Ï Magtymgulynyň goşgularynyň tatar dilindäki ýubileý neşiri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymgulynyň goşgularynyň tatar dilindäki ýubileý neşiri

view-icon 676
Ýurdumyzyň uly umumymilli baýramçylygynyň – Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyrynyň tatar dilinde neşir edilen eserleriniň täze ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý neşiriniň ilkinji nusgasy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti hut Rustam Minnihanow tarapyndan şu ýylyň aprelinde ýurdumyza bolan saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde gowşuryldy.

Şu gün kitabyň tanyşdyryş dabarasyna ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň, döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara maslahatyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar bar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň deputaty, ýokary sylagy – Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp bolan tatar şahyry Robert Minnullin öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäde türkmen halkynyň Magtymguly Pyragynyň mysalynda ajaýyp nusga bolup durýan baý medeni gymmatlygyny öwrenmek we wagyz etmek boýunça geçirýän ägirt uly işi üçin hoşallygyny beýan eidi. Myhman şahyryň mirasynyň diňe bir eziz halkynyň, Gündogaryň halklarynyň däl, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň ruhy durmuşyndaky deňi-taýy bolmadyk ähmiýetini nygtady.

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, çeper sözüň ajaýyp ussadynyň hormatyna şanly baýramçylyk çäreleri, şol sanda beýik şahyra hormat goýýanlaryň häzirki duşuşygy dünýäniň hemme halklarynyň arasynda ynsanperwer medeni aragatnaşyklary we döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetli goşant bolar, olaryň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklaryny hem-de hoşniýetli goňşuçylygy has-da ösdürmäge hyzmat eder.

Bu aýdylanlara institutyň giň eýwanynda Magtymgulynyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine neşir edilen goşgularynyň täze ýygyndylarynyň, türkmen we daşary ýurt alymlarynyň ylmy işleriniň – şahyryň döredijilik mirasyny öwrenijileriň ekspozisiýasy, sowgatlyk neşirleriň, şeýle hem suratkeş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň şahyra bagyşlanan eserleri güwä geçýär.