Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentine, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentine, Bosniýanyň we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentine, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentine, Bosniýanyň we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygyna gynanç bildirdi

view-icon 664
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Tomislaw Nikoliçe ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiçe ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bosniýanyň we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bosniýanyň we Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Bakir Izetbegowiçe ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren suw joşguny zerarly gynanç hatyny iberdi.