Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň Ýokary palatasynyň agzasy jenap Nesar Ahmad Haresemiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda saparda bolýan wekiliýet Türkmenistanyň milli parlamentinde kabul edildi.
Myhmanlar türkmen topragynda myhmansöýerlikli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan halkyna parahatçylykly, döredijilikli durmuşy pugtalandyrmaga we Owganystany durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge yzygiderli we hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde uly at-abraýa eýe bolan Bitarap Türkmenistan günortadaky goňşy ýurt bilen hoşniýetli goňşuçylyga we özara doganlyk gatnaşyklaryna mahsus syýasaty ýöretmek bilen, Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda uly gyzyklanma bildirdi we bu ýagdaý şeýle bolmagynda galýar.
Şu duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagy türkmen tarapynyň bu ugra berk eýerýändigini aýdyň görkezýän subutnama bolup durýandygyny bellediler. Ençeme ýyllaryň dowamynda ýeňillikli nyrh boýunça ýetirilýän türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny yzygiderli ýagdaýynda artdyrylmagy Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny görkezýär. Baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde türkmen hünärmenleri elektrik energiýasy bilen üpjünçilige degişli birnäçe desgalary, şol sanda podstansiýalary we goňşy iki ýurdy baglanyşdyrýan elektrik geçirijileri gurdular.
Dostlukly halka yzygiderli ýagdaýda ynsaneperwerlikli ýükleriň iberilmegiň ýakyn goňşy ýurda tüýs ýürekden goldaw bermegiň ýene-de bir mysaly bolup durýar. Türkmenistan Owganystanyň yzygiderli ösüşine ýardam bermek arkaly, işgärleri taýýarlamaga ýardam berýär, serhetýaka etraplarda ýaşaýan ilata muzdsuz lukmançylyk kömegini berýär hem-de öz serişdeleriniň hasabyna durmuş ulgamyna degişli desgalary gurýar, şol desgalar türkmen-owgan dostlugynyň mizemezdigini görkezýär.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Ýewropadaky we Aziýadaky ýurtlaryň arasynda oňaýly ýagdaýy eýelemek bilen, tagallalary birikdirip, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça öz çäklerinden ýükleriň üstaşyr geçirilmegini üpjün edip biljekdigi hem-de hyzmatdaşlyk edýän beýleki ýurtlar bilen bilelikde , energetika degişli uly möçberli taslamany – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gazgeçirijisiniň gurluşygyny amala aşyryp biljekdigi bellenildi, häzirki wagtda şol taslama boýunça degerli çäreler görülýär.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi, onuň orny we döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda demokratik we hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, deputatlaryň öňünde durýan wezipeler bilen tanyşdyryldy.
Owganystanyň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirmek göz öňünde tutulýar.