Ï Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň ösüşiniň bähbidine sebit hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Doganlyk ýurtlaryň we halklaryň ösüşiniň bähbidine sebit hyzmatdaşlygy

view-icon 1409
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri girizildi.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ähli döwletler bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.

Türki dilli ýurtlaryň ählisi bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkyny şol ýurtlaryň halklary bilen taryhy kökleriň, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni we ruhy däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär. Häzirki wagtda, täze taryhy eýýamda bu däp-dessurlar üstünlikli dowam etdirilip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin oňaýly şertler döredilýär. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny bolsa, umumy hoşniýetli erk-isleg, ägirt uly ykdysady kuwwat we ösüşe hem-de rowaçlyga bolan ymtylyş düzýär.

Türkmen Lideriniň türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň özüniň köpugurly daşary syýasatynda GDA, ÝHHG, ŞHG, YHG ýaly sebitleýin birleşikler bilen gatnaşyklara uly üns berýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şu nukdaýnazardan bu ýokary derejeli duşuşyk türki dilli ýurtlaryň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän giň geografiki giňişliginde ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyň, syýasy durnuklylygyň hem-de durnukly ösüşiň ýene-de bir serişdesidir.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredildi. Ylalaşyga laýyklykda, oňa Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Gyrgyz Respublikasy gatnaşýar. Türkmenistan bu ýerde synçy hökmünde wekilçilik edýär. Döwlet Baştutanymyz hormatly myhman hökmünde türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygyna birnäçe gezek gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu halkara guramasy babatda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada aýdyp, bitarap döwlet bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça türki dilli döwletler bilen oňyn gatnaşyklary giňeltmäge hemişe ygrarly bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtaýar. Milli Liderimiz her bir türki dilli halkyň baý taryhy we medeni mirasyny bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm şertidigini belleýär. Bu miras umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ýokary derejeli duşuşygynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda türki dilli halklaryň medeni mirasy bilen baglanyşykly maslahaty hem-de festiwaly geçirmek teklibi bilen çykyş edendigini bellemelidiris. Soňra bu çäreler 2011-nji ýylyň ýazynda üstünlikli geçirildi.

Köp türki dilli halklaryň ata-babalarynyň watany hökmünde hut Türkmenistanyň şu forumyň geçirilen ýerine öwrülmegi tötänden däldir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, «türkmen» etnonimi V asyrdan bäri bellidir, ýöne türkmen halkynyň taryhy onuň adyndan has gadymydyr. Onuň gözbaşylary biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllykda ýaşan, türkmen milletiniň nesilbaşysy Oguz hana uzalyp gidýär.

«Oguznama» atly gadymy edebi ýadygärlik türki dilli halklaryň ählisi üçin umumy gymmatlyk bolup durýar. Onuň esasyny geneologiki rowaýatlar düzýär. Hytaý, grek, arap, pars dillerindäki taryhy-edebi çeşmeler, arheologiki tapyndylar, ylmy-barlaglar «Oguznamanyň» mazmunynyň adamzat ýaşaýşynyň gözbaşynda dörändigini hem-de ägirt uly geografiki giňişlige ýaýrandygyny tassyklaýar.

Orta asyr awtorlarynyň eserlerinde Oguz hanyň birnäçe on ýylyň dowamynda gülläp ösen ägirt uly imperiýany döredendigi beýan edilýär. Oňa Demirgazyk Eýranyň, Orta Aziýanyň we Gazagystanyň çäkleri hem-de Gündogar Hytaýa çenli çäkler, soňra bolsa has alysdaky gündogar çäkler, Çžurçžut şäheri we Tangut patyşalygy, Mongoliýadan Hindistanyň günorta tarapynda, Hazar deňzinden günbatar tarapda ýerleşen ýurtlar we beýleki ýerler giripdir.

... Häzirki döwürde Türkmenistanyň siwilizasiýanyň gadymy bäş ojagynyň biri bolup durýandygyny, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülen gymmatlyklary döredendigini bütin dünýä ykrar edýär. Halkyň hakyky taryhyny, maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, bu mirasy bütin dünýäde wagyz etmek we oňa halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan döwletimiziň ileri tutulýan maksatlarynyň birine öwrüldi.

