Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna başlanýan resmi saparynyň öň ýanynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny gurşap alýan meseleleriň giň topary girizildi. Hususan-da, taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň barşy hakynda pikir alyşdylar, şeýle hem deň hukuklylyk we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýe bolmagyna kanagatlanma bildirmek bilen, mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä şu saparynyň we onuň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine we olary täze sepgitlere çykarjakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary depgine we ugurlaryň birnäçesi boýunça has-da ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolmagy bilen häsiýetlenýär. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlary, dokma senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy, azyk we maldarçylyk, gurluşyk, ulag, saglygy goraýyş, ylym we bilim, sport, medeniýet, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar görkezilip, olar boýunça özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirilýär.
2012-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda geçirilen dördünji mejlisiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşmak bilen wekiliýetleriň agzalary öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini bellediler. Şonuň bilen birlikde, iki dostlukly ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösmeginiň aýrylmaz şerti bolup durýan gatnaşyklaryň şertnamalaýyn - hukuk binýadyny gyşarnyksyz kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Türkmen-türk halklary taryhynyň, medeni we ruhy däpleriniň umumylygy bilen birleşendir.
Iki ýurduň däbe öwrülen ynamly gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny bellemek bilen, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň we Türkiýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlary Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmelere ýokary baha berýärler we toplanan oňyn tejribäni nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine ynanýarlar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän açyk gapylar syýasaty we ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy oňat şertleri döredýär.
Bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, hususan-da, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, iberilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň möçberlerini we görnüşlerini giňeltmek boýunça ylalaşylan çäreleri kabul etmegiň zerurdygy bellenildi. Umumy pikire görä, sergi-ýarmarkalaryň bilelikde guralmagy, döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, maýa goýum mümkinçiligini öwrenmek maksadynda saparlaryň amala aşyrylmagy, şeýle hem ýurtlaryň ikisinde geçirilýän halkara maslahatlaryna gatnaşmak muňa gös-göni ýardam eder.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen taraplar söwdada ulanylýan şertleri ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.
Iki doganlyk ýurtlaryň halklaryny ençeme asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan taryhy-medeni gatnaşyklary nazara almak bilen, taraplaryň ykrar etmegine görä, gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki topar ýurtlaryň ikisinde Medeniýet günleriniň geçirilmegini hem-de sungat işgärleriniň halkara festiwallaryna we beýleki aýratyn ähmiýetli medeni çärelere özara gatnaşmagyny dowam etmegi maslahat berdi.
Taraplaryň ylalaşmagy boýunça ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berler. Şu maksat bilen “Türkiýe, talyp haklary” atly taslamanyň çäklerinde türk tarapynyň türkmen ýaşlaryna berjek talyp ýerleriniň sanyny artdyrmak üçin usulyýet işlenip taýýarlanar.
Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň dostlukly ýurduň ministrliklerinde we edaralarynda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de Ankarada 3-nji iýunda açylýan türkmen-türk işewürler maslahatynyň girişine öwrülen mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli ara alnyp maslahatlaşylýan we kesgitlenen ädimleriň döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gös-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Taraplaryň ylalaşmagy bilen hökümetara toparyň nobatdaky – altynjy mejlisi 2015-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler.