunça işini gowulandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň we Ýaponýiýanyň üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek arkaly baý tejribe toplandygy hem-de muny köpsanly anyk mysallaryň aýdyň tassyklaýandygy nygtaldy. Muňa mysal edip, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça döwrebap gazhimiýa toplumynyň, karbamidi we ýuwujy serişdeleri öndürmek boýunça zawodlaryň gurluşygyny görkezmek bolar.

Maslahatyň barşynda energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri we biotehnologiýalar, şeýle hem Türkmenistanda döredilýän tehnologik parkda türkmen-ýapon barlaghanalaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Tokionyň uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli ylmy taslamalara garaldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryny okatmagyň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Sport boýunça hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, 2017-nji ýylda Türkmenistanda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine taýýarlyk görülmegine maslahat bermek üçin ýapon hünärmenleriniň gatnaşmagyna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegini hem-de Türkmenistanyň “Jata travel Showcase 2014” atly Bütindünýä syýahatçylyk sergisine gatnaşmagyny göz öňünde tutmak arkaly, syýahatçylyk ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda möhüm ähmiýet berilýän medeni-gumanitar ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmelidigini we giňeldilmelidigini biragyzdan belläp, özara döredijilik forumlaryny, medeniýet günlerini geçirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.