Gadymy döwürlerden bäri dürli medeniýetleriň birleşýän ýerinde duran hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm çatryk bolan Türkmenistan hemişe medeni-syýasy özgertmeleriň ojagy bolupdyr. Her bir müňýyllygyň başynda bolsa ol taryhyň çarhyny düýbünden täze ugra gönükdiripdir. Marguş medeniýeti ata-babalarymyzyň Hindistanyň we Mesopotamiýanyň medeniýetleri bilen ysnyşykly gatnaşyklarada bolandygyna şaýatlyk edýär. Taryhy çeşmeler dünýäniň ilkinji dini hasaplanýan zoroastrizmiň (otparazlygyň), şeýle hem onuň keramatly kitaby Awestanyň hut türkmen topragynda dörändigini tassyklaýar. Birinji müňýyllygyň başynda Rim we Hytaý imperiýalary bilen bäsleşen Parfiýa türkmenleriniň patyşalygy, ikinji müňýyllykda türkmenleriň medeniýetini Hindistana çenli ýaýradan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Hytaýdan Ortaýer deňzine çenli çäkde öz täsirini ýetiren Seljuk türkmenleriniň döwleti, bütin dünýä ylmyň, medeniýetiň we sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny miras galdyran Köneürgenç türkmenleriniň döwleti, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň döwleti, alty asyryň dowamynda dünýäniň üç yklymynda höküm süren we dürli milletleri hem-de dürli dinlere uýýan halklary birleşdiren Osman imperiýasy tutuş adamzadyň medeni ösüşinde öçmejek yz galdyrypdyr.

Bularyň ählisi halkymyzyň dünýä medeniýetini maddy hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baýlaşdyran taryhy ýolunyň beýikliginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçmişde beýik türkmen döwletlerini we imperiýalaryny döreden Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Ärtogrul Gazy, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetler bu taryhyň köp asyrlyk senenamasyna uly sahypalary ýazdy.

Üçünji müňýyllygyň başynda Garaşsyz Türkmenistan ata-babalarymyzyň döreden ruhy-medeni mirasyny gaýtadan dikeldýär we bütin dünýäde wagyz edýär. Dünýäniň gadymy medeni ojaklarynyň biri bolan ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen özara bähbitli syýasy we ykdysady gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, dünýä taryhyny hem-de adamzadyň medeni ösüşini öwrenmek boýunça iri ylmy merkezleriň birine öwrülýär. Häzirki zaman ylmy we medeni gatnaşyklar türki dilli halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, dünýäde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda, parahatçylygy saklamakda uly ähmiýete eýedir.

Bu ugurdaky hyzmatdaşlykda türki medeniýetiň halkara guramasyna — TÜRKSOÝ —a uly ähmiýet berilýär. Bu guramanyň esasy wezipesi türki dilli ýurtlaryň arasynda medeniýet we sungat ulgamynda gatnaşyklary ösdürmekden we pugtalandyrmakdan, halkyň gelip çykyşyny, taryhyny, dilini, edebiýatyny, türki dilli halklaryň döredijilik däplerini öwrenmek ulgamynda ylmy-barlaglary güýçlendirmekden ybaratdyr. TÜRKSOÝ-yň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etmegi hem-de beýik türkmen nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda, Türkiýede we beýleki ýurtlarda geçirilen dabaralar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygryýetine haýran galan akademik W.W.Bartold: «Türkmenler türki dilli halklaryň arasynda özüniň milli şahyryna eýe bolan ýeke-täk halkdyr. XVIII asyrda ýaşan Magtymguly Stawropol guberniýasyndan Amyderýanyň kenarlaryna çenli çäkde ýaşan türkmenler tarapyndan ykrar edilipdir». Beýleki bir meşhur gündogary öwreniji alym, akademik A.Krymskiniň Magtymgulynyň döredijiligine beren bahasy hem şuňa meňzeşdir: «Türki dilli halklaryň arasynda şeýle halk şahyry ýokdur, ol ýeke-täkdir» ... Şoňa görä-de, bu senäniň hem baýram edilmegi türki dilli ýurtlaryň umumy dabarasyna öwrüldi.

