Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 778
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we bu ugurda halkara tejribesini nazara almak bilen, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz binalary we desgalary gurmak, enjamlary satyn almak boýunça geçirilýän bäsleşikleriň, şol sanda halkara bäsleşiklerini mysal getirdi. Döwlet Baştutanymyz bu işi kadalaşdyrýan bitewi kanunyň we degişlilikde, kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýokdugy sebäpli, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bäsleşikleri özbaşdak geçirýändiklerini belledi. Netijede, bäsleşikleri geçirmekde käbir meseleler we kynçylyklar ýüze çykýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda köpsanly binalar we desgalar gurulýar, daşary ýurtlardan dürli enjamlar satyn alynýar, şoňa görä-de, bäsleşikleriň ýurdumyzyň kanunçylygyna doly laýyklykda we aç-açanlyk ýagdaýynda geçirilmegini gazanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady we milli parlamentiň ýolbaşçysyna ýurdumyzda bäsleşikleri geçirmek hakyndaky kanunçylygy has-da kämilleşdirmegi we bu ugurda zerur bolan kanunlary işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat Konsepsiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň iýun aýynyň başynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň maksatnamasy barada habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-türk gepleşikleri iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmelidir. Şol hyzmatdaşlyk bolsa dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, türkmen we türk halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy däpleriniň umumylygyna daýanýar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär. Şol resminamalar soňky ýyllarda okgunly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň saldamly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkider.

Şunda ýokary derejede yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistanyň we Türkiýäniň doly möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlylygynyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi. Şol duşuşyklaryň her birinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Olar ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge höweslendirýär.

Saparyň maksatnamasynda möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň duşuşygyna gatnaşmagy maksadynda döwlet Baştutanymyzyň Bodrum şäherine baryp görmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär we mundan beýläk hem bu döredijilikli ugra eýermegi göz öňünde tutýar diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ilki başdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda, milli hem-de özara bähbitleri we umumy abadançylygyň maksatlary nazara alnyp guralýan döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem gumanitar-medeni ulgamda täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, meşhur türk kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işleýändigini ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Şol kompaniýalar Türkmenistanda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalary hem-de giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, pudaklaryň köpüsini öz içine alýan özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ähli amatly şertleriň bardygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Munuň özi iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Türkiýe Respublikasyna boljak resmi sapara taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypalary ýazmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň çäginde bar bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we olary gorap saklamak boýunça hukuk binýadyny döretmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar bermek bilen, wise-premýer ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenýän desgalaryň üstünde durup geçdi. Esasan-da, “Gadymy Dehistan” döwlet goraghanasyna degişli bolan Gökjikdepe ýadygärliginde türkmen-ispan ylmy barlag toparynyň ýazky arheologiýa möwsümi mahalynda seýrek duş gelýän diwarly täsin desganyň üstüni açandygyny belledi. Bu işleriň netijeleri bolsa Gadymy Dehistany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlanylan resminamalary ylmy taýdan has-da berkitmäge ýardam berer. Şeýle hem bu sanawa Beýik Ýüpek ýolunyň desgalaryny girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde gadymy döwürlerde Türkmenistanyň çäginden geçen kerwen ýollarynyň esasy ugurlary kesgitlendi. Bu ýoluň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleri sanawa girizmek maksady bilen, taryhy desgalaryň 20-si saýlanyp alyndy. Häzirki döwürde halkara talaplaryna laýyklykda, şol ýadygärlikler boýunça resminamalaryň toplumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Amul bilen Merwiň aralygynda ýerleşýän Amul galasy, Akjagala kerwensaraýy, Gökgümmez kümmetleri ýaly üç ýadygärligi şol sanawa girizmek boýunça degerli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häzikri döwürde “Görogly” eposy bagşylaryň dessançylyk sungaty hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlendi. Köýtendagyň täsin tebigatyny hem-de Badhyz goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Soňra wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Medeniýet ministrliginiň ýanynda maddy däl medeni mirasy baradaky ylmy-usulyýet edarasyny döretmek bilen baglanyşykly meseläni hödürledi. Bu düzümiň döredilmegi ÝUNESKO-nyň maddy däl ruhy-medeni mirasy goramak baradaky konwensiýasynyň kadalaryna laýyk gelýär. Bu konwensiýa Türkmenistan 2011-nji ýylda goşuldy. Onuň işi türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli türkmen halk döredijiligine, senetçilik, halyçylyk, keçe basmak sungatyna, zergärçilik işine, saz sungatyna, tanslaryna, däp-dessurlaryna, milli binagärlik çeperçilik usullaryna aýawly çemeleşmäge, olary saklamaga, öwrenmäge we arhiwleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu işleriň alnyp barylmagy görkezilen ugurlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen çykyş etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milletiň umumydünýä ähmiýeti bolan taryhy-medeni mirasyny, şol sanda maddy däl ruhy mirasyny gorap saklamak, olary öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmgiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýan ÝUNESKO bilen däp bolan gatnaşyklara ähmiýet berýändigini belledi. Soňky ýyllarda netijeli gatnaşyklar ýerine ýetirilýän bilelikdäki taslamalaryň üsti bilen hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Taryhy-binagärlik ýadygärliklerini gorap saklamak, dünýä medeniýetiniň ösüşine türkmen halkynyň önjeýli goşandyny alamatlandyrýan milletiň taryhy-medeni, ruhy mirasyny öwrenmek ulgamynda ÝUNESKO bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklar yzygiderli dowam etdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň taryhyna we halkymyzyň beýik medeniýetine güwä geçýän taryhy-medeni goraghanalary däl, eýsem, ajaýyp tebigy desgalar, şeýle hem nesilden-nesle geçip gelýän aýdym-saz ýörelgeleri, tans dessurlary we türkmen halkynyň beýik ruhy dünýäsine şaýatlyk edýän beýleki dessurlary girizilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem wise-premýer Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň we Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezlerinde, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň medeni-dynç alyş künjeklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri we bu sene mynasybetli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň meýilleşdirilýän açylyş dabaralary barada habar berdi.

Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk çärelerine degip geçmek bilen, çagalygy goramagyň meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milli Liderimiz wise-premýerler M.Ýazmuhammedowa hem-de S.Toýlyýewe ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynda täze kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol kärhanalar ýurdumyzyň çig malyndan öndürilýän, Diýarymyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri çykarar.

Öňde goýlan wezipä laýyklykda, Balkan welaýatyndaky iki bazalt ýatagynyň senagat gorlaryna baha bermek boýunça toplumlaýyn barlag işleri ýerine ýetirildi. Bu dag jisiminiň nusgalary boýunça synag geçirilip, deslapdan bazalt daşyndan üznüksiz bazalt süýümi alyndy. Häzirki wagtda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri bazalt çig malyndan üznüksiz bazalt süýümini hem-de ondan kompozision gurluşyk materiallaryny öndürýän iki zawodyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak we olaryň taslamalaryny düzmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Bellenilişi ýaly, bazalt süýümi örän berkligi bilen häsiýetlendirilýär. Ol berkligi boýunça polatdan 2,5 esse we aýna süýüminden 1,5 esse ýokarydyr. Ol ýokary we pes temperaturalara poslama, aşgarly, kislotaly we duzly gurşawlara çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şu häsiýetlere eýe bolmagynyň netijesinde, bazalt süýümi we ondan taýýarlanylýan ses geçirmeýän hem-de ýylylyk saklaýan materiallar häzirki wagtda giňden ulanylýar. Şol materiallaryň ulanyş möhleti 50-100 ýyla barabardyr. Hususan-da, olar senagat we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagatynda, awtomobil we maşyn gurluşygynda, elektrik energiýasynda, metallurgiýada, oba hojalygynda, gämi gurluşygynda, nebithimiýada we beýleki pudaklarda ulanylýar. Şunda bazalt süýüminden öndürilen önümleriň ekologiýa taýdan howpsuz önümleriň hataryna girýändigi hem-de olaryň önümçiliginiň dünýäniň köp ýurtlarynda okgunly ösdürilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça kesgitlenen ägirt uly wezipeler senagat pudagynyň düzümini giňeltmek boýunça netijeli çäreleriň geçirilmegini talap edýär diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakyn ýyllarda ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän, iň kämil tehnikalar bilen üpjün edilen täze senagat kärhanalary döredilmelidir.

