Ï Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy

view-icon 707
Şu gün Bodrumda bolýan we Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygynyň işine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşdy.

Türkiýäniň Lideri duşuşygy açyp, öz kärdeşlerine Türkiýe Respublikasyna gelmäge çakylygyň kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Baştutanlaryny mübäreklemäge tüýs ýürekden begenýändigini belledi. Prezident Abdulla Gül ýurtlarymyzy we halklarymyzy köpasyrlyk umumy taryhyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni we ruhy ýörelgeleriň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynda hil taýdan täze tapgyra başlanmagyna badalga berýän şu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkiýäniň Lideri häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşiniň örän ýokary derejä ýetirilendigini we munuň sebit derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan uly möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de geljekki döwür üçin giň gerimli meýilnamalary düzmäge ýardam berýändigini aýtdy. Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlyk boýunça örän uly kuwwata eýe bolup durýandygyny hem-de munuň esasan üç döwletiň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerlerde ýerleşmegi bilen şertlendirilendigini belläp, şol mümkinçiliklerden dolulygyna peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem Türkiýäniň Baştutany bu barada aýtmak bilen, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan Hazar sebitiniň ykdysady we energetika babatda täsin galdyrýan mümkinçiliklerini göz öňünde tutanyňda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara arkalaşykly hereket etmek üçin örän oňaýly şertleriň bardygyny belledi. Özara peýdaly hyzmatdaşlyga we özara arkalaşykly hereket etmegiň täze görnüşlerine degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanan şu üçtaraplaýyn duşuşyk döwletlerimiziň we halklarymyzyň abadançylygyna we şonuň bilen birlikde, tutuş sebitiň yzygiderli ösüşine degerli ýardam berer. Prezident Abdulla Gül mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlary goldaýandygy üçin Türkmenistana we Azerbaýjana hoşallyk bildirdi.

Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň halklaryny gözbaşyny uzak müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryh baglanyşdyrýar diýip belledi. Milli Liderimiz bitewi ruhy we medeni-jemgyýetçilik gymmatlyklaryň häzirki döwürde hem ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryny ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam berýän berk binýatdygyny nygtady. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan aç-açanlyga we özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar biziň döwletlerimiziň dürli ugurlarda alyp barýan bilelikdäki netijeli işleriniň esasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn ýa-da üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine güýçli itergi berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletlerimiziň özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanyp, syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýandyklaryny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda we ýokary derejeli halkara maslahatlarynda öňe süren başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi üçin iki doganlyk döwletiň Baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyna ygrarly bolup, netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini ugur edinýändigini we şunuň bilen baglylykda, döwletlerimiziň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Energetika babatda aýdylanda, ilkinji nobatda, Türkmenistan energetika howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän täze halkara-hukuk guralyny döretmegi teklip edýär.

Mälim bolşy ýaly, bu başlangyjy ilkinji gezek ýurdumyz 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde beýan etdi. 2008-nji ýylda bu abraýly halkara guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça teklip edilen energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek hakyndaky Rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi. Soňra Türkmenistanyň bu ugurda alyp baran işleri Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dowam etdi. Netijede, 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde bu mesele boýunça ýene-de bir Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Milli Liderimiz Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bu resminamalaryň ikisi boýunça hem ýurdumyz bilen awtordaş bolup çykyş edendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Milletler Bileleşiginiň bu ugurda kabul eden çözgütlerine laýyklykda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň öňünde bilelikde halkara hünärmenler toparyny döretmek baradaky meseläniň durýandygyny aýdyp, bu toparyň energiýa howpsuzlygy babatdaky täze guralyň üstünde işlemäge başlajakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda bu ugurda hünärmenleriň halkara duşuşygynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu mümkinçilikden peýdalanyp, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň wekiliýetlerini bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy hem-de iki doganlyk döwletiň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarymyzy goldajakdyklaryna ynam bildirdi. Türkmen Lideri energiýa serişdelerini ibermek bilen bagly işleriň halkara-hukuk üpjünçiligini döretmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn esasda üstünlikli işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, biziň gazhimiýa senagatynda türk doganlarymyz bilen bilelikde täze desgalary gurmak boýunça amala aşyrýan iri taslamalarymyzyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bilelikde durmuşa geçirýän Trans—Anadoly gaz geçirijisiniň taslamasynyň muňa mysal bolup biljekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde energetika pudagynda giň gerimli türkmen - azerbaýjan - türk hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Milli Liderimiz geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň energetika pudagynda bilelikdäki üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň başlangyç tejribesini toplandygyny diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde hem bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garamagyň maksada laýyk boljakdygyny hem-de bu işleriň sazlaşykly we utgaşykly alnyp barylmalydygyny hem-de bu ugurda işler geçirilende üç döwletiň hem bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmalydygyny nygtady.