Geçmişiň ruhy däp-dessurlaryna daýanmazdan, geljegiň ýokdugy hemmämize mälimdir. Biz milli mirasyň dowamatlylygy, ony aýawly saklamak ugrunda çykyş edip, beýleki halklaryň ruhy däplerine hem-de gymmatlyklaryna çuňňur hormat-sarpa bilen garaýarys. Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna şu saparynyň hem-de milli Liderimiziň türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmagynyň medeniýet, bilim, syýahatçylyk we ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigi şübhesizdir.

... Irden türkmen döwletiniň Baştutany öz kabulhanasyndan «Hilton Bodrum Türkbükü Resort & Spa» myhmanhanasynyň merkezi binasyna tarap ugrady.

Bu ýerde, myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňünde türkmen Liderini Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül, türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Halyl Akynjy garşylaýar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Bodruma Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary hem geldi.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary mejlisler zalyna barýarlar, şol ýerde duşuşygyň dabaraly açylyşy boldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül forumy açyp we belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, öz daşary ýurtly kärdeşlerine şu ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Türkiýäniň Lideri şeýle forumlaryň ähmiýetini belläp, türki dilli ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça tagallalary mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady. Şu duşuşyk hem bu wezipäni çözmäge ýardam etmelidir.

Soňra Türkiýäniň Baştutany Geňeşiň häzirki başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berýär. Onuň çykyşynyň ahyrynda türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk etmek nobatyny Türkiýe Respublikasyna geçirmek dabarasy boldy.

Soňra forumda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew we Türkiýe Respubliaksynyň Prezidenti Abdulla Gül çykyş etdiler.

Çykyşlarda türki dilli döwletleriň köpugurly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigi biragyzdan bellenildi. Ýurdumyz bu Geňeşiň gönüden-göni agzasy bolmasa-da, halklary ýakynlaşdyrýan hem-de türki dilli döwletleriň ykdysady, gumanitar-medeni we ruhy kuwwatyny birleşdirýän köp çärelere oňyn täsirini ýetirýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Türkmen Lideri döwlet Baştutanlaryny we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini mübärekläp, Prezident Abdulla Güle türki dilli döwletleriň bu ýokary derejedäki duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrandygy hem-de mähirli garşylap, görkezen myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkiýäniň doganlyk halkyna we türki dilli döwletleriň halklaryna türkmen halkynyň salamyny gowşurdy we olara parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türki halklaryň TÜRKSOÝ halkara medeniýet we sungat guramasynyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara biz uly ähmiýet berýäris. Bu halkara guramasy biziň doganlyk döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, taryhy mirasymyzy öwrenmek boýunça köp işleri amala aşyrýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz şu ýyl diňe ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini giňden belleýäris. Biz türki halklaryň TÜRKSOÝ halkara guramasynyň 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etmegine örän uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Gundogar edebiýatynyň ösmegine, umumadamzat medeni - filosofiki gymmatlyklaryna öz mynasyp goşandyny goşan Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli häzirki döwürde doganlyk ýurtlarda köpsanly çäreler geçirilýär. Nusgawy şahyryň eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Bu bolsa özara dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da berkitmäge, halklarymyzyň özara ysnyşmagyna uly itergi berýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz TÜRKSOÝ halkara guramasyna Magtymguly Pyraga bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilýändigi, beýik şahyryň edebi mirasynyň dünýäde giňden wagyz edilýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Beýik akyldaryň döredijiligi türki dilli halklaryň umumy gymmatlygyna öwrüldi.

