Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 769
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Watanymyzda parahatçylygy we rahatlygy üpjün etmek boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek babatda goýlan wezipeleri berjaý etmäge degişli işleriň netijelerine garady.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gözegçilik edýän ministrliklerinde we edaralarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabatlaryny diňledi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan iri möçberli harby özgertmeler barada Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew umumy hasabat berdi. Şeýle hem ol milli howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmak hem-de döwlet ösüşiniň hemme bellenen meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin aýrylmaz şert bolup durýan amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýynyň saklanmagy boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Harby ulgamda geçirilýän düýpli özgertmeleriň aýratyn möhümdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda üns bermeli esasy üç meselä aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, gürrüň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-üpjünçilik binýadynyň gyşarnyksyz pugtalandyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy, hünärli harby işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmek hem-de harby gullukçylar we olaryň maşgalasy üçin iň amatly gulluk we durmuş şertlerini döretmek barada barýar. Şeýle hem öz watandaşlarynyň rahat we abadan durmuşy ýaly iň gymmatly baýlygyny goraýan ýaş harbylaryň harby we watançylyk terbiýesini hemişelik kämilleşdirmegiň zerurlygy barada bellenip geçildi.

Döwlet Garaşsyzlygyny has-da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan Milli howpsuzlyk ministrliginiň kesgitleýji orny barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz özgertmeler ýoly bilen öňe gitmekligiň birnäçe alamatlar bilen kesgitlenýändigini, esasan-da, halkyň agzybirligi we jebisligi, onuň ertirki güne ynamy bilen kesgitlenýändigine ünsi çekdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri hem-de Türkmenistanyň serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmek boýunça üstlerine ýüklenen jogapkärli wezipäniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet serhedini goramak boýunça Gullugyň üstüne ýüklenen wezipäniň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi we döwletimiz serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerinde yzygiderli goldaw berýär diýip belledi. Emma muňa garamazdan, döwlet serhet gullugynyň işlerini guramagyň derejesi bildirilýän häzirki talaplara gabat gelmeýär. Şunuň bilen baglylykda, Gullugyň ýolbaşçylaryna düýpli nägilelik bildirmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goraglylygyny doly üpjün etmegi talaba laýyk guramandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy Yslamow Myrada we onuň orunbasary — baş karargähiniň başlygy Eýeberenow Batyra berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, olaryň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Soňra Goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, onuň harby tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilip yzygiderli alnyp barylýan harby özgertmeler maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri yzygiderli amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň we Türkmen döwletiniň degişli harby-syýasy strategiýasynyň ygtybarly daýanjy bolup durýar, bu strategiýa ýurdumyzyň bitaraplyk derejesini we onuň alyp barýan daşary syýasat ugryny nazara almak bilen, işlenip taýýarlandy diýip, milli Liderimiz kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinadan ugur alyp, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, olaryň şahsy düzümiň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmek bilen, olar barada yzygiderli alada etjekdigini nygtady.

Öňdäki wezipeler babatda ileri tutulýan meseleleri özbaşdak döwlet hökmünde kesgitlemek bilen Türkmenistanyň milli howpsuzlygy pugtalandyrmaga we halkyň bagtly we abadan durmuşynyň kepili hökmünde çykyş edýän milli goşunyň ýokary goranyş ukyplylygyny goldamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Şu ýylyň bäş aýynda IIM-niň işleriniň netijeleri barada habar berip, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini has-da berkitmek, raýatlaryň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şeýle hem dürli görnüşli hukuk bozulmalarynyň, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda düzgün bozmalarynyň öňüni almak babatda görülýän çäreler barada jikme-jik durup geçdi. Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyza Içeri işler edaralarynyň güni mynasybetli ýakynda bellenen sene mynasybetli geçirilen çäreler barada hasabat berildi.

Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň üstüne ýüklenen wezipe borçlaryň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Hasabat döwründe döwletiň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berjaý edilişine amala aşyrylýan gözegçildige degişli alnyp barylan işler barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat berdi.

Prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge, ilkinji nobatda kanunçylygyň üpjün edilmegine hem-de kanunlaryň berk berjaý edilişine degişli wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmäge ünsi çekip, milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň arzalaryny we şikaýatlaryny düýpli öwrenmegi hem-de hereket edýän milli kanunçylygy bozmaga synanyşyklaryň öňüni almagy talap etdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew öz gezeginde ýylyň başyndan bäri täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak arkaly Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda hakyky demokratik, hukuk döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmaga alnan hemmetaraplaýyn ugry gyşarnyksyz amala aşyrýan Türkmenistanyň görnükli gazananlaryny bellemek bilen, B.Çaryýew milli bähbitleriň goragynda durup, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň geljekde hem tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzyň kanunlarynyň ileri tutulmagyny üpjün etmek boýunça öz üstlerine ýüklenen jogapkärçiligi abraý bilen ýerine ýetirýändigini nygtady.

Kazylaryň kabul edýän çözgütleriniň ägirt uly jogapkärçiligini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz her bir jenaýat işine kanuny esasda çemeleşmegiň zerurdygyny görkezdi. Hemmeleriň kanunçylygyň we hukuk düzgüniniň häzirki zaman jemgyýetinde raýat parahatçylygynyň we milli ylalaşygyň esasy bolup hyzmat edýändigini ýatda saklamalydyr diýip, milli Liderimiz işgärler syýasatyny kämilleşdirmek babatda aýratyn tabşyryklary berdi.

Şu ýylyň 5 aýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýerine ýetiren işleri, hususan-da, Gullugyň işini kämilleşdirmek we ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleri has ykjam barlamak boýunça görülýän çäreler barada bu gullugyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi.

Gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleri ykjam seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak, şeýle hem ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen kontrabanda önümlerine garşy ygtybarly böwet bolmaga gönükdirilen gümrük nokatlarynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow çykyş edip, ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de adamzada uly howp salýan nägehan bolan neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreşiň çäklerinde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, çäreleriň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji düzümler we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilat arasynda wagyz-nesihat işleri, adamlary, aýratyn-da, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmäge we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga gönükdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Milli Liderimiz neşe maddalarynyň bikanun ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde neşe serişdeleriniň getirilmeginiň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleriň milli maksatnamalarynyň çäklerinde abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda neşeleri ýüze çykarmak we neşekeşlige böwet bolmak boýunça berk göreş alyp barar diýip aýtdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza hasabat döwri üçin amala aşyrylan işler barada habar berip, soňky ýyllarda ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň durnukly artýandygyny belledi. Bu ýagdaý halkara bileleşiginiň çalt depginler bilen ösýän Türkmenistana gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän dürli syýasy, ykdysady we medeni çäreleriň, şol sanda halkara maslahatlarynyň, sergileriň, festiwallaryň gyşarnyksyz artmagyny, netijede daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegini nazara almak bilen, migrasiýa gullugynyň işgärleri ýokary ussatlygyň nusgasyna öwrülip, ýokary hilli we döwrebap migrasiýa hyzmatlary etmekde öz wezipelerini takyk ýerine ýetirmelidir diýip belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýylyň başyndan bäri geçirilen işlere kanagatlanma bildirdi we türkmenistanlylaryň asuda durmuşyny, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri üpjün etmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň goşandynyň uludygyny belledi.

Milli Liderimiz Harby doktrinamyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolup durýandygyny bellemek bilen, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny gyşarnyksyz ýöredip, diňe önüňi alyş diplomatiýasyny wagyz etmegiň tarapdary bolup durýar diýip belledi. Bu diplomatiýa häzir dünýäde islendik dawalaryň we gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin möhüm serişde bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli ýolbaşçylardan işgärleri taýýarlamak ýaly möhüm meselä jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky goýberilişiniň hormatyna geçiriljek çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy tabşyrdy hem-de ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup, eziz Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etjekdiklerine ynam bildirdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de baş maksatlary eziz Watanymyzy goramak, halkymyzyň asuda we abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýan jogapkärli we hormatly gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.