Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-nyň demokratik institutlar we adam hukuklary Býurosynyň ýolbaşçysy Aleksandr Kelçewskiniň baştutanlygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalary bilen duduşyk geçirildi.
Özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy, bu hyzmatdaşlygyň esasyny bolsa ösüşe we abadançylyga, adamalaryň howpsuz we bagtyýar durmuşy üçin has amatly şertleri döretmäge umumy çemeleşmeler düzýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwleti öz tassyk eden konwensiýalaryna we halkara hukugynyň beýleki namalaryna laýyklykda borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen adam hukuklaryna we azatlyklaryna degişli esasy düzgünleri durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan giň halkara gepleşiklerini, şol sanda hukuk ulgamynda işjeňleşdirmäge gönükdirilen “açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzda geçirilýän dürli saýlaw çärelerine, hususan-da, ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda möhüm waka bolan, 2013-nji ýylda milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň täze deputatlar düzüminiň saýlawlaryna köp ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan halkara synçylarynyň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistana çagyrylmagynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha bermek bilen, myhmanlar Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň öz tarapyndan mundan beýläk-de türkmen tarapyna saýlaw ulgamynda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmelerini ilerletmekde, tutuşlygyna demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmakda hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda soňky ýyllarda raýat hukugy boýunça halkara bilermenleriniň çagyrylmagy bilen, yzygiderli geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň, duşuşyklaryň hem-de “tegelek stollaryň” geçirilmegi arkaly özara tejribe alyşmagy hem-de halkara hukugynyň hereket edýän kadalary bilen tanyşdyrylmagyny hem öz içine alýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetilendiginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda umumy bähbitlere we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk geýän netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.
ÝHHG-nyň demokratik edaralar we adam hukuklary boýunça Býurosynyň wekiliýetiniň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynda we beýleki pudaklaýyn edaralaryň birnäçesinde hem duşuşyklar geçirildi.