Ï Aşgabatda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy ýurtlaryň nobatdaky mejlisi açyldy

view-icon 2433
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (Tähran konwensiýasy) 5-nji mejlisi öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça türkmen tarapyndan bu mejlisi guramagy we geçirmegi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy amala aşyrýar.

BMG-niň Ýewropa üçin daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň sebit edarasynyň ýanyndaky Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn müdiriýetiniň ýardam bermeginde geçirilýän üç günlük ekologiýa maslahatynyň işine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden peýdalanmak boýunça döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň wekiliýetleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin BMG-niň Ýewropa üçin daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň sebit edarasynyň ýanyndaky Tähran konwensiýasynyň wagtlaýyn müdiriýetiniň direktory we sebit wekili Ýan Dusigiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýörite Aşgabada geldi.

Duşuşygyň gün tertibine dünýäniň örän uly içki suw howdanlarynyň biri bolan Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny üpjün etmek maksady bilen Tähran konwensiýasynyň örän möhüm binýatlyk resminamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak meseleleri girizildi.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu mejlis Türkmenistanyň Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmegiň yzygiderli tarapdary bolup çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň umumy ykrar edilen subutnamasydyr, bu bolsa dünýäniň iň iri deňizleriniň biri bolan, tebigatyň hakyky göwheri hasaplanýan, örän baý köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan Hazar deňziniň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilen “Rio+20” Bütindünýä duşuşygynda bu barada aýtmak bilen, hemişelik hereket edýän edara hökmünde Hazar ýalpaklygynda daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak üçin Hazar ekologiýa forumyny döretmek baradaky örän möhüm başlangyç bilen çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar Hazar deňziniň Ýewraziýa giňişliginde örän möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolmak bilen, kuwwatly energetika, ulag we aragatnaşyk geçirijisi hökmünde çykyş edýändigini bellediler. Deňiz ýakasynyň işjeň özleşdirilmegi, nebit we gaz senagatynyň ösüşiniň ýokary depginleri, turba geçirijileriň we ulag ýollarynyň ulgamlarynyň artdyrylmagy—bu şertleriň özi sebitde özara ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerurlygy bilen düşündirilýär. Bu hyzmatdaşlyk bolsa pugta hukuk kadalaryna, deňhukuklylyga we Hazarýaka döwletleriň ählisiniň bähbitleriniň, şol sanda ekologiýa abadançylygyny, biologiýa köpdürlüligi, bu gaýtalanmajak tebigy toplumyň örän baý serişdelerini tygşytly peýdalanmaga esaslanmalydyr.

2013-nji ýylda güýje giren Tähran konwensiýasy Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlaryny kesgitleýän we bu sebitde baglaşylan binýatlaýyn esasy resminamadyr. Onuň düzgünleri Hazar sebitindäki ýurtlaryň deňziň tebigy we gidrologiýa gurşawyny goramak, kenarýaka çäkleriň geljekki nesiller üçin durnukly ösüşini üpjün etmegiň milli hem-de sebitleýin maksatnamalaryny we meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bu sebitde özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen Hazar deňziniň tebigy serişdelerini netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz özleşdirmekde, onuň örän baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramakda we köpeltmekde, bu deňziň ägirt uly mümkinçiliklerini ösdürmekde täsirli gurallary we ýörelgeleri kemala getirmek boýunça uly ähmiýetli halkara merkezine öwrülýär.

Taraplaryň şu gezekki duşuşygynda dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy sebit we ählumumy derejede gorap saklamak boýunça möhüm ylalaşylan çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny işjeň goldaýandygy bellenildi. 2010-njy ýylda Baku şäherinde (Azerbaýjan Respublikasy) döwlet baştutanlarynyň Hazar duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Hazarýaka sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkarar etmek üçin örän möhüm hukuk guraly bolan Tähran konwensiýasyna goşmaça Teswirnamalaryň ylalaşylmagynyň we kabul edilmeginiň zerurdygy baradaky çözgütleriň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede Bakuda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan türkmen Lideriniň sebitiň ýurtlarynyň hökümetleriniň derejesinde Hazarda işleriň dürli görnüşlerini kadalaşdyrýan täze ylalaşyklar toplumyny taýýarlamak baradaky anyk teklipleri goldanyldy.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa goşmaça hökmünde Hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan iki teswirnama-- nebitli dökülmegi bilen hapalanmak ýagdaýy ýüze çykan halatynda sebitleýin taýýarlyk, hereket etmek we hyzmatdaşlyk baradaky teswirnama (taraplaryň Gazagystanyň Aktau şäherindäki maslahatynyň 3-nji mejlisi, 2011-nji ýyl) hem-de Hazar deňzini ýerüsti çeşmeler arkaly we gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça teswirnama (taraplaryň maslahytynyň 4-nji mejlisi, 2012-nji ýyl, Moskwa şäheri) işlenip düzüldi, kabul edildi we gol çekildi.

Häzirki wagtda Aşgabatda geçirilýän Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň nobatdaky 5-nji mejlisi Hazarýaka ýurtlarynyň bu möhüm ugurda bilelikde ylalaşykly netijeli hereket etmeginiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Taraplaryň maslahatynyň şu gezekki mejlisiniň barşynda gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar boldy, olaryň çäklerinde Hazar deňziniň biologiýa köpdürlüligini goramaga gönükdirilen nobatdaky resminamalara garamaga we ylalaşmaga girişildi.

Bu resminamalaryň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigi şübhesizdir. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri sebitiň biologiýa köpdürlüliginiň ählumumy derejede örän gymmatly genofonduny düzýär.

Deňizde işleri alyp barmaga diňe jogapkärli, berk ylmy esasda çemeleşilmegi uzak geljek üçin balykçylyk pudagyny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer. Hazaryň biologiýa serişdelerine we deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ulgamda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek, ilatyň ekologiýa sowatlylygyny artdyrmak ýaly meseleler möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň ählumumy meselelerini, şol sanda daşky gurşawy goramak ulgamynda meseleleri üstünlikli çözmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, Hazaryň biologiýa köpdürlüligini gorap saklamak meselelerinde dünýä bileleşiginiň toplumlaýyn çemeleşmegi we tagallalaryň birleşdirilmegi bu sebitde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidine oňyn netijeleri berer.

Ertir mejlis öz işini dowam eder.