Şunda dürli peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň – gaty magdanlaryň we minerallaryň ýataklaryny özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi dürli gurluşyk we gurluşyk materiallaryny hem-de senagat önümlerini öndürmegi ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklerini açýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyndaky işleriň ýagdaý, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, ýurdumyzyň balyk hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň balyk we beýleki tebigy baýlyklaryny köpeltmek we rejeli peýdalanmak, halkymyzy balyk we balyk önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan täze suw howdanlaryny özleşdirmek, içerki suw howdanlarynda balyk tutulyşyny we balyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda balyk hojalygynyň kärhanalary tarapyndan “Altyn asyr” Türkmen kölünde senagat taýdan balyk tutmagy ýola goýmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistan üçn degişli doňduryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan balyk tutujy gämileriniň ikisiniň we köp maksatly ýöriteleşdirilen balyk tutujy – ulag gämisiniň biriniň gämi gurluşyk zawodynda gurmak işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňlemek bilen, ýurdumyzyň balyk hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmegiň, balyklary emeli usulda köpeltmegiň we ýurdumyzyň bazarlarynda bu önümiň bolçulygyny döretmek hem-de ony daşary ýurtlara ibermegi mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, balyk tutmagyň möçberlerini artdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, anyk netijeleri gazanmak üçin meýilleşdirilen ähli çäreleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 1-nji iýunda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň 5-nji maslahatyna, şeýle hem 3-nji iýunda geçiriljek türkmen-türk işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hökümetara toparynyň mejlisinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi baradaky meselelere garalar, şeýle hem deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklanylar. Bilelikdäki işewürlik maslahatynyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň ýolbaşçylary we agzalary, iri türk kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy böleginiň wekilleri gatnaşarlar. Duşuşygyň çäklerinde işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda soňky ýyllarda emele gelen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, öňde boljak mejlisiň döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolmak bilen iki dostlukly döwletiň we halklarynyň bähbidine iri möçberli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigini belledi. Bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegi gyzyklanma bildirýän ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iki döwletiň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-türk hökümetara toparynyň we bilelikdäki işewürlik maslahatynyň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdäki möhüm ornuny belläp, bu duşuşyklaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek maksady bilen täze gurallary işläp taýýarlamaga we anyk çäreleri kesgitlemäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Toparyň mejlisini we işewürlik maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň jemleri barada habar berdi.

Ýurdumyzyň ylmyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň sekizisi boýunça yglan edilen bäsleşige ylmy işleriň 840-sy hödürlenildi, olaryň awtorlary ylmy-barlag edaralarynyň ýaş hünärmenleridir we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Belli alymlardan düzülen topar tarapyndan bäsleşige hödürlenen ylmy işleriň möhümliginden, ylmy täzeçilliginden şol işleri önümçilige ornaşdyrmagyň netijeleriniň we geljeginiň iş ýüzündäki derwaýyslygyndan ugur alnyp, seljermeler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek we sylaglamak baradaky Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet derejesinde geçirilýän şunuň ýaly bäsleşiklere alymlar bilen bir hatarda, türkmen talyplarynyň hem gatnaşmagyny ylmy-barlag işlerine zehinli ýaşlary çekmäge, ylmyň we bilimiň utgaşdyrylmagyna, fakultetlerde we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezlerinde islege eýe bolan amaly barlaglaryň geçirilişini ösdürmäge ýardam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek baradaky Karara gol çekmek bilen, döwletimiz hemişe iň gowy ylmy başlangyçlara, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam berer diýip nygtady hem-de wise-premýere ýurdumyzda ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny höweslendirmek, ýaş alymlaryň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşýan goşantlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy üpjün etmek barada tabşyryk berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, onuň myhmanhana düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler esasan-da paýtgatymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Prezident” myhmanhanasynyň durkuny täzelemek bilen bagly taslamalar görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýokary derejesini nazara almak bilen, Aşgabady abadanlaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň ählisini çözmäge düýpli we oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini we degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň myhmanhana düzümini döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada durup geçip, soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we halkara ähmiýetli iri çäreleriň hem-de forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi. Munuň özi paýtagtymyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň myhmany kabul etmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we bu ulgamdaky döwrebap tehnologiýalary giňden ulanmagyň, paýtagtymyzyň myhmanhanalarynda ýokary derejeli hyzmatlaryň üpjün edilmeginiň, şeýle hem “Prezident” myhmanhanasynyň durkunyň döwrüň talaplaryna laýyk derejede täzelenmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde amala aşyrylýan taslamalara ýurdumyzyň telekeçilerini we kompaniýalaryny has işjeň çekmegiň, täze desgalaryň gurluşygynda we bar bolan desgalaryň durkuny täzelemekde olaryň kuwwatyny giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulýan binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbine, daşky we içki bezegine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işlerini alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça däne orýan kombaýnlaryň 2024-si taýýar edildi, olary iki iş çalşygynda işletmek göz öňünde tutulýar. Galla kabul ediş bölümleriniň jemi 155-sine 8 müňden gowrak awtoulaglar ýygnalan bugdaý hasylyny bökdençsiz daşar.

Möwsümde däne orýan kombaýnlary bökdençsiz işletmek maksady bilen, sazlaýjylardan, abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan toparlar döredilip, olar ähli zerur bolan enjamlar we awtoulaglar bilen üpjün edilýär. Şeýle hem orak döwründe meýdan düşelgelerinde mehanizatorlara, sürüjilere we beýleki işgärlere oňaýly iş şertlerini döretmek hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryny, göçme söwda hyzmatlaryny guramak boýunça işler alnyp barylýar. Galla oragynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda obasenagat toplumynyň edaralarynyň wekilleriniň, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň gowy netijeleri berýändigini nygtady. Merdana daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Öz nobatynda, döwletimiz daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, ene toprakdan ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredýär. Döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, oba hojalyk işgärleri ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanýarlar. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri bizi has-da guwandyrýar. Şu ýyl hem merdana babadaýhanlarymyzyň yhlasly we halal zähmeti netijesinde, ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzir gallaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür – orak möwsümi ýetip geldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gallaçylarymyzyň öňünde durýan indiki wezipäniň köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we zaýasyz ýygnap almakdan ybaratdygyny nygtap, orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 4-nji iýundan, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berdi.

Asylly däbe görä, il içinde sylanýan we hormatlanýan ýaşulularymyzdan ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylarymyza, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaý hasylynyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer şeýle hem 5-nji iýunda bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bu senä gabatlanylyp, baýramçylyk çäreleriniň birnäçesi geçiriler. Şol çäreleriň hatarynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk” atly maslahat bar. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary, ekologlar, döwlet tebigaty goraýyş düzümleriniň hünärmenleri, şeýle hem iri halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni barada aýdyp, Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynda ekologiýa meselelerine uly üns berilýändigini nygtady. Ýurdymyz bu senäni bütin dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde belläp geçýär. Bu ulgamda türkmen topragynyň täsin tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini saklamaga, onuň baýlyklarynyň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Biologiki köpdürlüligi aýawly saklamak boýunça netijeli çäreler geçirilýär, suw hojalyk taslamalary hem-de giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamalar amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygy barada durup geçip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýandygyny hem-de bu ugurda halkara guramalarynyň köpüsi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn belledi. Milli Liderimiz Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Hususan-da, demir ýol enjamlaryny satyn almak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny toplumlaýyn gurmak taslamasynyň tanyşdyrylyş çäresine gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi we ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleriniň aýdylan bellikleri hem-de tabşyryklary hasaba almak bilen bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Şeýle hem “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň desgalarynyň gurlandygy aýdyldy. Etrek stansiýasynda bir gije-gündiziň dowamynda 400 sany wagony abatlaýyş merkeziň gurluşygy barada habar berildi, şu maksat bilen ýük göterijileriň 50 toplumyny, ýük göterijiligi 12,5 tonna bolan demir ýol kranlaryny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Etrek stansiýasynda tigir jübütlerini çalyşýan merkeziň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, wagonlaryň iki okly arabalaryny satyn almak barada halkara bäsleşigi yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ähli kärhanalarynda iň täze işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň, durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz demir ýol ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Bu bolsa demir ýol pudagynyň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze demir ýollary gurlanda we ozal bar bolanlarynyň durky täzelenende iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gurluşygyň ýokary hil derejesini üpjün etmek möhümdir, bu bolsa ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamyny uzak döwrüň dowamynda ulanmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Bereket-Etrek demir ýolunyň gurluşygyny tehniki taýdan üpjün etmek meselelerine degip geçmek bilen, ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň gatnaşýan bu taslamasyny ýokary hilli we çalt depginlerde durmuşa geçirmegi gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirmek işleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrliginde Ýol gurluşyk müdirligini döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak maksady bilen, “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň barşyna barlag geçirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän maslahat beriji kompaniýany saýlap almak babatda halkara bäsleşigini geçirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilýändigi habar berildi.

Ýol gurluşygy ulgamynda durmuşa geçirilýän maksatnamanyň möhüm wezipelerine ünsi çekmek bilen hormatly Prezidentimiz bar bolan ýollaryň ýokary hil derejesinde döwrebaplaşdyrylmagynyň we täzeleriniň gurulmagynyň hem-de olaryň ýokary ulanyş derejesinde saklanmagynyň möhümdigini belledi.

Wise-premýere ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekdi. Ykdysady nukdaýnazardan ulag ýollary ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak we şol sanda üstaşyr ugurlary üpjün etmek üçin amatly şertleri üpjün edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki şertlerde ýük dolanyşygynyň möhletleriniň gysgaldylmagy çynlakaý bäsdeşligi üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

“Aşgabat-Türkmenbaşy” ýolunyň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýokakry tizlikli awtomobil ýollarynyň milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi we wise-premýere degişli meseleler boýunça gelip gowuşýan teklipleriň öwrenilmegini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Bellenilşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna we görkezmelerine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň goragçylary we olaryň maşgala agzalary üçin ýokary derejeli myhmanhananyň gurluşygy barada habar berildi.

Şeýle hem bu düzümlerde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda we Gökderede ýerleşýän ulgama degişli çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanmagynyň kepili bolup durýan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyna yzygiderli eýerýändigini belledi. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetinde bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli çäreleri durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwrüň talabyna laýyk gelýän zähmet, durmuş we dynç alyş şertleriniň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň üstünlikli gullugy üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz durmuş-medeni maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň baş maksadynyň halkymyza, Watanymyza birkemsiz gulluk etmekden ybaratdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz her bir esgeriň, serkerdäniň mähriban Watanymyzyň çäklerini, halkymyzyň parahatçylygyny we abadançylygyny goramak ýaly mukaddes borjy ýerine ýetirýändigine çuňňur düşünmeginiň zerurdygyny nygtady.

Hormatyň yhlasly zähmet, Watana, halkymyza çäksiz söýgi bilen gazanylýandygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň bilim we taýýarlyk derejesini, hemmetaraplaýyn ösüşini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän ýaş esgerleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu babatda birnäçe çäreler durmuşa geçirildi, ilkinji nobatda bolsa harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hukuk goraglylygyny hem-de maddy üpjünçiligini öz içine alýan durmuş kepilligi kesgitlenen degişli kanunçylyk namalary kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk taýdan kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ünsüni çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň ýolbaşçysyna mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, olar üçin döredilýän ýeňillikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we başga-da zerur çäreleri görmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mähriban Watanymyzyň rowpaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.