Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine tutuş ýurdumyzyň we sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini nazarlaýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipeleri, şeýle hem döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler girizildi.
Milli Liderimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol häzikri döwürde paýtagtmyzda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalardaky işleriň ýagdaýy, ýakynlaşyp gelýän şanly senelere – Aşgabat şäheriniň gününe we Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk we olar mynasybetli geçirilmegşi meýilleşdirilýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny nygtap, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, abadanlaşdyrmak, arassaçylygy üpjün etmek we arassaçylyk kadalaryny yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň we döwrebaplaşdyrylyp, durky täzelenen “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işlerine ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda häzirki zaman oňyn tejribeleriniň, täzeçillik çözgütleriniň işjeň ulanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz häkime yssy günleriň gelmegi bilen möhüm mesele bolup durýan ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Göni aragatnaşykda geirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýpatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, galla oragyna taýýarlyk boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça alnyp barylýan agrotehniki işler, ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem häkim Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Öňde boljak galla oragyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ony welaýatyň her bir etrabynda guramaçylykly geçirmek, galla oragyny gije-gündizleýin esasda alyp barmak, oba hojalyk tehnikalaryny we galla daşajak awtoulaglary taýýarlamak hem-de gallaçylar üçin zerur şertleri döretmek boýunça anyk meýilnamanyň işlenip taýýarlanmalydygyny tabşyrdy. Gallaçy kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wgtynda geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz gowaça we beýleki ekinlere ideg etmek, olary zyýankeşlerden goramak boýunça agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini belledi.
Sebitde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işler bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmegiň we olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini gazanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz häkime tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň zerurdygyny tabşyryp, ýangyn howpsulygyny üpjün etmek boýunça ähli kadalaryň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn nygtady.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow öz hasabatyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk çäreleri hem-de galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler baradaky çykyşdan başlady. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň barşy, sebitde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýörite işlenip taýýarlanylan meýilnama, şeýle hem häzirki döwürde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň durmuş we senagat düzümini sazlaşykly ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şu nukdaýnazardan welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda takyk meýilnama we agrotehniki kadalara laýyklykda zerur işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly senelere, welaýatyň dynç alyş–sagaldyş düzümlerinde, esasan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň döwrüň talabyna laýyk alnyp barylmalydygyny nygtady. Mundan başga-da, milli Liderimiz häkime welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berk berjaý etmek, desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim welaýatyň ähli ulgamlaryny, hususan-da, senagat düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Esasan-da, häkim häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň derejesi barada durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek, şeýle hem öňde boljak möhüm möwsüme, galla oragyna oba hojayk tehnikalaryny, ulaglary, tehnika hyzmaty ýola goýýan toparlary taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, häkime welaýatda ähli ammarlary, kabul ediş bölümlerini täze hasyly kabul etmäge doly taýýarlamak, tabşyrylan galla hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna taýýarlyk we gowaça ideg etmek boýunça ýörite işlenilip düzülen meýilnama laýyklykda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça degerli işleriň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ähli etraplarynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralyryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeleriniň we onuň depginini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, oragyň gije-gündizleýin esasda bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän degişli meýilnamanyň düzülmelidigini, şeýle hem oraga dahylly ähli ulgamlaryň ýokary taýýarlyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan baýramçylyklar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli welaýatda göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, iň esasysy bolsa galla oragyna taýýarlyk çäreleri bilen baglanyşykly wezipelere toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini habar berdi.
Şeýle hem häkim şanly sene bolan Türkmen halysynyň baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama, baýramçylygyň medeni maksatnamasy barada aýtdy. Mundan başga-da, ol sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede we ylmy esasda ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatyň oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, gowaça we beýleki ekinlere edilýän idegiň depginini güýçlendirmek hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň alnyp barlyşynyň, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmagyň, şeýle hem ekinlere zyýan berijilere garşy ylmy esasda iş alyp barmagyň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli medeni-köpçülik çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda guralyşy, galla oragyna taýýarlyk işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hasabatyň çäklerinde daýhan hojalyklaryna, şeýle hem ministrliklere we pudak edaralaryna ýer böleklerini bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipler barada habar berdi we döwlet Baştutanymyza göz öňünde tutulýan ýer bölekleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri, esasan-da, galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony bellenilen möhletlerde ýitgisiz geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge orän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň üçin bolsa degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daýhan hojalyklaryna, ýurdumyzyň ministrliklerine we pudak edaralaryna ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş ulgamynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen ähli çärelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz bu işlerde oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowy we Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowy şol bir wagtda çagyrdy. Wise-premýer S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işler, şeýle hem pudaga degişli düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şu ugurlar boýunça ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, ol elektron demir ýol petekleriniň satuwyny guramak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berip, ýörite taýýarlanan slaýdlary görkezdi.
Wise-premýer transmilli “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň güýji bilen gurulýan degişli böleginde gurluşygyň barşy barada hasabat berip, bu ýerde ähli işleriň bellenilen tertibine görä alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz garamagyna düzümleýin desgalaryň birnäçesiniň taslamalary hödürlenildi.
Öz gezeginde demir ýol ulaglary ministri garamagyndaky pudakda alnyp barylýan işlerňi ýagdaýy hem-de bu pudaga degişli ähli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, elektron petekleriniň satuwynyň guralmagyna degişli mesele barada aýratyn durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz bu döwrebap tehnologiýany işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigini hem-de onuň ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň toplumyny giňeltmäge we demir ýol ulaglary ulgamynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky awtoterminalda adamlar üçin goşmaça amatlyklary döretmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere we ministre anyk tabşyyklary berdi.
Milli Liderimiz “Demiragyzyk-Günorta” demir ýolunuň türkmen böleginiň gurluşygynyň we ony abadanlaşdyrmagyň barşyna ünsi çekip, bu ulag geçelgesiniň möhüm ähmiýetlidigini hem-de müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden döretmek baradaky pikiriň öz beýanyny tapandygyny aýratyn belledi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda sebit hem-de halkara derejesinde dostlugyň we özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mäkäm köprüsine öwrüljek bu demir ýolüň Türkmenistan-Gazagystan bölegi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowa edip, şu desgadaky ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini we bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalara garap, olary umuman, makullap, bu taslamalary amala aşyrmagyň barşynda täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalary we özboluşly binagärlik çözgütlerini ulanmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.