Milli Liderimiz biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň her birine mahsus bolan baý taryhy geçmişiniň we medeni mirasynyň olaryň dünýäde mynasyp orun eýelemegine ýardam berýändigini, şeýle hem halkara syýasatynyň parahatçylykly, özara düşünişmek esasynda alnyp barylmagyna hemaýat edýändigini belläp, medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, medeni diplomatiýany mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň häzirki zaman ösüşiniň talaplarynyň biridigini nygtady. Şonuň üçin hem, biz bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýäris. Döwlet Baştutanymyz şu nukdaýnazardan, şahsyýeti ruhy we medeni taýdan baýlaşdyrmak, aýratyn hem, ýaşlarda ýokary ahlak we ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek halkara hyzmatdaşlygynyň hem möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.

Geçirilýän halkara medeni çäreleri, sungat we döredijilik festiwallary, ylmy maslahatlar, olimpiadalar, sport bäsleşikleri ýaş nesillerimiziň özara ysnyşmagyna, halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine uly goşant goşýar. Milli Liderimiz dünýäniň häzirki we geljekki ösüşini nazara almak bilen, halkara derejesinde özara düşünişmekde, dawalaryň öňüni almakda medeniýetiň, ylmyň we bilimiň möhüm ornunyň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary sport we syýahatçylyk ulgamlary arkaly hem has-da ösdürip boljakdygyna ynam bildirdi.

Hut syýahatçylyk şu ýokary derejeli duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrülendigini nygtamalydyrys. Bu ulgam oňyn halkara gatnaşyklary, umumy bähbitler üçin hyzmatdaşlyk, ýurduň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, milli ykdysadyýeti ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.Bu zolakda binalary we desgalary gurmaga biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz, şol sanda Türkiýäniň işewürleri we kompaniýalary işjeň gatnaşýarlar. Birnäçe ýylyň dowamynda bu ýerde ähli degişli düzümi, oňaýly sagaldyş dynç alşyny guramak üçin ýokary derejeli hyzmat ulgamy bolan ösen myhmanhana toplumlary döredildi. Döwlet Baştutanymyz forumyň münberinden türki dilli ýurtlaryň ýaşaýjylaryny Awaza myhmançylyga, bu ýere çagalary bilen maşgala dynç alşyna çagyrdy.

Türkmen kenarýakasyny dünýäniň hakyky «şypahana merjenine» öwürmäge gönükdirilen bu taslama medeni babatda hem kuwwatly goldawa eýe bolup, öz nobatynda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky köp işlere täze itergi berendigini bellemelidiris. «Awaza» festiwallaryň geçirilýän, dürli halklaryň wekilleriniň duşuşýan mekanyna hem-de dostluk, özara bähbitli gatnaşyklaryň merkezine öwrülýär. Geçen ýylyň iýun aýynda bu ýerde dürli ýurtlaryň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreler halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan däpleriniň döwre görä ösdürilýändigini görkezdi.

Bu giň möçberli çäräniň aýratynlygy onuň köpugurlylygyndan ybaratdyr. Ol diňe bir sungatyň ähli görnüşlerine hem-de halk döredijiliginiň köpdürlüligine wekilçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem özünde halkymyzyň köpasyrlyk döredijiligini, ruhy tejribesini aýawly saklamak hem-de giňden wagyz etmek ugurlaryny jemleýär.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine türki dilli doganlyk döwletleriň wekillerini çagyrdy. Biz doganlyk ýurtlaryň wekillerini türkmen topragynda iň gadyrly myhmanlar hökmünde mähirli kabul ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiziň geografiki taýdan amatly ýerleşmeginiň sebitleriň we kontinentleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary, özara bähbitli söwda - ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa, Hazar deňzi we Orta Gündogar sebitleriniň üsti bilen Ýewropa we beýleki kontinentlere çykýan ugurlarda halkara ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek barada çykyş edýändigini nygtady.

