Şu gün Türkiýäniň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna gabatlanylyp, türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin wekilçilikli türkmen topary Ankara geldi, onuň düzümine ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girizildi. Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkiýe Respublikasynyň Biržalar we söwda edaralary birleşigi bilen bilelikde guraldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar maslahaty açmak bilen, bu çäräniň okgunly ösýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň çäginde uly ähmiýetini bellediler, bu hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda täze hil derejesine we kuwwatly itergä eýe boldy. Bellenilişi ýaly, şonuň ýaly işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ýolunda has netijeli gural hökmünde özüni görkezdi, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanmagy munuň subutnamasydyr.
Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna şu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde üstünlikli geçen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitlilik we uzak möhletleýin esasda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýandygy bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe birek-birege ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde garap, bilelikde hereket etmegiň tejribesini we mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýarlar. Diňe soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynda bilelikdäki iri taslamalar durmuşa geçirildi we üstünlikli amala aşyrylýar. Ýokary halkara abraýyna eýe bolan hem-de özüni geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistan bilen iri möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtamak bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan we Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini beýan etdiler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary öz çykyşlarynda maslahata gatnaşyjylary Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri we ýeten sepgitleri, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler örän ýokarydyr we öz derejesini yzygiderli artdyrmak üçin ygtybarly binýada eýedir. Ykdysady ösüşiň ýokary derejesi nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, şeýle hem durmuş ulgamynda iri möçberli özgertmeleri okgunly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa gürrüňsiz suratda türkmen ykdysadyýetini ýokary depginlerde senagat taýdan ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün eden kuwwatly döwlet hökmünde öz ornuny berkitmek maksady bilen, öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine ýardam eder.
Ýurdumyzyň köptaraplaýyn mümkinçilikleri, iri möçberli özgertmeleriň geçirilmegi, maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda we pudaklarda halkara tejribesiniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösdürilmegini, daşary ýurt söwda dolanyşygyny hem-de Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler, şol sanda kanun çykaryjylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, daşary ýurt işewürleriniň ýurdumyzda işlemeginde ep-esli ýeňillikleri hem-de döwlet kepilliklerini göz öňünde tutýan täze kanunlaryň işlenip taýýarlanmagy bilelikde netijeli işler alyp barmak üçin gyzyklanmalary döredýär.
Şeýle hem maslahatda Türkmenistanda hususy telekeçiligiň üstünlikli ösdürilişi bilen tanyşdyrýan çykyşlar hem boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzyň telekeçileriniň tejribesi we mümkinçilikleri has ýokarlandy, onuň wekilleri ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň kuwwatly gatlagy hökmünde özüni has ynamly görkezýärler. Oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek, gurluşyk we gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, söwda hem-de hyzmatlaryň dürli görnüşleri we köp sanly beýleki ugurlarda hususy telekeçiligiň wekilleri eýýäm ýokary netijeleri gazanýarlar. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek üçin ýeňillikleri göz öňünde tutýan kanunlaryň kabul edilmegi, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmäge gönükdirilen aýdyň döwlet syýasatynyň alnyp barylmagy hususy telekeçiligiň milli ykdysadyýetde mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär.
Işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan netijeleri we eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideofilmler görkezildi. Türk hyzmatdaşlary bolsa dostlukly ýurduň ykdysadyýetine bagyşlanan giňişleýin tanyşdyrylyş çäresini geçirdiler.
Maslahatda çykyş edenler gyzyklanma bildirilip pikir alyşmagyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça çuňlaşdyrmak baradaky pikiri aýdyp, onuň gelejegine oňyn baha berdiler. Işewürlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkiýäniň paýtagtynda geçirilen şu gezekki işewürlik maslahatynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň ýolunda täze möhüm ädim bolandygyny ýene bir gezek bellediler.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öz türk kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda mundan beýläk-de bilelikde hereket etmegiň esasy ugurlary we bilelikdäki taslamalar has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.