Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary başlandy

view-icon 703
Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň “Boingi” Ankara şäheriniň bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Esenboga” Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda türkmen Liderini Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň tabşyrmagy boýunça doganlyk ýurduň resmi adamlary mähirli we şatlykly garşyladylar.

Şu ýerde, howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Türkiýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplar mähirli garşyladylar.

Ýygnananlary mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly düşelen ýoda boýunça ugrady.

Howa menzilinden çykyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Türkmenistanyň Baştutanyna bölünip berlen kabulhanasyna — ajaýyp “Sheraton-Lugal” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Ertir — 3-nji iýunda ýokary derejede geçiriljek türkmen-türk gepleşikleriniň ähmiýetlidigini Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň öň ýanynda Ankarada türkmen döwletiniň Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça bu ýere gelen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar hem tassyklaýar.

1-nji iýunda bu ýerde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ähli esasy ugurlarynda diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri hem-de bilelikde işlemegiň toplanan tejribesini we dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň oňat däplerini göz öňünde tutup, mundan beýläk-de netijeli özara hereket etmek üçin ygtybarly binýadyň kemala getirilmegine umumy, ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy bellediler.

2-nji iýunda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Türkiýe Respublikasynyň pudaklaýyn ministrliklerinde we edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirdiler. Şonda netijeli, döwrüň özüniň talap edýän hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilen özara pikir alyşmalar boldy. Onuň öňünde häzirki wagtda täze gözýetimler açylýar.

Işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň 3-nji iýunda türk paýtagtynda geçiriljek Türkmen-türk işewür forumynyň çäklerinde hem dowam etdiriljekdigini belläp geçmek gerek. Oňa hökümetiň agzalary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşar.

Bularyň hemmesi ähli esasy ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da depginli ösdürilmegi hem-de giň gerime eýe bolmagy üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, türk işewürligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin özüne çekiji bolan türkmen bazarynda saldamly orny eýeleýär. Türk maýalarynyň gatnaşmagyndaky kompaniýalar Türkmenistanda ähli hasaba alnan daşary ýurt kompaniýalarynyň köp bölegini düzýär. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge degişli iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şunda türk hyzmatdaşlary bilen dokma senagatynda, ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika pudagynda, gurluşykda, syýahatçylygy ösdürmekde alnyp barylýan gatnaşyklar nusgalykdyr.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 30-njy maýda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berip, ýokary derejede boljak nobatdaky duşuşygyň halklaryň gatnaşygynyň taryhy köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň häzirki döwürdäki özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň senenamasyna täze möhüm sahypany ýazmaga hyzmat etmelidigini belledi.

Hut ruhy ýakynlyk häzirki wagtda taryhyň, medeniýetiň we diniň umumylygy bilen baglanyşykly iki doganlyk halkyň diňe beýik gymmatlygy bolman, eýsem, ilki başdan milli aýratynlyklar, özara gyzyklanmalar hem-de umumy abadançylygyň maksatlary göz öňünde tutulyp guralýan köpýyllyk üstünlikli özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin möhüm esas bolup durýar.

Soňky ýyllarda özara saparlaryň ýygjamlaşmagy ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň aýratyn depginlidigi barada aýtmaga doly esas berýär. Bu bolsa iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de söwda-ykdysady we gumanitar aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge isleginiň we taýýarlygynyň özboluşly ölçegi bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň her biri häzirki zaman türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka bolup, onuň dostlukly häsiýetini köp babatda iki doganlyk ýurduň Liderleriniň arasyndaky şahsy gatnaşyklary kesgitleýär.

Duşuşyp hem-de döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen iki döwletiň ýolbaşçylary—Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we iki ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatly mümkinçiliklerini has doly herekete getirmegiň örän wajypdygyny ençeme gezek nygtadylar. Ol bolsa kuwwatly serişdeler binýadyna bolşy ýaly, ösen düzümlere hem degişlidir. Munuň özi diňe türkmen we türk halklarynyň däl, eýsem, umumylykda alanyňda bütin sebitiň halklarynyň bähbitlerine-de laýyk gelýän özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin hemme şertleri döredýär. Bu ýerde gürrüň işlerini alyp barmak türk hyzmatdaşlaryna ynanylan ýakynda badalga berlen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuny toplumlaýyn ösdürmegiň we özgertmegiň ägirt uly taslamasy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny has-da ösdürmek we türkmen gazyny daşary ýurtlara, şol sanda Ýewropa ugurlaryna hem ugratmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işjeň ara alnyp maslahatlaşylýan taslamalar barada barýar.

Şunuň bilen bir hatarda, taraplaryň tagallalary netijesinde ösüşiň kuwwatly itergisine eýe bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy hem ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň kesgitleýji şahasy bolup çykyş edýär. Şu babatda türk alymlary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy forumlaryna, pudaklaýyn maslahatlara we sergilere örän işjeň gatnaşýarlar, yzygiderli esasda iki halkyň Medeniýet günleri, bilelikdäki konsertleri we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri guralýar. Ylym-bilim aragatnaşyklary barada aýdylanda, bar bolan ylalaşyklaryň çäklerinde Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdyp bolar. Türkmenistanda umumy bilim berýän türkmen-türk mekdepleri, “Başkent” bilim merkezi, şeýle hem Halkara türkmen-türk uniwersiteti hereket edýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçen ýylyň maý aýynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolup geçendigini belläp geçmek ýerliklidir. Munuň özi doganlyk halklaryň gadymy dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan eden hem-de onuň çäklerinde Türkiýede we türki dilli ýurtlaryň ençemesinde birnäçe ähmiýetli ylmy we medeni çäreleri geçiren TÜRKSOÝ halkara guramasynyň başlangyçlary munuň ýene bir tassyknamasydyr. Şol çäreler geçirilen ýerlerde beýik türkmen şahyryna we Gündogaryň akyldaryna uly hormat we sarpa bilen garalýar.

Ýokary derejede geçiriljek häzirki gepleşikleriň gün tertibi barada aýdylanda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdulla Gülüň özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagy hem-de soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegi meýilleşdirýändiklerini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň meýilnamasynda şeýle hem Bodrum şäherinde geçiriljek Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Oňa türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde çagyryldy.