Ï Durnukly ösüş maksady bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durnukly ösüş maksady bilen

view-icon 716
Türkmenistanyň paýtagtynda wezipeli ýolbaşçylar üçin “Dolandyryjylar üçin demografiýa” okuwynyň tanyşdyrylyşy boýunça maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ilat gazanasy bilelikde Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde guradylar. Maslahatyň maksady - durnukly ösüşe şertleri döredýän esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek üçin we syýasaty emele getirmekde ilat baradaky maglumatlary nazarýetde we tejribede peýdalanamak boýunça ýolbaşçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Maslahatyň işine Fransiýanyň demografiki gözlegler institutynyň ýolbaşçysy Ýussef Kubaj gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar onuň dowamynda ilat arasyndaky dowamly, hemme zady öz içine alýan ykdysady ösüş we durnukly ösüş bilen özara aragatnaşygyny; demografiki görkezijiler we ilat baradaky maglumatlaryň düşündürilişiniň dürli usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanda demografiki meselelere we Türkmenistanyň we BMG ilat gaznasy bilen ilat babatda hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna üns berildi.

Bellenip geçilşi ýaly, “ilat we ösüş” böleginiň çäklerinde BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistana halkara ülňülerine laýyk gelýän maglumatlary ýygnamak ulgamyny düzgünleşdirmekde we maglumatlary ýygnamakda milli mümkinçiligi ösdürmekde ýardam berýär. Aýratyn ugur bolsa hereket edýän döwlet meýilnamalaryny we demografiki akymlary nazara almak bilen ösüş strategiýalary üçin maglumatlary seljermekde häzirki zaman usulllaryny ulanmakda Türkmenistanyň döwlet diwanynyň işgärleriniň mümkinçiliklerini berkitmekden ybarat bolup durýar.

2012-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň BMG-niň ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy Türkmenistanyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Komissiýanyň agzasy bolmaklygy Türkmenistana statistika, migrasiýa, meselelrini taýýarlamaga we garamaga, BMG-niň agzalaryna – halkara jemgyýetçiligi we döwletleri üçin demografiki syýasy çäreleri amala aşyrmaga, demografiki, durmuş, ekologiki we ykdysady işleriň özara gatnaşyklaryny seljermegi goşmak bilen, ilat meselelerini öwrenmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.