Energetika bilen bir hatarda, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik taýdan möhüm ugry — bu ulag ulgamydyr. Türkmen Lideri asyrlaryň dowamynda «Demirgazyk—Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň esasy ugurlarynyň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçendigini we munuň biziň üçin uly mümkinçilikleri döredendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mümkinçiliklerden häzirki döwürde hem netijeli peýdalanmagyň maksada laýyk boljakdygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň täze awtomobil we demir ýollary gurmak, bu ýollaryň ugurlaryny giňeltmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara derejesinde ulgamlaýyn esasda deňiz we howa gatnawlaryny ýola goýmak üçin uly tagallalaryň edilýändigini belledi. «Gazagystan—Türkmenistan—Eýran», «Türkmenistan—Owganystan— Täjigistan» demir ýollarynyň gurluşygy, «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» täze ulag geçelgesini döretmek boýunça alnyp barylýan işler muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň öz söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidýändigini aýtdy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda täze döwrebap halkara deňiz porty gurulýar. Şeýle hem ulag pudagynda beýleki ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň «Baku—Tbilisi— Kars» demir ýolunyň we Stambulda Bosfor bogazynda suwasty geçelgäniň gurulmagy ýaly giň göwrümli ulag taslamalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda ulag ulgamynda bilelikde hyzmatdaşlyk edip, ýokary netijeleri gazanmak üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly köpri bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belläp, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary birleşdirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ulag pudagynda türkmen – azerbaýjan – türk hyzmatdaşlygyny mazmun taýdan baýlaşdyrmagy we bu hyzmatdaşlygyň anyk görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinýäris diýip, ýakyn wagtlarda döwletlerimiziň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegini teklip etdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Azerbaýjanyň we Türkiýäniň wekiliýetlerini 2014-nji ýylyň 3—4-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri barada durup geçip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutany bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Türkmen Lideri Ýunus Emre, Garajaoglan, Nyzamy Genjewi, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur şahsyýetleriň baý medeni we ruhy mirasynyň doganlyk halklarymyzyň umumy guwanjydygyny we umumy gymmatlygydygyny hem-de munuň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Milli Liderimiz halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň beýleki türki dilli döwletler bilen bilelikde Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmegine işjeň gatnaşandygyny hem-de bu guramanyň häzirki döwürde netijeli işleýändigini, medeniýet we sungat ulgamlarynda köpsanly bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasy tarapyndan türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilendigini aýtdy. Döwletiniň Baştutanymyz bu guramanyň işine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistan mundan beýläk hem onuň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmaga işjeň gatnaşmagy göz öňünde tutýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky medeniýet ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde bu halkara guramasynyň mümkinçiliklerine garamagyň zerurdygyny belledi. Türkmen Lideri häzirki döwürde hem bu abraýly guramanyň giň gerimli birnäçe işleri alyp barýandygyny hem-de bu gurama tarapyndan medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň we beýleki bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky medeniýet we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek we mazmun taýdan baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri dowam etmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Öz gezeginde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkiýäniň Baştutanyna mähirli kabul edişlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga we dostlukly üç döwletiň, şeýle hem tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny bellemäge mümkinçilik döreden şu duşuşygyň doganlyk halklaryň özara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyljakdygyna ynam bildirdi.

Azerbaýjanyň Lideri taryhyň dowamynda doganlyk halklaryň arasynda berkän ruhy we medeni gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ygtybarly kepili bolup durýandygyny hem-de munuň soňky döwürde ýurtlarymyzyň arasynda ynamyň we özara düşünişmegiň ýokary derejä ýetirilmegine badalga berendigini aýtdy. Azerbaýjan goňşy Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy bilen energetika we ulag boýunça hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär hem-de bu örän möhüm, geljegine uly umyt baglanýan ugurlarda taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardyr.

Gyzykly pikir alyşmanyň barşynda söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmelidigini biragyzdan belläp, energetika pudagy, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça özara arkalaşykly hereket etmegiň wajypdygyny nygtadylar. Däbe öwrülen gumanitar gatnaşyklary, şol sanda bilim, ylym we medeniýet boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Taraplar ýokary derejede, şeýle hem hökümetara geňeşmeleriniň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak, wekiliýetleriň gatnaşyklaryny giňeltmek, bilelikdäki forumlary guramak we geçirmek barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleri halklarymyzyň bähbitleri üçin we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna, ýurtlarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga, deňlige we ynama mahsus ýörelgeler esasynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna ygrarlydygyny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri söhbetdeşligiň netijeleri we hyzmatdaşlyga degişli meselelere işjeň çemeleşilendigi babatda kanagatlanma bildirdiler. Döwlet Baştutanlary üç ýurduň özara dostlukly we doganlyk gatnaşyklara ygrarlydygyny belläp, şu günki üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleriniň umumy işe hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täzeden badalga berjekdigine ynam bildirdiler.