Ï Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar

view-icon 4360
Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli bellenýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar geçirildi. Baýramçylyk çäreleri ir säher bilen gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlandy. Ähli ýerlerde ýaşyl tuglary pasyrdaýar, bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi we şadyýan keşpleri ajaýyp bahar gülleriniň dürli öwüşginlerine beslenýär. Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary geldiler.

Täze taryhy eýýamda rejelenen görnüşde kabul edilden Konstitusiýa milletiň galkynyşynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ol türkmen döwletiniň öçmez-ýitmez ýörelgelerini—Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy we agzybirligi, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, onuň geljekki ösüş ugruny görkezdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer pikirleri bilen ganatlanan türkmenistanlylar, gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maksatnamalarynyň kuwwaty bilen eziz Watanymyzyň röwşen geljegini ynamly we ruhubelentlik bilen gurýar. Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, özara bähbitli hyzmatdaşlyk döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň esasyny düzüp, ýurdumyzyň halkara giňişliginde has belent sepgitlere okgunly çykmagyny we belent abraýyny kesgitledi.

Bu baýramçylygyň ruhubelentlige beslenen adynda türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy öz beýanyny tapýar. Onuň döredijiligiň, ösüşiň we taryhy rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap buýsançly gadamlary beýik işlere we üstünliklere beslendi. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki uly ýoluň diňe başlangyjydyr.

Şu gün aşgabatlylar we ýurdumyzyň myhmanlary türkmen paýtagtynyň merkezinde, buýsanç bilen Magtymgulynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşen seýilgähde geçirilen dabaraly çärä hem gatnaşdylar. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna ýadygärlik dikeldildi. Bu seýilgäh eýýäm köpden bäri Aşgabat şäheriniň gelim-gidimli ýerleriniň birine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň däbe görä duşuşýan ýerine öwrüldi. Elbetde, hut bu ýerde şu gün türkmen şahyrlary we edebi döredijiligiň köpsanly muşdaklary Beýik Pyraga bagyşlanan ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin ýygnandylar. Magtymguly Pyragynyň döredijilik zehini bilen dünýä inen goşgular türkmen halkynyň hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň senasyna öwrülip, asyrlarboýy türkmenleriň milli ruhunyň esasyny düzýän ähli ajaýyplyklary wasp edýär.

Bu gün Aşgabat şäheriniň bu gözel künjegine köp adam ýygnandy. Bu ýerde Beýik Pyragynyň heýkeli suw çüwdürimleriniň arasynda seleňläp görünýär. Ýadygärligiň töweregini örten gül halysy milletiň beýik ogluna bolan çäksiz söýginiň we hormatyň beýanyna öwrüldi.

Bu –ýeke-täk ymtylyşa birleşdiren duýgularyny beýan eden dürli ýaşdaky adamlaryň alkyş we guwanç gülleri. Ol güller agyr ýyllarda öz kalbynda Magtymgulynyň eserlerine söýgini saklan adamlaryň hem, özi üçin şahyryň ajaýyp we aňyrsyna göz ýetmeýän ruhy dünýäsini indi-indi açýan adamlaryň hem hoşallyk gülleridir.

Hawa, eger Magtymguly häzirki Türkmenistany gören bolsa, ol akyla sygmaz derejede özgeren mähriban topragyny tanamazdy. Ýöne beýik şahyr öz halkyny dessine tanardy. Sebäbi türkmenler Pyragynyň mertebe, adamkärçilik, watançylyk, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmanparazlyk, parahatçylyk we ýagşylyk ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly wasp eden adamzadyň iň oňat häsiýetlerini asyrlarboýy goramagy we häzirki güne çenli getirmegi başardylar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý dabaralarynyň geçirilýän günlerinde Ýer ýüzüniň ähli adamlaryny parahatçylykly we dostlukly ýaşamaga çagyrýan şahyryň öçmez-ýitmez eserleriniň ýygyndylarynyň onlarça dile terjime edilmeginiň ähmiýeti çäksizdir. Ajaýyp türkmen akyldarynyň, şahyrynyň hormatyna türkmen topragynyň dürli künjeklerinde,goňşy we beýleki daşary ýurtlarda bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi şu günler güller ummanyna beslenýär. Şundan hem ählimiziň umumy öýümiziň—Ýer togalagynyň geljegine bolan ruhubelent garaýşymyzyň, umumy baýramçylygymyzyň ýeke-täkligi gelip çykýar.

Häzirki wagtda, ençe asyrlar aşsa-da, Magtymgulynyň belent ýörelgeleri, Watana bolan söýgüsiniň asylly duýgulary dürli döwletlerde ýaşaýan hemme hoşniýetli adamlara ýakyndyr we düşnüklidir, çünki her bir hakyky zehiniň hiç bir çäkleri bolmaýar hem-de ol wagta we giňişlige garaman, ynsan ýüreklerini bendi etmäge ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň öwüşgini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzy täze özgertmelere we ýeňişlere ruhlandyryp, ajaýyp Watanymyzyň durmuşyna şugla saçýar.

“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirilen ajaýyp döredijilik baýramçylygy Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli esasy dabara öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň iň ussat ýerine ýetirijileri, aýdym-saz we tans, halk döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Konserte gatnaşyjylar milli tanslary we sazlary ýokary ruhubelentlik we döredijilik bilen ýerine ýetirdiler. Bu agşam Garaşsyz Watanymyzy halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, mähriban topragymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän ajaýyp aýdymlar belent ýaňlandy.

Elbetde, bu baýramçylyk agşamynda ýerine ýetirijiler öz çykyşlaryny döredijilik mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin deňsiz-taýsyz ruhy-ahlak wesýet bolýan ynsan ruhunyň aýdymçysy – türkmen şygryýetiniň beýik zehini Magtymgula bagyşladylar.

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezleriniň baş meýdançalarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary, şeýle hem ählumumy baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly şygryýet dabaralary we konsertler geçirildi.