Biz söwda we üstaşyr geçirmek üçin oňaýly howpsuz şertleri üpjün etmek boýunça başlangyçlary we teklipleri öňe sürýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu başlangyçlaryň birnäçesi uly taslamalar görnüşinde eýýäm üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda iň ähmiýetlileriniň biri-de Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» boljak «Demirgazyk—Günorta» ugry boýunça ulag geçelgesiniň döredilmegidir. Onuň gurluşygynyň tamamlanmagy ulag we beýleki çykdajylaryň ep-esli azalmagyna, yklym möçberinde haryt dolanyşygynyň artmagyna hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylyň maý aýynda bu halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanylmaga berlendigini bellemek bolar. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdy. Şol ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda ýene-de bir iri düzümleýin desganyň — Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düýbiniň tutulyşy boldy. Bu taslamada şeýle hem geljekde günorta we gündogar ugurlarda Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykmak arkaly ulag düzüminiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň ýene-de bir örän giň möçberli ugrunyň döredilmegini aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde täzeçe çemeleşmäniň, ony ösdürmegiň strategiki geljeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

Milli Liderimiz öz çykyşynda bu we şuňa meňzeş beýleki taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen, biziň sebitlerimiziň we ýurtlarymyzyň dünýä ykdysadyýetine doly goşuljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň biri energetika howpsuzlygy, bu ulgamda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideri Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlaryny we bu başlangyçlar bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin doganlyk ýurtlaryň baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda doganlyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we goldaw bermek esasynda ösdürilýän ysnyşykly gatnaşyklar soňky döwürde has uly many-mazmuna eýe bolýar. Bu bolsa, biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine, senagatyň pudaklaryna, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda köpugurly energetika düzüminiň, sebit we yklym derejesinde energiýa serişdelerini ibermegiň täze ugurlarynyň döredilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türkmenistan özüniň serişdeler mümkinçiliklerine we geografiýa taýdan amatly ýerleşişine Ýewraziýa giňişliginde sebit hem-de sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir edýän şertler hökmünde garaýar.

Biziň ýurdumyz Türkmenistan —Hytaý ugry boýunça Transaziýa gaz geçirijisiniň taslamasyny, şeýle hem Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Görşümiz ýaly, türkmen gazy türki dilli döwletleriň — Özbegistanyň, Gazagystanyň, geljekde bolsa, Gyrgyzystanyň çäginden geçip, olary biziň umumy möhüm hyzmatdaşlarymyz bilen hem baglanyşdyrýar, sebitiň beýleki ýurtlaryna uly goldaw berýär. Häzirki wagtda Türkmenistandan Ýewropa tebigy gazy ibermek boýunça taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur bolan guramaçylyk-hukuk esaslary işläp taýýarlamak boýunça anyk işler alnyp barylýar.

Biziň ýurtlarmyz üçin möhüm ugurlarda edilýän bilelikdäki tagallalaryň ählisi Türkmenistanyň işjeň parahatçylyk dörediji syýasatynyň aýdyň beýany bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Bu dereje dünýäniň 185 döwleti tarapyndan makullanyldy we kabul edildi. Şundan ugur alyp, ýurdumyz haýsydyr bir syýasylaşdyrylan guramalara we düzümlere, harby bloklara we birleşiklere girmezlik barada borçnama aldy. Bu halkara borçnamalar ýurdumyzyň Esasy Kanunynda -Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidildi.

Şunda biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki zaman dünýä tertibiniň daýanjy bolan beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk dörediji çärelere işjeň ýardam bermek syýasatyny yzygiderli hem-de maksadalaýyk durmuşa geçirýär. Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek baradaky başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Dünýä bileleşigi biziň döwletimiziň Bitaraplyk derejesine uly hormat-sarpa bilen garaýar.

