Ï “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi we maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi we maslahaty

view-icon 870
Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde şu ýyl ilkinji gezek bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp, “Ak şäherim Aşgabat” atly XIII köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.

Eýýäm däbe öwrülen bu forum türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy boýunça gazananlaryny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem şu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyň görkezmelidir.

Sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini äşgär edýär. Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. Şu ýyllarda forumda görkezilen taslamalaryň aglabasy boýunça bu günki gün şäheri bezeýän ajaýyp binalar we toplumlar guruldy. Bu belent ymaratlar şäheriň görküni artdyryp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, şol kitaba ak mermer bilen örtülen has köp binaly şäher hökmünde türkmen paýtagty hem goşuldy.

Sergä gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn köpelýär, ondaky ekspozisiýalaryň möçberi has-da artýar. Döwlet kärhanalaryndan we belli-belli ugurlara degişli pudak edaralaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hususy kärhanalaryndan gelip gowuşýan teklipleriň gerimi artýar. Şu gezekki gözden geçirilişe eksponentleriň 110-dan gowragy gatnaşýar. Foruma şeýle uly gyzyklanma bildirilmegi düşnüklidir. Aşgabat sebitde iri işewürlik we medeni merkeze hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça ykrar edilen merkeze öwrülip, ähli işleri adamyň bähbiline gönükdirip, sazlaşykly ösýän döwrebap şäheriň täsin galdyrýan nusgasy diýlip hasaplanýar. Bu ýerde gözellik we oňaýlylyk, binagärlik boýunça öňdebaryjy gazanylanlar we täze işläp taýýarlamalar, inženerçilik-tehniki oý-pikirler we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Her ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan sergide we maslahatda dürli ugurlar: gurluşykdan we binagärlikden başlap, energetika, gaýtadan işleýän we ýeňil senagat, dizaýn hem-de şäheriň durmuşyny abadanlaşdyrmak bilen bagly düşünjä degişli zatlar we häzirki döwürdäki tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar we bular barada pikir alşylýar.

Şu forumyň açylyş dabarasy ilkinji gezek bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan özboluşly we täsirli çärä öwrüldi. Bu dabaranyň öňüsyrasynda aýdym-saz we tans toparlary çykyş etdiler. Olar bu dabaranyň täsirliligini artdyrmak üçin ak reňkli lybasda çykyş etdiler. Olaryň lybasy sergi merkeziniň ýokarsyndaky uly howa şarlarynyň ak reňki bilen sazlaşykly utgaşýar.

Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň güni hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlag hatyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Şonda milli Liderimiz şu serginiň we maslahatyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabadyň we tutuş ýurdumyzyň dürli ugurlarda ylmy-tehniki we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gazananlaryny dünýä ýaýmakda we özara peýdaly tejribäni alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiziň Gutlag hatynda: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni- durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halka edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar” diýlip bellenilýär.

Şu gezekki sergi ýene-de ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüldi. Bular Aşgabadyň senagat, medeni we intellektual kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň: senagat, demir ýol ulaglary, awtomobil ýollary, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, bilim ministrlikleriniň, “Türkmenhowaýollarynyň”, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň sport we syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Haryt-çig mal biržasynyň diwarlyklary daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. “Türkmendöwletaslama”, “Türkmenenergotaslama”, Aşgabadyň telefon ulgamy, “Aşgabatenergo” we beýlekiler özleriniň günsaýyn artýan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Ak mermerli şäherimizi ösdürmekde gazanylanlar we geljekki mümkinçilikler bilen tanyşdyrýan bu wekilçilikli sergä “BOUYGUES TURKMEN” “VINCI CONSTRACTION GRANS PROJETS” (Fransiýa), “PWT” (Germaniýa), “Zawod polimernyh trub“ (Belarus), “Baltiýskaýa russkaýa energetiçeskaýa kompaniýa“, “PEKON-SMK”, “Wozroždenie” (Russiýa), “Altkom” (Ukraina), “Hitachi Data Systems” (Ýaponiýa) ýaly belli daşary ýurt kompaniýalary we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda tanalýan türkiýeli hyzmatdaşlar -- “NATA”, “BELDA”, “EFOR”, “ BAHAR”, “5M”, “Gap insaat”, “RONESANS” firmalary ýakyn wagtda Aşgabatda guruljak dürli maksatly desgalaryň – edara binalarynyň, myhmanhanalaryň, sport desgalarynyň uly maketlerini taýynladylar.

