Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 742
Şu gün Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri biri-biri bilen mähirli salamlaşyp, ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçiligiň dörändigi üçin kanagatlanma bildirdiler. Dostlukly goňşy iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasynda öňden bäri däbe öwrülen dostluk ýörelgelerine, özara düşünişilmegine we ynama esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini belläp, häzirki wagtda bu gepleşigiň täzeden sazlaşykly ösdürilip, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň özeni barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň sebitdäki ähli ýurtlar üçin wajypdygyny nygtap, türki halklaryň abadançylygyna we rowaçlygyna ýardam berjek bilelikdäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda ähmiýetli ugur hökmünde, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň tagallalaryny birikdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Iki ýurduň Liderleri hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmelidigini aýdyp, özara gyzyklanma bildirilýän halklara we sebit derejesindäki käbir ýagdaýlary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny geljekde diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem energetika we ulag ýaly strategiki ähmiýetli ulgamlara degişli bilelikdäki iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna ünsi çekip, iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde has-da jebisleşikli hereket edilmegine ygrarlydygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanlary Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisini gurmak boýunça ozal görlüp-eşidilmedik taslamanyň amala aşyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini kanagatlanma bildirdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gaz geçirijiniň energetiki howpsuzlygyny üpjün etmek we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ýetirilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdyň görkezýän mysaly bolup durýandygyny belledi.

Söhbetdeşler Gazagystan - Türkmenistan – Eýran demir ýoluny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan taslamany sebitde we tutuş Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygyň, abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmak üçin tagallalary birikdirmegiň ýene-de bir mysaly hökmünde görkezdiler. Bu taslama diňe bir oňa gatnaşýanlara däl-de, sebitdäki ähli ýurtlara ykdysady taýdan bähbitli bolar.

Şunuň bilen baglylykda täze demir ýoluň ýükleriň Günorta Aziýa Pars aýlagyndaky portlara we degişlilikde, gaýdyşyn – Russiýanyň üsti bilen Günorta Ýewropa ykdysady taýdan amatly daşalmagyny üpjün etjekdigi bellenildi. Şeýle hem “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgeleri, ýagny Hytaý- Merkezi Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymara ulag geçelgesi bilen birleşdirilmeginiň mümkindigini göz öňünde tutup aýdanyňda bu demir ýoluň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetiniň has-da artýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň zerurdygyny, onuň ykdysady taýdan maksada laýyk gelýändigini we durmuşda möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, ulag geçelgeleriniň transmilli ulgamyny döretmegiň millionlarça adamlaryň bähbitlerine, diýmek parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen çuňňur many-mazmuna eýedigini nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ulag ugrunyň şu ýylda ulanylmaga beriljekdigini aýdyp, öz gazak kärdeşini diňe bir sebit däl-de, eýsem ählumumy ähmiýete eýe bolan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup durýan strategiki ähmiýetli bu demir ýoluň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamlardaky özara peýdaly gatnaşyklaryň giňeldilmelidigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde däbe öwrülen gumanitar gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandygyny tassyklap, geljekde-de bu gatnaşyklaryň doganlyk iki halkyň bähbidi üçin üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.