Häzirki wagtda her bir ýurt adamzadyň ösüşine öz goşandyny goşýar. Munuň özi täze pikirleriň döremegi we amala aşyrylmagy, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmek babatda özara gatnaşyklaryň öňdebaryjy nusgalaryny işläp taýýarlamak üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen wekiliýetiniň türki ýurtlaryň Geňeşiniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmagynyň özi hem däp bolan hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň, milli ileri tutulýan ugurlary hem-de häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň has netijeli nusgasyny döretmäge täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň ýolunda üstünlikli ädilýän ädimleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar örän berkdir we umumy taryhy, medeni, ruhy gymmatlyklara daýanýar. Şoňa görä-de, bize «dil tapyşmak» we sebitdäki syýasy we jemgyýetçilik ýagdaýyna bilelikde täsir etmek has ýeňildir. Şeýlelikde, häzirki wagtda türki dilli ýurtlaryň özara gatnaşyklary esasy üç ugra daýanýar. Olar howpsuzlyk meselelerini bilelikde çözmekden, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Şu meseleleriň ählisi türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýokary derejeli duşuşykda eden köp manyly çykyşynda öz aýdyň beýanyny tapdy.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda doganlyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we goldaw bermek esasynda ösdürilýän ysnyşykly gatnaşyklar soňky döwürde has uly many-mazmuna eýe bolýar. Bu bolsa, biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine, senagatyň pudaklaryna, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň ýurdumyzda daşary ýurt kompaniýalary üçin oňaýly işewürlik we maýa goýum şertleri döredildi. Ýurdumyzda üstünlikli işleýän türk kompaniýalaryny we işewürlerini muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Olar türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge öz goşantlaryny goşýarlar.

Türk dostlarymyz milli ykdysadyýetimiziň birnäçe täze, möhüm pudaklarynyň düýbüniň tutulmagyna uly goşant goşdular. Bu aýratyn hem, dokma pudagynyň mysalynda aýdyň görünýär. «Türkmenistanda öndürilen» belgili dokma harytlary Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Biz bu ugurda alyp barýan hyzmatdaşlygymyzy geljekde has hem ösdüreris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ylym we bilim ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtap, innowasion tehnologiýalary alyşmagyň we täze oýlap tapyşlary bilelikde özleşdirmegiň, önümçilige iň döwrebap oýlap tapyşlary ornaşdyrmagyň, türki dilli ýurtlaryň esasy ylmy-barlag merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşyna teswirimizi dowam edip, her bir halkyň ylmy we medeniýeti ýaly ulgamlary ösdürmegiň birek-birege düşünişmek hem-de özara baýlaşmak bilen berk baglanyşyklydygyny taryhyň subut edendigini bellemelidiris diýdi. Türki dilli halklaryň milli medeniýetleriniň köp öwüşginli halysynda, olaryň däp-dessurlarynyň we gymmatlyklarynyň nagyşlarynda Türkmenistanyň mirasy hem aýdyň «göl» hökmünde çykyş edýär. Munuň özi biziň ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna, şeýle hem medeniýetleriň özara täsiriniň kökleriniň örän çuňdugyna şaýatlyk edýär. Gadymy we orta asyrlarda Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly meşhur türkmen şäherleri hem şeýle «çatryklar» bolupdyr. Häzirki döwürde bu meşhur paýtagtlaryň ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ýöne olaryň ähmiýeti diňe şunuň bilen çäklenmeýär. Bu şäherler häzirki döwürde hem özleriniň wajyp wezipesini ýerine ýetip, diňe bir syýahatçylaryň we alymlaryň däl, eýsem medeniýet işgärleriň hem iň gelim-gidimli ýerleri bolmagynda galýar. Mysal üçin, Gadymy Merwiň ornunda dörän Mary şäheri ýygy-ýygydan ýurdumyzyň işjeň halkara durmuşynyň merkezine öwrülýär. 2012-nji ýylda ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýlip yglan edildi.

Öz döwründe Gadymy Merw sebitde ilkinji «ylym» şäherleriniň biri, Gündogaryň sungat we parasatlylyk merkezi, täze pikirleriň hem-de ylmy açyşlaryň kuwwatlandyryjysy bolupdy. Bir mahallar hut şu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri geçipdir, bu ýerde meşhur alymlar we filosoflar, matematikler we lukmanlar, sazandalar hem-de edebiýatçylar ýaşapdyr we döredipdir, bu ýerde bütin türki dilli halklaryň dünýäsine öz täsirini ýetiren öňdebaryjy medeni özgertmeler hem amala aşyrylypdyr. Şu nukdaýnazaryndan, Merwiň däp-dessurlarynyň mirasdüşeri hökmünde Mary şäheri 2015-nji ýylyň türki dilli dünýäniň medeni paýtagty hökmünde hödürlendi.

