Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 725
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Robert Ýujin Pattersony kabul etdi.

Wagt tapyp kabul edendigi üçin ilçi hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny, bu ýerde birnäçe ýylyň dowamynda işlemegiň miýesser edendigini we elbetde, myhmansöýerligiň nusgasy bolan zähmetsöýer, jebis we parasatly türkmen halky barada mähirli ýatlamalaryň hemişelik hakydasynda galjakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň we tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça giň gerimli maksatnamalary amala aşyrmakda möhüm, strategik hyzmatdaş bolup durýan ABŞ bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge Türkmenistanyň berýän ünsüniň aýratyn ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, jenap Robert Ýujin Pattersona biri-birine özara uly gyzyklanma bildirýän türkmen hem-de amerikan halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe sürýän, parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilen aýratyn möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýar.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman özara bähbitli söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýän sergileri we işewür maslahatlary bilelikde guramagyň ähmiýeti bellenildi. Işewür toparlaryň gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi iki döwletiň arasynda uzakmöhletleýin söwda-ykdysady aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, amerikan haryt öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de maýa goýumlary çekmäge ýardam edýär.

Şeýle hem iki ýurduň ylym, bilim we medeniýet işgärleriniň halkara seriglerine we maslahatlaryna, Medeniýet günlerine, çeper sergilere hem-de kino günlerine gatnaşmaklarynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Bilelikdäki medeni-gumanitar çäreleriniň geriminiň giňelmegi türkmen-amerikan gatnaşyklaryny täze derejä çykarmagy, iki halkyň ýakynlaşmagyny hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyny şertlendirýär.

ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Robert Ýujin Patterson duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen ýyllaryň içinde öz işine beren goldawy we kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we milli Liderimize hem-de ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.