Ï V Halkara gaz kongresiniň ikinji güni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

V Halkara gaz kongresiniň ikinji güni

view-icon 734
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda V Halkara gaz kongresiniň işiniň ikinji güni boldy, ol bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berdi we geljek üçin bilelikdäki meýilnamalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we howandarlygy astynda geçirilen bu iri ýöriteleşdirilen maslahaty türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserni, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Balkan welaýatynyň häkimligi guradylar.

Dünýäniň 39 ýurdundan wekilleriň 500-e golaýyny ýygnamak bilen, Türkmenistan nobatdaky gezek netijeli çekişmeler meýdançasy bolup durýandygyny tassyklady. Bu ýerde gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlary, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy we maýa goýumlary, milli we sebit gaz geçiriji düzümi ösdürmek ýaly meseleler yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar.

Bu maslahata gatnaşmak üçin halkara guramalary hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary, şol sanda Russiýadan, Ýewropa Bileleşiginden, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Pakistandan, Hindistandan, Owganystandan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Eýrandan, Türkiýeden, GDA ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden öz wekillerini iberdiler.

Türkmenistanyň Halkara gaz kongresine bolan uly gyzyklanma bu gün beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda dünýäniň uglewodorodlary sarp ediş ulgamynda mawy ýangyjyň agramynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gaz pudagynda ýurdumyz bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylmagy kanunalaýyklykdyr. Galyberse-de, Garşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä bazarlaryna gaz iberýän iri döwletleriň arasynda özüni geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezdi.

Kongrese gatnaşyjylar gorunyň möçberi boýunça ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirmegi biziň döwrümiziň giň gerimli taslamalarynyň biri bolup durýanlygy barada bir pikire geldiler. Bu ýerde tebigy gazyň gorlary garaşsyz halkara bilermenler kompaniýasynyň baha bermegine görä, 26,2 trillion kub metre barabardyr.

Ýakyn geljekde bu käniň ägirt uly gorlary diňe bar bolan gaz geçirijiler üçin däl-de, eýsem, türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara ugratjak täze magistral geçirijiler üçin hem serişde binýadyna öwrüler. Häzirki wagitda gurluşygy alnyp barylýan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi bolsa baý ýataklardan çykarylýan gazyň islendik ugurda bir ýylda 30 milliard kub metrden gowrak möçberde ugradylmagyny üpjün eder. Garabil-Gurrukbil, Merkezi Garagum topary, beýleki erasty ýataklaryň geljegine uly umyt bildirilýär. Hazaryň türkmen böleginde uglewodorodlaryň baý gorlaryny işläp çykarmak daşary ýurt kompaniýalarynda uly gyzyklanma döredýär.

Halkara gaz kongresine gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak, innowasion esasda senagat kuwwatyny, düzümi we maýa goýumy ösdürmek döwletiň netijeli maýa goýum syýasatyna bagly bolup durýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini saklamak, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýalaryň netijeli goýulmagyndan ýokary ykdysady görkezijileri almak üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan syýasatynyň esasy maksadydyr.

Häzirki döwürde maliýe binýadyny artdyrmak, şol sanda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň hasabyna artdyrmak milli ykdysadyýeti netijeli dolandyrmagyň möhüm ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanda özleşdirilýän maýa goýumlarynyň agramly bölegi bu gün ýangyç-energetika toplumynyň desgalaryny gurmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň paýyna düşýär. Dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän uglewodorod serişdelerini ýerlemekden alynýan girdejiniň bir böleginiň hasabyna beýleki pudaklaryň we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümçilikleriň ösüşini üpjün etmek onuň esasy wezipesi bolup durýar. Munuň üçin kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilýär, ýurdumyzda işewürligi ýöretmek üçin amatly şertler döredilýär—salgyt we karz ýeňillikleri, maýa goýumlaryň döwlet tarapyndan goralmagyny kepillendirmek we beýleki ýeňillikler döredilýär. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde häzir Türkmenistanda özleşdirilýän maýa goýumlaryň umumy möçberinde daşary ýurt maýasynyň paýy ýokary derejede saklanýar.

Häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygyny hemme taraplaýyn giňeltmäge tarap ugry amala aşyrýan Türkmenistan energetika ulgamynda däbe öwrülen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda Ýewropa, Aziýa we Gündogar ugurlarda gös-göni energetika gatnaşyklaryny giňeltdi, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýdy. Uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem geçiriji düzümi döretmek babatda taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesi şol işewür gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar.

Ozal ençeme gezek bellenilişi ýaly, köpugurly turba geçiriji ulgamyň köp şahaly ulgamyny döretmegiň hasabyna energiýa serişdeleriniň iberilmegini üpjün etmäge ukyply ýangyç geçiriji düzümi diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistan üçin energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik ugry bolup durýar. Bu strategik ugryň amala aşyrylmagy diňe ýangyç iberýän, üstaşyr geçirýän we alýan ýurtlaryň arasynda däl-de, eýsem, gyzyklanma bildirýän halkara guramalary bilen energetika hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Şundan ugur almak bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-66-njy mejlislerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwletimiziň nukdaýnazaryny takyk beýan etdi. Ol dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy.

2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň energetika hyzmatdaşlygyny syýasatlaşdyrmazdan, energiýa serişdelerini ugratmagyň belli bir ugurlaryna aýratyn ähmiýetiň berilmegini aradan aýyrmak bilen gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen deňhukukly we özara bähbitli esasda gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny bellemek gerek. Biziň hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarymyz ýangyç geçiriji düzümiň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän netijeli halkara usullaryna, taslamalaryň tiz amala aşyrylmagyna we ýokary netijeliligine esaslanandyr.

Häzir Türkmenistanda gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagyna hem ägirt uly üns berilýär. Bizde ýokary düzümli etany öz içine alýan gaz ýataklary bar, bu bolsa gazhimiýa pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika deňagramlylygyny üpjün etmekde Hazar deňziniň uglewodorod serişdeleriniň ähmiýeti hemmelere mälimdir. Şunda Hazar deňziniň türkmen böleginiň serişdeleri onuň esasyny düzýär.

Hazar deňziniň türkmen böleginde 32 sany lisenzion toplum ýerleşip, şolaryň 5-sinde häzirki wagtda “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we baglaşylan Şertnamalara laýyklykda işler alnyp barylýar. Galan toplumlar gyzyklanýan taraplaryň ählisi üçin geljekki göni gepleşikleriň meselesi bolup durýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginiň lisenzion toplumlarynyň özüneçekijiligini artdyrmak üçin, esasan-da, has ähmiýetli zolaklarda, ýagny üstaşyr zolakda, soňlugy bilen gyzyklanýan kompaniýalar üçin maglumatlar toplumyny işläp taýýarlamagy we düşündirmegi göz öňünde tutup, Hazaryň türkmen böleginiň tutuş kenarýakasy we demirgazyk bölegi boýunça goşmaça geofiziki işler geçirilýär. Iri ýöriteleşdirilen geofiziki kompaniýalar eýýäm has uly seýsmiki gözleg işlerini geçirmäge gatnaşmaga isleglerini beýan etdiler.

Potratçylaryň işlemegi üçin ygtybarly we netijeli hukuk binýadynyň döredilmegi Türkmenistanda maýa goýum özüneçekijiliginiň tassyklanmasy bolup durýar. “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa daşary ýurt maýalaryny çekmek maksady bilen, amatly maýa goýum şertleriniň döredilmegine gönükdirilendir.

Kanunlar ýurdumyza daşary ýurtlaryň iri möçberli maýasyny çekmek üçin goşmaça kepillik hem-de kuwwatly kadalaýyn hukuk serişdesi bolup hyzmat edýär we degişlilikde ýurduň ägirt uly uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmek üçin, Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksat bilen içerki durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli öňe ilerletmek üçin şertleri döredýär. Kongresiň geçirilýän günlerinde “Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sanynyň çykandygyny bellemek gerek. Makalalaryň birnäçesinde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň meseleleleri şöhlelendirilýär, halkara nebit we gaz bazarlarynyň ýagdaýlary we Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna ýakynlaşmagyndaky orny seljerilýär. Aýratyn makalalar nebitgaz pudagynda milli kanunçylygyň aýratynlyklaryna, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň möhüm taraplaryna bagyşlanýar.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň nebitgaz toplumynyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga, gazulag düzümini ösdürmäge, gazyp almagy we eneriýa serişdeleriniň daşary ýurtlara ugradylmagyny artdyrmaga gönükdirilip, ýurtda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar, şeýle hem gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň geljegi baradaky çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda innowasion – senagat taýdan ösüşe tarap ugur aldy we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini gurýar. Ol jemgyýetiň abadançylygynyň binýadyna öwrülmelidir. Şu şertlerde täze tehnologiýalar esasynda durmuşa geçirilýän täze pikirleriň hereketlendirijisi hökmünde ylmyň orny okgunly artar.

Ösüşiň häzirki tapgyrynda Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlarynyň döredilmegine hem-de ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatynyň häzirki wagtda we geljekde çözmeli esasy wezipeleri nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemekde umumydünýä meseleleri bilen baglylykda, ýagny nebiti hem-de gazy işläp çykarmagy artdyrmagy, önümiň sarp edijilik häsiýetlerini has-da kämilleşdirmegi, esasy tehnologik işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de az galyndyly we galyndysyz täze tehnologiýalary ösdürmegiň we giňden peýdalanmagyň hasabyna nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemegiň ekologiýa taýdan arassalygyny gowulandyrmagy göz öňünde tutup çözmek garaşýar.

Tebigy gazyň düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlenmegi hem-de onuň gaýtadan işlenmegindäki önümiň paýynyň daşary ýurda ugradylmagynda artdyrylmagy Türkmenistana diňe ilkibaşlangyç energiýa serişdeler ulgamynda öz ornuny görnükli giňeltmäge däl, eýsem, himiýa önümleriniň geljegi has uly bolan bazarynda mynasyp orny eýelemäge ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, tebigy gazyň düzümindäki metany we etany soňlugy bilen olardan polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid we beýleki ýokary likwid gazhimiýa önümlerini öndürmegi göz öňünde tutmak arkaly himiýa taýdan gaýtadan işlemek hem barha artýan ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem ugurdaş nebitli gazy gaýtadan ulanmak boýunça işläp taýýarlamalar we ondan suwuklandyrylan tebigy gazy, sintetik suwuklyklary we elektroenergiýany almak arýatyn ähmiýetlidir.

Ammiak, karbamid, tehniki uglerod öndürmek üçin gazy gaýtadan işlemegiň milli senagaty hem ösýär, ekologiýa taýdan arassa ýangyç we himiýa senagaty üçin gymmatly çig mal hökmünde dünýä bazarynda artýan islegden peýdalanýan suwuklandyrylan gazyň çykarylyşynyň möçberleri artýar. Bularyň hemmesi öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň uglewodorodlary gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki işlere bildirýän uly gyzyklanmasyny hem-de bu ulgamda özleriniň iň täze tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny şertlendirýär.

Maslahatyň çäklerinde daşky gurşawy goramak meselesi hem giňden beýan edildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet syýasaty, şol sanda ekologiýa bähbitleri ileri tutmagy üpjün etmäge, daşky gurşawy goramagy göz öňünde tutup, hojalyk işlerini ösdürmäge, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Durmuşa geçirilýän iri möçberli ykdysady taslamalaryň her birinde onuň tebigaty goraýyş düzümlerine hem-de täze önümçilikleriň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen milli ekologiýa syýasaty we döwlet maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär, kanunçylyk namalarynyň ulgamy işlenip taýýarlandy we netijeli işleýär. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň tebigaty goraýyş kanunçylygynyň berjaý edilmegine döwlet tarapyndan hemişelik gözegçilik daşky gurşawy, şol sanda gaz pudagynda goramagyň esasy bolup durýar.

Halkara gaz kongresiniň çäklerinde köpsanly daşary ýurtly işewürleriň we Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň arasynda işewür duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meýilleşdirilen täze mümkinçilikler türkmen döwletiniň bähbitlerine bolşy ýaly, bütin halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine hem ýurdumyzyň gaz senagatynyň kuwwatyny depginli durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenisian-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi ýaly giň gerimli taslama artýan gyzyklanmasyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde bu gaz geçiriji boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Owgannystanyň gaz korporasiýasynyň, “Inter state gas systems /Private/ Limited” korporasiýasynyň /Pakistan/, “Gail /India/ Limited” kompaniýasynyň /Hindistan/ we Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Tranzaksiýa Geňeşi bilen Hyzmat Ylalaşygyna gol çekildi. Şu maslahatda taslama gatnaşýan ýurtlardan başga-da, ony amala aşyrmakda işewür hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini dürli nebitgaz döwletleriniň wekilleri hem aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenisian-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy – bu diňe özara bähbitli ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara energetika giňişliginde döwletleriň bähbitleriniň sazlaşygyny tassyklaýan ägirt uly syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýy bolup durýar, diýmek, bu uly geosyýasatda hem amala aşyrmak mümkindir. Bu taslama—syýasy erkiň bolan ýagdaýynda baş maksada—energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmek maksadyna ýetmegiň başardýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Öz gezeginde, kongrese gabatlanan pudaklaýyn sergä gatnaşyjylar dürli enjamlary, tebigy gazy we nebiti gözläp tapmak, gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça döwrebap tehnologiýalary getirmek ulgamynda, hyzmat etmekde öz hyzmatlaryny hödürlemek üçin şu maslahatyň mümkinçiliklerini has doly peýdalanmaga meýillidiklerini beýan etdiler. Mundan başga-da, işi 22-nji maýda tamamlanjak sergi daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen nebitgaz edaralarynyň wekilleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge, Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmäge hem-de ýangyç-energetika toplumyny depginli ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýär.

Halkara gaz kongresiniň ikinji gününiň netijelerini jemläp, oňa gatnaşyjylar bu forumyň we serginiň özara peýdaly gepleşikler üçin, halkara hyzmatdaşlygyny durnukly giňeltmäge hem-de netijeli özara hereket etmegiň geljekki ýollaryny kesgitlemäge ýardam edýän pikirleri we toplanan oňyn tejribeleri giňden alyşmaga nobatdaky gezek oňat ýardam edendigini kanagatlanma bilen bellediler.