Ï Türkmenistan – Russiýa: özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Russiýa: özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda

view-icon 723
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň bu sebitiniň gubernatory Ýewgeniý Kuýwaşewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.

Işewürlik maslahatynyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady pudakdaky, ýangyç-energetika toplumyndaky, ulag-aragatnaşyk, energetika, senagat, gurluşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri girizildi.

Hatarynda döwlet düzümleriniň, şeýle hem 50-den gowrak kärhanalaryň, ulag, wagon gurluşygy, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, taslamalaşdyrmak, gurluşyk, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş, söwda we hyzmatlaryň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bolan topar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Munuň özi Russiýanyň iri sebitleriniň biri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýän çärä öwrüldi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, toparlaryň ýolbaşçylary şu günki duşuşugyň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassykladylar. Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Swerdlowsk oblastynyň gubernatory Ý.Kuýwaşew Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň türkmen döwleti bilen işewür hem-de dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, sebitara derejesinde Türkmenistan Swerdlowsk oblasty üçin örän ähmiýetli bolup durýar. Çünki Orta Ural sebitinde Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Wekilçilikli toparyň baştutany Russiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge, şeýle hem ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Maslahatda çykyş eden türkmen tarapynyň wekilleri myhmanlary Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, oňyn özgertmeleriň baş maksady ýurduň ägirt uly ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, ähli pudaklara täze tehnologiýalaryň we dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine, hususy telekeçilige giň goldaw berilmegine daýanýan ykdysady strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iş ýüzünde ýerine ýetirilýän çäreleriň netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary görkezijilerine eýe bolýar we dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşýar. Munuň özi abraýdy halkara düzümleriniň bilermenleri tarapyndan birnäçe gezek tassyklandy.

Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň iri senagat we medeni merkezleri, sebitleri, şol sanda Swerdlowsk oblasty bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek Türkmenistan üçin türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we göni gatnaşyklary mundan beýläk-de artdyrmaga meýillidigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleri, şol sanda Russiýanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýän Swerdlowsk oblasty bilen daşary söwda gatnaşyklary babatda oňyn tejribe toplandy diýip, maslahata gatnaşyjylar bellediler we ykdysady ulgamda bolşy ýaly, medeni-gumanitar we ylym -bilim ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy nygtaldy. Bar bolan senagat kuwwatlyklary, şeýle hem eksport edilýän harytlaryň mukdaryny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk babatda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Şunda türkmen tarapy nebiti gaýtadan işlemek arkaly alnan we nebithimiýa, oba hojalyk, ýeňil senagat, dokma we haly önümlerini ugratmaga taýýardyr.

Maşyn gurluşygy pudagy özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şonuň bilen baglylykda, dürli görnüşdäki ulag serişdeleri üçin täze enjamlary, ätiýaçlyk şaýlaryny ugratmak, şeýle hem demir ýol pudagynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak babatda buýurmalary ýerine ýetirmek boýunça ugurdaş hyzmatlar hödürlendi. Gurluşyk we himiýa senagaty ulgamlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde görkezildi. Mundan başga-da, Swerdlowsk oblastynyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýangyç-energetika toplumynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdiler. Bellenilişi ýaly, birnäçe iri kompaniýalar we ylmy-önümçilik pudaklary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary ugratmaga taýýardyr. Şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nazara almak bilen, ýokary tehnologiýalar pudagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugur hökmünde görkezildi. Şunda, kärhanalaryň, ylmy-barlag we bilim edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, pudagara derejesindäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilmeginiň ähmiýetlidigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, sebitiň edaralary we guramalary türkmen hyzmatdaşlary bilen hususy önümçiligi guramak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslama hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhmanlaryň aýdyşlary ýaly, türkmen paýtagtynda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIII Halkara sergisi Swerdlowsk oblasynyň senagat we önümçilik kuwwatlyklaryny äşgär etmek üçin oňaýly mümkinçilik boldy. Mundan başga-da bu çärede ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň giň möçberli sergisi russiýaly hyzmatdaşlara ýurduň baş şäheriniň ýeten derejesi, onuň ösüşiniň geljekki ugurlary bilen tanyşmaga, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi.

Işewürlik maslahatynyň barşynda häzirki zaman talaplaryna, iki ýurduň we halklaryň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän mümkinçilikleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň we Swerdlowsk oblastynyň ykdysady ýagdaýy hakynda wideofilmler görkezildi.

Şu günki duşuşygyň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar birek-birege ynanyşmak we özara peýdaly esasda ýola goýulýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly häsiýete eýedigini ýene bir ýola bellediler we netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin bir bitewi binýadyň kemala getirilmegine umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen şeýle duşuşyklaryň yzygiderli guralmagynyň derwaýysdygyny bellediler. Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, geçirilen işewürlik maslahaty Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde we Swerdlowskiniň kärhanalarynyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegine başlamakda möhüm ädim boldy.

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Hökümetinde geçirilen duşuşygyň barşynda we maslahatyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryndaky özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar üçin “Mizan” işewürlik merkeziniň eýwanynda dokma, haly we zergärçilik önümleriniň sergisi guraldy.