Ï Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

view-icon 641
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Urumçi şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzularyny beýan etdi.