Medeni gymmatlyklaryň halklaryň özara düşünişmeginiň we ýakynlaşmagynyň möhüm guralydygyna häzirki wagtda hiç kim şühbelenmeýär. Hut şu ýörelgeler TÜRKSOÝ-yň işiniň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň baştutany bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmäge türki halklaryň TÜRKSOÝ halkara medeniýet we sungat guramasynyň mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirip, şu günki duşuşygyň ähmiýetiniň örän uludygyny belledi hem-de onuň türki dilli döwletleriň arasynda birek-birege bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, daşary ýurtly kärdeşlerine tüýs ýürekden berk jan saglyk, ýokary jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler gazanmagy, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynda öňe süren başlangyçlary duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisi tarapyndan goldanyldy. Hususan-da, Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Halyl Akynja öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň Mary şäheriniň türki dilli dünýäniň medeni paýtagtynyň derejesine hem dalaş edip biljekdigi barada aýdanlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Şu gün bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy hem geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Bodrumda bolmagynyň maksatnamasyna bilelikde gämide gezelenç etmek çäresi hem girizildi. Şol gämiden Egeý deňziniň kenarynyň ajaýyp görnüşlerine syn etmek bolýar. Bodrum Ýewropada iň meşhur ýahta merkezleriniň biridir. Bu ýere ýelkenli sportuň muşdaklary, windserfçiler we serfingçiler dünýäniň dürli künjeklerinden ýygy-ýygydan gelýärler. Bu şäher gämi gurluşykçylary bilen hem meşhurdyr. Şoňa görä-de, ýerli gämi duralgalarynda ýahtalaryň örän köp görnüşlerini görmek bolýar. Olaryň ýelkenleri kenarýaka zolagynyň görnüşine özboluşly öwüşgin çaýýar. 50 ýyl mundan ozal häzirki meşhur türk şypahanasynyň ornunda adaty bir balykçylar obasy ýerleşýärdi. Häzir bolsa bu şäher ýurduň gülläp ösýän sebitleriniň biridir.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleri bilen mähirli hoşlaşyp, Bodrum şäheriniň «Milas» halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

* * *

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna sapary tamamlandy. Türkmen Lideriniň Türkiýäniň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda gazanylan anyk ylalaşyklarda we beýleki resminamalarda aýdyň beýanyny tapan bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi şübhesizdir.

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygy hem köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Işjeň ýagdaýda geçen şol duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebit meselelerine garaýşyny beýan etdi. Türkmen Lideri TÜRKSOÝ-yň esasynda duran we türki dilli döwletleri birleşdirýän ruhy gymmatlyklar hem-de däp-dessurlar barada aýratyn durup geçdi. Şeýle gymmatlyklaryň biri bolsa birek-birege ynanyşmagy we özara hormat goýmagy göz öňünde tutýan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşine hut şu nukdaýnazardan garalýar. Şol gatnaşyklaryň ählumumy nusgasy sebitiň giňişliginde deňagramly gatnaşyklary guramakdan başlanýar.

Sebitiň häzirki ýurtlarynyň halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda ýola goýlan ysnyşykly taryhy we medeni-ösüş gatnaşyklarynyň däpleri hem uly ähmiýete eýedir. Öz taryhynyň dowamynda türkmen topragy dürli halklary, dini ulgamlary hem-de medeni däpleri birleşdirmegi başardy. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitiň geosyýasy giňişliginde işjeň birleşdiriji güýç hökmünde çykyş etmäge çalyşýar.

Munuň çuňňur manysy bardyr, çünki köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistan bütin dünýäde Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi hökmünde meşhur bolupdyr. Täze taryhy eýýamda mähriban Diýarymyz Ýewraziýa giňişliginde uly çägi eýelemek bilen, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, Gündogaryň we Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy merkez bolmagynda galmagyny dowam edýär we deňhukukly hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär.