Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri uly üstünlik bilen geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, türkmen Lideri Ankara şäherine düýn günüň ikinji ýarymynda geldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna bu sapary taraplaryň uzakmöhletleýin we deňhukuklylyk esasda ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda özara gyzyklanmalarynyň nobatdaky gezek aýdyň tassyknamasydyr. Mälim bolşy ýaly, iki doganlyk halkyň taryhy taýdan medeni we ruhy umumylygy, ýurtlaryň ikisiniň hem giň möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygy dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky netijeli aragatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Şunuň ýaly oňyn işlerde iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan mähirli, ynamly gatnaşyklary ähmiýetli orun tutýar. Munuň özi köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmegiň girewi bolup durýar. Soňky ýyllarda yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary we hökümet derejesinde özara saparlaryň barşynda taraplar döwletleriň kuwwatly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagyň möhümdigini tassyklaýarlar.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň öňki duşuşyklarda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk hakynda gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hemme pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ýardam edýär. Muňa ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginli ösüşi, iki ýurduň ykdysady taýdan gülläp ösmegine we abadançylygyna ýardam etmäge gönükdirilen bilelikdäki möhüm taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýdyň mysal bolup hyzmat edýär.
Döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işine uly orun berilýär. Şu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň öň ýanynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirilendigini bellemek gerek. Onuň barşynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak we ony dürli ugurlar boýunça has-da ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Ankarada türk kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada özara pikir alşyldy hem-de mundan beýläk özara hereket etmegiň meýilnamalary anyklaşdyryldy.
Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga ikitaraplaýyn ymtylmalar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Abdulla Gül bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda tassyklanyldy. Syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn özara hereketleri ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilen täze döwletara resminamalaryna göl çekilmegi bilen ýokary derejedäki nobatdaky duşuşyk türkmen-türk gatnaşyklarynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.
... Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Sheraton-Lugal” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen kabulhanasyndan çykyp, Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Ata Türküň aramgähine tarap ugrady.
Täsin Baryş seýilgähiniň üstünden seleňläp görünýän Ankaradaky möhüm taryhy-medeni toplumlaryň biri bolan Ata Türküň aramgähiniň /Anytkabir/ merkezi girelgesiniň ýanynda türkmen Liderini türk tarapynyň resmi adamlary, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Ata Türküň baky aram tapan ýerine ajaýyp gül dessesini goýdy. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýäniň ajaýyp syýasy we döwlet işgärini bir minut dymmak bilen hatyralady.
Dabara tamamlanandan soň, türkmen Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag kerweni “Türkmenistan” seýilgähine tarap ugur aldy. Ol Ankaranyň iň owadan döwrebap seýilgähler toplumlarynyň biri bolan “Dikmen Wadisi” seýilgähinde ýerleşýär. Seýilgähiň esasy girelgesiniň öňünde türkmen döwletiniň Baştutanyny türk tarapynyň resmi adamlary, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary, Ankaranyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem türkmen talyplary mähirli garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara bolýan resmi saparlarynyň çäklerinde guralýan çärelere daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň gatnaşmagy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli oňyn syýasatyny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşmaga çalyşýan türkmen ýaşlarynyň belent watansöýüjilik we ruhubelentlik duýgularyna eýedigine şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna 2012-nji ýylda bolan resmi saparynyň barşynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan” seýilgähiniň hem-de onuň çäklerinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşy boldy. Bu seýilgäh we Gündogaryň beýik akyldarynyň ajaýyp heýkeli biziň ata-babalarymyz baradaky röwşen ýatlama uly hormat-sylagyň nyşany bolup durýar hem-de iki doganlyk halkyň bozulmaz dostlugyny alamatlandyrýar.
Döredijilik mirasy dünýäniň ruhy - genji hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga hormat goýup, Türkmenistanyň Prezidenti heýkeliň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna tarap ugrady. Dabaralary at eskortunyň ugratmagynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulagy “Çankaýa” köşgüne gelýär. Bu ýerde türkmen Liderini resmi taýdan garşylaýyş dabarasy boldy.
Kabulhana girelgäniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklary galdyrylypdyr. Bu ýerde eýýäm iki döwletiň hökümet wekiliýetleri ýygnandylar.
Türkmenistanyň Baştutanynyň awtomobili köşgüň esasy girelgesiniň öňünde saklanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Abdulla Gül mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite taýýarlanylan ýere geçýärler.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlaryna hormat garawulynyň serkerdesi hasabat berýär. Iki ýurduň Liderleri esgerleriň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Prezident Abdulla Gül hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Türkmen Lideri türk kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdagynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soň, Prezident Abdulla Gül belent mertebeli türkmen myhmanyny öz iş otagyna çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejede ikiçäk görnüşde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Türk topragynda ýokary derejeli türkmen myhmanyny ýene-de kabul etmäge tüýs ýürekden şatdygyny belläp, Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna şu saparynyň ähmiýetini nygtady. Şu sapara bu ýerde döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berilýär. Bu ýagdaý iki tarapyň hem hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk eldýär diýip, Türkiýäniň Baştutany aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türk Lideri uly oňyn tejribä eýe bolup, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän hem-de örän amatly geljegi bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň barha artýan depginini kanagatlanmak bilen nygtady.
Prezident Abdulla Güle resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna gelmäge çakylygy we mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen Lideri öz gezeginde Türkmenistanyň Türkiýäniň mysalynda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli dosty we ygtybarly hyzmatdaşy görýändigini nygtady. Bu ýurt bilen Türkmenistan ähli ugurlar boýunça örän ýygjam we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidir. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, doganlyk türkmen we türk halklaryny örän köp zatlar baglanyşdyrýar we birleşdirýär. Şunda milli Liderimiz Türkiýäniň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine we “açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny, şeýle hem ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygyny belledi. Ägirt uly kuwwata eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli döwletara gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmekde Prezident Abdulla Gülüň aýratyn şahsy hyzmatlaryny nygtady.
Özara düşünişmek we ynam ruhunda, işewür, netijeli ýagdaýda geçen gepleşigiň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geljek üçin maksatlary nazara almak arkaly özara hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrdylar. Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýygjam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmaga ymtylýandyklaryny beýan etdiler, şeýle hem iki ýurduň kuwwatly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak barada pikirlerini aýtdylar.
Şeýle hem sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe möhüm ugurlary boýunça özara pikir alşyldy.
Soňra gepleşikler “Çankaýa” köşgüniň Uly mejlisler zalynda iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de resmi türkmen wekiliýetiniň agzalaryny türk topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Prezident Abdulla Gül Türkiýäniň häzirki eýýamda özüniň milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ýurduň ösüşine ýokary depgin berip, onuň halkara abraýyny örän ýokary galdyran ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga meýillidigini nygtady. Türkiýe Respublikasynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, gyzyklanma bildirilip geçirilen gürrüňdeşligiň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini, dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda mundan beýläk özara hereket etmek babatda pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz bilen duşuşygyň dünýä ösüşiniň wajyp meselelerine iki ýurduň çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklandygyny kanagatlanma bilen nygtap, Prezident Abdulla Gül Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan bilen abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça tagallalary utgaşdyrmak arkaly BMG-niň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň özara hereket etmäge meýillidigini beýan etdi.
Ýokary depginde ösýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesiniň üstünde durup geçip, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany bu ileri tutulýan ulgamda özara hereketleri ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny belledi. Şu nukdaýnazardan Prezident Abdulla Gül soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanyşygynyň görnetin ýokarlanandygyny nygtady. Bu barada aýtmak bilen türk Lideri öňe tarap ýene-de has işjeň hereketi üpjün etmek üçin bu ugurda bilelikdäki tagallalary görmegiň zerurdygyny belledi. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň, netijeli işewür gatnaşyklary höweslendirmegiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Bellenip geçilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynanyşmak derejesi bu gün diňe bir gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara hereket etmegiň täze ugurlaryny işjeň kemala getirmäge hem mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Abdulla Gül Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary, şol sanda ýurduň güýçli döwrebap önümçilik kuwwatyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Energetika we ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Munuň özi iki ýurduň geografiýa taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklary bilen şertlendirilendir. Bu bolsa olara Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmekde uly orun eýelemäge mümkinçilik berýär.
Döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan gumanitar ulgamda türkmen-türk özara gatnaşyklarynyň meselelerine ünsi çekip, Türkiýäniň Baştutany indi eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklarda bu ulgamda bilelikdäki çözgütleriň kabul edilýändigini nygtady.
Işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada aýtmak bilen, Abdulla Gül syýahatçylyk we sport pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem türk Lideri iki doganlyk halkyň has-da ýakynlaşmagyna, baý medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat edýän medeniýet we sungat ulgamynda däp bolan özara hereketleriň ähmiýetini nygtady.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge tarap özara ikitaraplaýyn ymtylmalaryna gol çekmäge taýýarlanan resminamalar şaýatlyk edýär. Olar ýakyn geljek üçin netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň täze ölçeglerini kesgitleýär diýip, Prezident Abdulla Gül aýtdy.
Şu gepleşikleriň ýokary netijeliligini nygtap, türk Lideri taraplaryň gazanan ähli ylalaşyklarynyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň türkiýeli kärdeşine Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerligi üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we biziň ýakyn gatnaşyklarymyz uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolmak bilen, halklarymyzyň bähbitlerine, parahatçylyga we abadançylyga hyzmat edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, iki döwletiň arasyndaky ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň her biri däp bolan türkmen-türk doganlygynyň we dostlugynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlary biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilendir diýip, türkmen Lideri nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdulla Gül bilen soňky döwürlerde geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň öz oňat netijesini berýändigini aýratyn belledi.
Biziň bu duşuşygymyzyň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenýän döwrüne gabat gelmeginiň hem aýratyn manysy bardyr diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň 2014-nji ýyly Magtymgulynyň ýyly diýip yglan etmegi hem nusgawy şahyryň baý edebi we ylmy-filosofiki mirasynyň dünýä derejesinde giňden öwrenilmegine hem-de wagyz edilmegine mynasyp goşantdyr.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, beýik akyldar Magtymguly Pyraga bolan hormat ata-babalarymyza bolan hormatdyr diýip belledi. Biz beýik türkmen şahyryna örän uly sarpa goýulýandygyny Türkiýe topragynda görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ýubileýe bagyşlanan toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň hem munuň aýdyň mysalydygyny nygtady.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, häzirki döwürde olaryň hil taýdan ýokary derejä çykýandygyny we täze mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň şu güni we geljekdäki ösüşi, ileri tutulýan netijeli ugurlary barada garaýyşlaryň gabat gelýändigini bellemek bilen, türkmen-türk gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, döwrüň talabyna görä täze ylalaşyklaryň baglaşylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur şertleri has-da giňeltjekdigi bellenildi.
Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn hyzmatdaşdyr, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz uzak geljege gönükdirilendir. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň parahatçylykly, howpsuz ýaşaýşyny üpjün etmäge, şol bir wagtda sebit hem-de dünýä derejesindäki tagallalara mynasyp goşant goşmak üçin alyp barýan bilelikdäki işlerimize esaslanýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk Türkiýe Respublikasynyň halkara giňişliginde tutýan ähmiýetli ornuna uly baha berip, Türkmenistanda Türkiýäniň gazanýan her bir üstünligine tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belledi.
Türkmen Lideri biziň döwletlerimiziň halkara we sebit meseleleri boýunça özara gabat gelýän ýa-da birmeňzeş ýörelgelerden ugur alýandyklaryny aýdyp, bu ugurda biz birek-birege goldaw bermek bilen, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çaklerinde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýäris diýip nygtady.