Sergide diňe bir türkmen bazarynda özüni tanadanlar däl-de, eýsem Türkmenistan bilen uzak möhletleýin işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýänler hem hyzmatdaşlyk boýunça özleriniň mümkinçilikleri we teklipleri bilen tanyşdyrýarlar.

Sergide milli ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde özüni tanadýan ýurdumyzyň telekeçiligi hem öz mümkinçiliklerini görkezýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan kompaniýalaryň, firmalaryň, kärhanalaryň 50-ä golaýy öz işleriniň ugurlaryny görkezýärler. Olaryň arasynda “Aga gurluşyk”, “Myradym”, “Dürli ýaz”, “Altyn nesil” we beýlekiler bar.

Ekspozisiýada häzirki döwürdäki uly şäheriň ösüşine degişli möhüm ugur hökmünde ýokary tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda innowasiýalar we nou-hau şäheriň durmuşynyň ähli ugurlarynda – inženerçilik-tehniki we hojalyk desgalarynda, durmuş-ykdysady, bilim we medeniýet ulgamlarynda işjeň ýagdaýda ornaşdyrylýar.

Günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky sergi köşgüniň mejlisler zalynda türkmen paýtagtynyň ösüşine bagyşlanan XIII köpugurly halkara sergisiniň çäklerinde “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň barşynda häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we oňaýly şäherleriniň birine öwrülýän ak mermerli Aşgabat barada söz açýan wideofilm görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar, hususan-da, ýurdumyzyň hünärmenleri binagärligiň we şäher gurluşygynyň möhüm ugurlary, paýtagtymyzyň ulag ýollaryny we energetika degişli düzümi kämilleşdirmegiň geljekki mümkinçilikleri barada çykyş etdiler. Seýsmiki taýdan çydamly gurluşyk maslahatda aýratyn üns berlen möhüm meseleleriň birine öwrüldi.

Daşary ýurtlular öz çykyşlaryny we tanyşdyrylyş çärelerini gurluşyk boýunça taslamalary amala aşyrmakda dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribeden peýdalanylmagyna, şol sanda gurulýan binalaryň ygtybarlylygynyň we berkliginiň ýokarlandyrylmagyna, ekologik howpsuzlyk boýunça talaplaryň berjaý edilmegine we beýlekilere degişli meselelere bagyşladylar.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň we tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmeginiň möhümdigini, bularyň pudaklaýyn hyzmatdaşlygyny we tutuşlygyna alanyňda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň we mümkinçilikleriň kesgitlenmegine ýardam berýändigini bellediler.

Şu gün sergä we maslahata gatnaşyjylar maý aýynda ilkinji gezek bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp seýilgähleriň açyk meýdançalarynda geçirilýän köpsanly çärelere gatnaşdylar. Düýn türkmen paýtagtynyň merkezinde, ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň golaýynda gurlan we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan “Ak şäherim Aşgabat” binasynyň ýanynda uly baýramçylyk konserti boldy, oňa paýtagtymyzyň döredijilik toparlary gatnaşdylar, şahyrlar owadan we ak mermerli paýtagtymyzy wasp edýän goşgularyny okadylar.

Durky täzelenen “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähinde hem uly konsert bolup, oňa gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde-de täsirli döredijilik baýramçylygy guraldy. Oňa tanymal aýdymçylar, ýurdumyzyň aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Şeýle hem sirkiň öňündäki meýdançada we “Ylham” seýilgähinde ýygnanan adamlar sahnalaşdyrylan tomaşalary synladylar.

Mähriban şäherimiziň gözelligini, täze eýýamyň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli kuwwatyny wasp edýän milli aýdymlar we sazlar buýsançly we şatlykly ýaňlandy.

Şu günler paýtagtymyza ýolagçylar üçin şäherde gatnaýan awtoulaglaryň nobatdaky toplumynyň – Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” kysymly amatly awtobuslarynyň 40-synyň gelmegi aşgabatlylaryň baýramçylyga mahsus şatlygyny has-da artdyrdy.

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze awtobuslaryň kabul edilmegine bagyşlanan dabarada çykyş edenler paýtagtyň awtobus parklarynyň maddy-tehniki binýadynyň ösdürilmeginiň şäherde ýolagçy gatnadýan awtoulaglaryň gatnawynyň tertibiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilimegine we ýolagçylar üçin has oňaýly bolmagyna ýardam bermek arkaly, adamlar, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak baradaky aladanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa gönükdirilip ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrülendigini bellediler.