Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň mejlisler zalynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak ulgamynda ýetilen sepgitler we halkara hyzmatdaşlyk» atly maslahat geçirildi.
Bu forum her ýylda tutuş dünýäde giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilýär hem-de şu ugurda berjaý edilen işleriň netijelerini jemlemek, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ekologiýa degişli döwlet maksatnamalaryny we taslamalary amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga degerli ýardam berýär.
Maslahata ýurdumyzyň tanymal alymlar, bilermenler, tebigaty goramak boýunça düzümleriň we pudak edaralarynyň, milli parlamentiň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga iri halkara we sebitleýin guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ), Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça agentliginiň (TIKA) wekilleri gatnaşyp çykyş etdiler. Foruma şu günler Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we GIZ-iň «Flermoneka — Tokaýlar we biologik taýdan dürli-dürlülik boýunça dolandyryş, ekologik monitoringi geçirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirilýän «Ekologiýa ulgamyna degişli hyzmatlaryň ösüş meýilnamalaryna goşulyşmagy» atly okuw maslahatyna gelenler hem gatnaşýarlar.
Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny içgin üns berip diňlediler. Şonda milli Liderimiz: «Biz ýurdumyzda daşky gurşawa zyýansyz önümçiligi döretmekden başlap, adamlaryň saglygyny goramak we sagdyn durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bagly ähli meseleleri çözmegi ileri tutulýan wezipe hökmünde öňe sürýäris. Jemgyýetiň durnukly ösüşi we adamlaryň ekologiýa taýdan arassa şertlerde ýaşamagy olaryň tebigy baýlyklary peýdalanyşyna, tebigata bolan garaýşyna baglydyr. Bu bolsa, bizi daşky gurşawy goramaga, tebigat bilen bagly ähli meselelere aýawly çemeleşmäge borçly edýär» diýip belledi.
Türkmen Lideriniň bu sözleri ekologiýa degişli foruma gatnaşyjylaryň ähli çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şonda daşky gurşawy goramak boýunça halkara derejesinde goşulyşmagyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ählumumy ekologik meseleleriň ýöriteleşdirilen halkara guramalary we beýleki döwletler bilen içgin hyzmatdaşlyk etmek arkaly çözülmegini ileri tutýan Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.
Çykyşlarda türkmen ekologlarynyň we hünärmenleriň öňdebaryjy tejribesi, ýurdumyzyň milli tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagyna we artdyrylmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmakda gazananlary bilen tanyşdyryldy. Uly üstünlikleriň gazanylmagy we geljekki ýagdaýlar tebigatyň aýawly saklanmagyny ileri tutýan energetika pudagynda ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda önümçiligi giň gerim bilen döwrebaplaşdyrmak, tebigatdan oýlanyşykly we rejeli peýdalanmagyň nusgasy hökmünde syýahatçylyk we rekreasion taýdan örän uly mümkinçilikleri ulanmak bilen baglanyşdyrylýar.
Daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň, suw hojalygyna degişli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, biologik taýdan dürli-dürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak, ýurdumyzda «Bereketli Garagum» döwlet goraghanasyny döretmek boýunça degerli çäreleriň görülmegi muňa aýdyň mysal bolup biler.
Şu ýylda «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýada kabul edilmegi ekologiýa degişli meseleleri kanunçylyk esasynda çözmekde möhüm ädime öwrüldi. Geçen hepdede türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan işlenip düzülen we gol çekilen täze resminama — Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak badaky Çarçuwaly konwensiýa boýunça Biologik dürli-dürlüligi saklamak hakyndaky Teswirnama sebit derejesinde tagallalaryň birikdirilmegine täzeden badalga berer.
Ekologik forumyň çäklerinde tebigaty goramak ulgamynyň has tapawutlanan hem-de dogduk Diýarymyzda tebigy baýlyklary aýawly saklamak we artdyrmak işinde uly üstünlikleri gazanan işgärlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sylaglaryň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara boldy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda tebigaty goramak ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tebigatyň goralmagyna içgin üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda tebigatdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny, daşky gurşawyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksady bilen, ekologiýa boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagy üçin öz bilimlerini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Agşamsyna türkmen paýtagtynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tanymal estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.