Türkmenistan sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça öz ileri tutýan garaýyşlaryny we halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, doganlyk Türkiýe Respublikasynyň uly goldawyna eýe bolýar. Türkmenistan hem, öz gezeginde, Türkiýäniň dünýä we sebit syýasatyndaky tutýan ähmiýetli ornuna hormat goýýar hem-de parahatçylyk we howpsuzlyk ugrundaky tagallalaryny goldaýar. Bu bolsa, halkara giňişliginde ýakyn we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň örän gowy mysalydyr diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkiýäniň ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda, Prezident Abdulla Güle Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky öňe sürýän tekliplerini we garaýyşlaryny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri anyk ugurlar boýunça dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürmek bilen, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny nygtap, häzirki wagtda Türkiýäniň kompaniýalarynyň we işewürleriniň biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleri alyp barýandyklaryny belledi. Biz bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak bilen, gymmatly tejribe toplaýarys we geljekdäki ösüşiň berk binýadyny döredýäris. Bu bolsa, hakyky dostlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen Lideri şeýle hem Türkmenistanyň bilen Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy hem hil we möçber taýdan yzygiderli ösýändigini kanagatlanmak bilen belledi. Şeýlelikde, 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça bu görkeziji 4 milliard 746 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu bolsa, 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38 göterim köpdür. Şu ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanda öndürilen dokma we ýeňil senagat harytlaryny, ýangyç-energetika pudagynyň önümlerini, oba hojalyk we maldarçylyk önümlerini Türkiýe uly isleg bilen alýar. Şol bir wagtda biziň ýurdumyz Türkiýeden ýeňil senagat, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk önümlerini, himiýa, gaýtadan işleýän senagatyň önümlerini alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ugurda entek uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi we Türkmenistanda işewürlik we daşary-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin döredilen oňaýly şertlerden peýdalanyp, ýurdumyzda öndüriji kuwwatlyklary özleşdirmäge we taýýar önümleri eksport etmäge türkiýeli hyzmatdaşlary çagyrdy.
Türkmen Lideri Türkmenistanda hasaba alnan 600-e golaý türk kompaniýalary bilen bir hatarda, hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän beýleki işewürlik düzümleriniň hem sanynyň we görnüşleriniň has artjakdygyna ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn söwda - ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik Geňeşine uly orun degişlidir diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy we bu düzümleriň sözüň doly manysynda işjeň gural bolup hyzmat etmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu toparyň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna we ýokary tehnologiýalara üns bermegiň, özara tejribe alyşmagyň, bilelikdäki sergileriň görnüşlerini köpeltmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, nanotehnologiýalar, ekologiýa taýdan arassa önüm öndüriji organiki ekerançylygy, maglumat - aragatnaşyk, ýol-ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça möhüm taslamalary amala aşyryp boljakdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda kuwwatly pudaklaryň emele gelýändigini we döwrebap kärhanalar gurulýandygyny nygtap, biziň ýurdumyzyň öz harytlaryny dünýä we sebit bazaryna eksport etmekde türkiýeli işewürler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge doly taýýardygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, syýahatçylyk ulgamynda hem bilelikde işlemäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Geçen döwürde türkiýeli hyzmatdaşlar bilen alnyp barlan hyzmatdaşlyk netijesinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe häzirki zaman sagaldyş we dynç alyş ulgamlary döredildi we ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda toplanan tejribäniň geljekde hem uly möçberli işleriň binýadyny döredýändigine ynam bildirip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge türk kompaniýalaryny öz taslamalary bilen gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri barada durup geçip, türkmen-türk doganlygynyň mizemez sütünleriniň biri hem iň uly gymmatlygymyz bolan medeni-taryhy we ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklarymyzdyr diýip belledi. Türkmen Lideriniň biziň halklarymyzyň umumy kökleriniň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýandygyny we bu gün aýratyn many-mazmuna eýe bolýandygyny nygtap, milli, medeni, ruhy we ahlak däplerimiziň köp asyrlyk binýadyny has-da berkitmegiň geljekki nesillerimiziň hatyrasyna uly borç bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda beýik akyldarlarymyz we nusgawy şahyrlarymyz Ýunus Emräniň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Garajaoglanyň we beýleki taryhy şahsyýetlerimiziň eserlerini giňden öwrenmegi we wagyz etmegi bilelikde dowam etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, iki ýurduň arasynda medeni we döredijilik gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin Maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň we amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýyllaryň dowamynda ylym we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny aýtdy. Bu tejribe iş ýüzünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginiň esasyny emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylym we bilim merkezleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki döwrüň derwaýys talaby bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurda biziň ýurdumyzda abraýly we iri ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda duran Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň mümkinçilikleri geljekde hem has artar. Bu ýokary okuw mekdebiniň geljek ýyl ulanmaga beriljek täze binalar toplumy häzirki zaman tehnologiýalary we okuw serişdeleri bilen doly üpjün ediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu uniwersitetiň binýadynda hünärmenleri taýýarlamagyň we ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin, bilelikdäki türkmen-türk bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. Bu toparyň çäklerinde, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini öwrenmek boýunça täze taslamalary işläp düzüp, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini we okuwlary alyp baryp, döwürleýin ylmy neşirleri çap edip we başga-da köp işleri amala aşyryp bolar diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýokarda aýdylanlary jemläp, türkmen Lideri häzirki netijeli gepleşikleriň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ýene-de bir möhüm tapgyr hökmünde alamatlanýandygyna ynam bildirdi. Iki doganlyk döwletiň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine berýän uly ünsi we goşan uly şahsy goşandy üçin Prezident Abdulla Güle minnetdarlyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Baştutanyna saglyk hem-de onuň jogapkärli işinde uly üstünlikleri, ähli türk halkyna bolsa bagt, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, “Çankaýa” köşgüniň metbugat konferensiýalar zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta işewürligiň kärhanalaryny ösdürmek we goldamak guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkiýäniň Ylmy we Tehnologik Barlaglar Guramasynyň /TÜBITAK/ arasynda ylym we tehnologiýa barada hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Tokaý hojalygy we meteorologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň bäşinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, şu ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Özara hormat goýmak hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ikitaraplaýyn ýokary gyzyklanma bildirmek ruhunda geçen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, Türkiýäniň Baştutany bu gün türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýagdaýyna we geljegine garalandygyny, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Prezident Abdulla Gül Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini belläp, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ornuny belledi. Ýokary derejedäki özara saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy hem hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
Türk Lideriniň belleýşi ýaly, Türkiýe Türkmenistany özüniň möhüm işewür hyzmatdaşy hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Abdulla Gül ýurdumyzda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan iri taslamalara işjeň gatnaşýan türk kompaniýalaryna bildirýän ynamy we goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkiýäniň Baştutany ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, energetika ýaly strategiki ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça özara pikir alşyldy, abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türk Lideri Türkiýäniň Türkmenistanyň oňyn halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny we biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guraýan möhüm forumlaryna geljekde hem gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň iki döwlet, bir milletdigini belläp, Prezident Abdulla Gül ikitaraplaýyn gatnaşyklarda taraplaryň hyzmatdaşlygyň gumanitar ugruna aýratyn ähmiýet berýändigini we bu netijeli gatnaşyklary dowam etmegi hem-de höweslendirmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Mälim bolşy ýaly, ertir Bodrum şäherinde Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygy geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidenti bu ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Çykyşyň ahyrynda dostluk we doganlyk däplerine daýanmak arkaly türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti gadymy türk topragynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeli geçirilmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, şu günki ýokary derejedäki duşuşyk Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda taryhy ähmiýetli waka boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostluk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň doganlyk halklaryň şu günki we geljekki gatnaşyklaryna giň ýol açjakdygyna ynam bildirip, Türkiýe Respublikasyna resmi saparyň netijelerine ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Baştutany ýokary derejedäki türkmen-türk duşuşygynyň döwletara gatnaşyklarynyň has belent sepgitlere ýetmegine we taraplary gyzyklandyrýan, ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge güýçli itergi berjekdigini nygtap, Abdulla Gül bilen iki döwlet üçin hem möhüm bolan halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri bu ugurda, aýratyn hem, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerinde taraplarynyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini belledi. Bu bolsa, dünýä giňişliginde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyga, özara goldaw we hemaýat bermäge berk esas bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Baştutany türkmen-türk gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, iki döwletiň arasynda özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döreýändigini kanagatlanmak bilen nygtady. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň üçin iki doganlyk halkyň abadançylygynyň we durnukly ösüşiniň maksatlaryna, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine gönükdirilen wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr diýip aýtdy.
Soňra türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda, aýratyn hem, nebitgaz, gurluşyk, energetika, ulag-aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, ylym we bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn söwda - ykdysady gatnaşyklarymyzyň barha ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, 2013-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 4 milliard 746 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny aýtdy. Bu görkeziji soňky döwürde durnukly ösýär. Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleriniň hem ýokary bolmagyna garaşýarys diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan ösen we eksporta gönükdirilen senagat pudagyny döredýär diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de bu maksatlaýýyn wezipäni amala aşyrmaga doganlyk Türkiýäniň işewür wekilleri işjeň gatnaşýandygyny belledi. Onuň netijelerini biz ýurdumyzyň eksporta niýetlenen önümleriniň düzüminde taýýar önümleriň, şol sanda, dokma we senagat harytlarynyň, nebithimiýa hem-de ýangyç-energetika pudaklarynyň önümleriniň köpelýänliginde görýäris. Munuň özi türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmen Lideri bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetine goşulmak, ikitaraplaýyn hem-de ählumumy derejede söwda, ulag we aragatnaşyk, energiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler möhüm bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň uly geljegi bar. Bu gatnaşyklar gadymdan gelýän milli däplerimize esaslanmak bilen, biziň halklarymyzyň ruhy-medeni taýdan özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, taraplaryň iki halkyň wekilleriniň dürli medeni çärelere, festiwallara we maslahatlara gatnaşmagy, hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurlygy barada ylalaşyga gelendiklerini aýtdy.
Bu ugurda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga hem biz uly ähmiýet berýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly çäreleriň giň gerim bilen guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi hem medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen birlikde, dürli görnüşdäki duşuşyklaryň, şol sanda medeni we ylmy çäreleriň guralmagy biziň baý taryhy mirasymyzy öwrenmäge uly goşant bolar. Bu işe alymlarymyzyň, medeniýet, sungat we döredijilik wekillerimiziň gatnaşmaklary bolsa, hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine uly itergi berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Sözüniň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň öňünde goýlan maksatlaryna ýetilendigini bellemek bilen, Prezident Abdulla Güle ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we doganlyk türk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri Türkiýäniň premýer-ministriniň Kabul edişlikler jaýyna ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdoganyň duşuşygy geçirildi.
Belent mertebeli myhmanyny tüýs ýürekden mübärekläp, Türkiýäniň Premýer-ministri Ankarada doganlyk Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşyga şatdygyny belledi. Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge Türkiýe Respublikasy aýratyn ähmiýet berýär. Ýola goýlan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, Rejep Taýyp Ärdogan onuň esasynda iki halkyň gadymy döwürlerden bäri garyndaşlyk gatnaşyklarynyň taryhy we ruhy umumylygynyň ýatandygyny belledi. Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ýygjam şahsy gatnaşyklar doganlyk halklaryň arasyndaky ynamyň özara düşünişmegiň ygtybarly kepili, söwda-ykdysady we gumanitar aragatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin Türkiýäniň hökümetiniň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýyllary içinde biziň ýurtlarymyz tarapyndan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda uly tejribäniň toplanandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Bu barada aýtmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň we Türkiýäniň dürli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady we gumanitar medeni ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändiklerini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň çalt depginler bilen ösýändigini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň görkezijileri aýdyň subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany soňky ýyllarda söwda dolanyşygynyň mukdar we hil taýdan ösýändigini, şeýle hem geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça hyzmatdaşlygyň berkeýändigini aýdyň mysal hökmünde görkezdi.
Türkmenistan bu ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen beýleki döwletleriň, şol sanda Türkiýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge hem-de iş ýüzünde ulanmaga möhüm ähmiýet berýär diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Türkmen Lideri ýokary tehnologiýalar ulgamyny we bu ugurda bilelikde barlaglary geçirmegi özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary, maslahatlary we sergileri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde has-da netijeli häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we Türkiýäniň Premýer-ministri şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi babatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, ony diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Rejep Taýyp Ärdogan iki ýurduň we halklaryň däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Soňra türkmen Lideriniň ulag kerweni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň /TBMM/ binasyna tarap ugur aldy. Ol ýerde resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň başlygy Jemil Çiçek bilen duşuşdy.
Belent mertebeli türkmen myhmanyny mübärekläp, dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň uly üstünligi bilen gutlady hem-de gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutany häzirki gepleşikleriň ýokary netijeliligini belledi. Ol gepleşikler döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyrynyň başyny başlar. Onuň baş alamatlary ägirt uly mümkinçiligi göz öňünde tutup, doly möçberli özara gatnaşyklara ýokary netijeli we meýilli bolmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, biz halkara-hukuk ulgamynda iki döwletiň hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýäris diýip, türkmen Lideri nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk ulgamynda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda tejribe alyşmagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine işjeň goşulmak bilen, biziň ýurdumyz demokratik institutlaryň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň berkarar bolmagyna, hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň pugtalanmagyna uly üns berýär. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyk getirmek boýunça uly işler alnyp barylýar diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Gürrüňdeşligini dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem kanun çykarjylyk işinde özara tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilik berýän häzirki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň işine uly gyzyklanma bilen garalýandygyny nygtap, türkmen Lideri iki ýurduň parlamentarileriniň dostlukly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de, ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň türk kärdeşleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny nygtap, TBMM-niň deputatlaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy iki ýurduň bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar hem-de parlament derejesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Jemil Çiçek iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur şertleri döretjekdigine ynam bildirdiler.
Agşam “Çankaýa” köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň adyndan resmi agşamlyk nahar berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Iki ýurduň Liderleri özleri üçin bölünip berlen ýörite ýere geçýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen döwletiniň baştutany özüniň türkiýeli kärdeşine we ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti doganym Abdulla Güle iki ýurduň arasyndaky dost - doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňe süren garaýyşlaryny goldamak bilen, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we şu günki duşuşygyň biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirýän doganlyk gatnaşyklaryň aýdyň mysalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň arasynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde we has ýokary derejä çykmagynda şu saparyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, biziň ýurdumyzyň türk tarapynyň hemmetaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin edýän tagallalaryna uly hormat bilen garaýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky medeni -gumanitar gatnaşyklary barada durup geçip, häzirki döwre çenli bu ugurda köp işleriň durmuşa geçirilendigini belledi. Bilşiňiz ýaly, şu ýyl biz diňe bir öz ýurdumyz üçin däl-de, eýsem dünýä medeniýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini giňden belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany Türkiýe Respublikasynda beýik akyldar Magtymguly Pyraga, onuň mirasyna belent sarpa goýulýandygyny görmek biziň üçin ýakymlydyr diýip nygtamak bilen, beýik şahyryň dost-doganlygyň gadyr-gymmaty barada çuňňur pähime ýugrulan şahyrana setirleri miras goýup gidendigini nygtady. Şu wesýetlerden ugur alyp, biz hem Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyklarymyzy we birek-birege bolan hormaty hemişe ileri tutýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Bu ugurda Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi beýik akyldaryň mirasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Bu bolsa, dünýä we sebit syýasatynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň anyk netijeleri berýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr diýip, türkmen Lideri nygtady.
Biz 2012-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparymyzyň dowamynda, Prezident Abdulla Gül bilen bilelikde Ankaranyň iň gözel künjekleriniň birinde «Türkmenistan» seýilgähiniň hem-de türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdyk diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2010-njy ýylyň oktýabrynda Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagynyň, şeýle hem beýik akyldaryň edebi-filosofiki döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlaryň geçirilmeginiň türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň beýik taryhy şahsyýetlerine goýulýan uly hormat we belent sarpa üçin, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň baý mirasyny öwrenmäge we halkara derejesinde wagyz etmäge goşýan goşantlary üçin, türk alymlaryna, edebiýatçylaryna we bilermenlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da ösjekdigine ynam bildirip, özüniň türk kärdeşine berk jan saglyk, Türkiýäniň halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy bu ýere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Soňra aýratyn dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Güle Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny hem-de degişli şahadatnamany gowşurýar.
Bu gün türk kärdeşine bu hormatly baýragy gowşurmaga tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, türkmen Lideri bu wakanyň iki döwletiň arasyndaky doganlygyň we dostlugyň, özara ynamyň we hormatyň ýene-de bir aýdyň nyşanydygyny nygtady.
Çykyş etmek üçin Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Güle söz berilýär.
Jogap çykyşynda türk Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen halkyna, bu ýere ýygnananlara onuň işine şeýle ýokary baha berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Bu sylag Türkiýä we türk halkyna belent hormatyň nyşanydyr diýip aýtmak bilen, öz ýurdunda Türkmenistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklara çuňňur sarpa goýulýandygyny belledi. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň gowşurylmagynyň buýsanç we şatlyk duýgularyny başdan geçirmek bilen bir hatarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler üçin uly jogapkärçiligi ýükleýändigini nygtap, türk Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmaga ýardam etjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.