Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalara garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugy edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, bu ulgamda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň çäklerinde, şeýle hem Internet we döwletimiziň içindäki aragatnaşyk torlar arkaly elektron resminama görnüşde salgyt töleýjilerden we olaryň amala aşyran amallary barada ýurdumyzyň degişli edaralaryndan maglumatlary toplamak üçin «Elektron salgyt» ulgamyny döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
Wise-premýer döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu çäräniň döwlet salgyt gullugynyň maglumatlar binýadynda salgyt töleýjiler üçin döredilen elektron iş otagynda olaryň öz salgyt bergileri we tölegleri baradaky maglumaty, gündelik amallaryň hasaba alnyşy, salgyt gullugynyň habarlary we öz ýüz tutmalary hem-de beýleki gündelik maglumatlary bilen tanyşmak we salgyt gullugynyň kabul edişligine ýazylmak, şeýle hem aragatnaşyk torlary arkaly elektron resminama görnüşde salgyt beýannamalaryny tabşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendigini belledi. Umuman, munuň özi elektron resminama görnüşde salgyt töleýjiden, banklardan we beýleki edaralardan gelip gowuşýan maglumatlar esasynda döwlet salgyt gullugynyň işgärleriniň öz iş ýerinde barlaga gitmezden we salgyt töleýjini çagyrmazdan, salgyt barlaglaryny geçirmäge, netijede, salgyt işgärleriniň talaba laýyk gulluk etmegini üpjün etmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda iş ýüzünde amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna elektron salgyt töleg kartlarynyň nusgalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda döwlet salgyt gullugy ulgamyna elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagynyň işi dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmäge, salgyt edaralaryna hasabatlaryň berlişini sazlaşdyrmaga, salgyt töleýjileriň salgyt tölemek babatdaky jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Milli Liderimiz salgyt töleýjiler baradaky maglumatlary alyşmak üçin bitewi maglumat-seljeriş giňişligini döretmegiň ähmiýetini nygtap, gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen elektron kartlaryň nusgalary bilen tanşyp, berilýän maglumatlaryň ählisiniň goraglylygyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz olara birnäçe bellikleri we teklipleri aýdyp, elektron kartlaryň nusgalarynyň üstünde täzeden işlemegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentiniň kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek, şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Mejlisiň jemgyýetçilik — syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kanunçykaryjylyk işinde oňyn halkara tejribesini ulanmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara-hukuk gatnaşyklary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine ünsi çekip, deputatlaryň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyny has işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, 9-11-nji iýunda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy, munuň özi taraplaryň umumy bähbitlere gabat gelýän giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlyga tarap saýlanyp alnan ugra ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Malaýziýa Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goldan ilkinji döwletleriň biri boldy. 2011-nji we 2013-nji ýyllarda degişlilikde Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy açyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa bolan we türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ýangyç-energetika pudagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarynda, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Geçen ýyllaryň içinde döredilen hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bar bolan mümkinçilikleri hem-de gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 15-si häzir şol binýadyň esasyny düzýär. Garaşylşy ýaly, Aşgabatda geçiriljek türkmen-malaýziýa gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän täze resminamalaryň birnäçesi şol sanawyň üstüni ýetirer.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasaty we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen, şol sanda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň möhümdigini belledi. Olar häzirki zaman wakalaryny we uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, dürli ugurlarda — ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda, beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz netijeli medeni-gumanitar gatnaşyklaryny, şol sanda ýokary derejeli hünärli işgärleri okatmak we taýýarlamak babatda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň eýe bolan mümkinçiliklerini iş ýüzünde has netijeli amala aşyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Malaýziýanyň premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabat şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi we Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde raýatlygy bolmadyk adamlara degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça ýokary derejedäki halkara duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýokarda agzalyp geçilen halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Bu maslahat adamlaryň abadançylygynyň bähbidine häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak maksadynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we tejribe alyşmaga ýardam etmelidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinemotografia baradaky döwlet komitetiniň « Türkmenistan. Sport» milli teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny alyp görkezmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini we maslahatlaryny nazara almak bilen «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymynyň işini kämilleşdirmek we hususan-da, onda görkezilýän gepleşikleriň hem-de ýaryşlaryň hilini gowulandyrmak boýunça işleriň geçirilýändigini habar berdi.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan Malaýziýada ýerleşýän Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşmesi, şeýle hem Irlandiýanyň iri «Setanta sport» teleýaýlymy bilen bilelikde halkara sport ýaryşlaryny alyp görkezmek boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi. Gysga döwürde «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymy boýunça iri halkara ýaryşlary göni ýaýlym arkaly alnyp görkezildi.
Halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň Sport žurnalistleri federasiýasynyň wekilleri Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Halkara sport žurnalistleriniň assosiasiýasynyň nobatdaky kongresine gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Sport žurnalistleri federasiýasy bu assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň sport habarçylaryna dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga, şol ýaryşlardan reportažlary taýýarlamaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geçirilýän işleriň netijesinde futboluň köpsanly türkmen muşdaklary futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna göni ýaýlym arkaly tomaşa etmäge mümkinçilik alar, şol ýaryşlar 12-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda Braziliýada geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport gepleşikleriniň hilini kämilleşdirmek we ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda sporty we bedenterbiýäni wagyz etmäge ýardam edýän mazmunly telegepleşikleri taýýarlamak boýunça birsyhly iş alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyna ünsi jemläp, halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, iri sport ýaryşlaryndan göni ýaýlym arkaly gepleşikleri guramakda hem-de sport žurnalistikasynyň işgärlerini taýýarlamakda tejribe alyşmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we täze maýa goýum taslamalaryny, şol sanda ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek, dürli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmek babatdaky taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, täze gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, pudaga döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi. Bu babatda milli Liderimiz öňdebaryjy tejribä, bu ulgamda tehniki hem-de tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn giňeltmegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň senagat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny, hususan-da, himiýa pudagyny ösdürmegiň milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde käbir taslamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumyny ösdürmek, onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny amala aşyrmak, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan senagat önümleriniň möçberini artdyrmak maksady bilen alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagyny ösdürmek meselelerine ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin toplumy täze senagat desgalaryny innowasion esasda gurmagyň we bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmagyň, ýerli çig-mal we magdan serişdelerini netijeli peýdalanmagyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer 19-21-nji iýunda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan serginiň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýä tejribesiniň hem-de innowasion tehnologiýalarynyň gazananlarynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we durmuş ulgamyny doly özgertmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilip, milli Liderimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzy senagatlaşdyrmak strategiýasynyň netijesinde dürli ugurlar, şol sanda gurluşyk senagaty ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda daşary ýurt işewür toparlarynyň gyzyklanmasy artýar.
Bu sergä-de iri kompaniýalaryň ýüzden gowragy gatnaşmaga isleg bildirdiler. Olar daşky bezeg we gözellik babatda döwrebap enjamlary, gurluşyk serişdelerini, tehnologiýa täzeliklerini hödürlärler, şeýle hem suw arassalaýjy enjamlarynyň gurluşygy, elektroenergetika desgalarynyň, sport binalarynyň we çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurluşygy boýunça taslamalar, olara degişli abzallar görkeziler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli döwletler bilen, ilkinji nobatda, Türkiýe Respublikasy ýaly möhüm hyzmatdaş bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady. Türkiýede ýokary derejede uly üstünlige beslenip geçirilen gepleşikler uzakmöhletleýin esasda iki dostlukly döwletiň doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Onuň netijeleri boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, telekeçilik düzümleriniň derejesinde özara gatnaşyklarda hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklar gazanyldy diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagatynyň sergisine taýýarlyk baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz türk hyzmatdaşlarynyň türkmen paýtagtynyň şähergurluşyk maksatnamalaryny, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň taslamasyny durmuşa geçirmekde, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binasyny, şeýle hem ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalarynyň, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň desgalarynyň binalaryny gurmakda türk hyzmatdaşlaryň uly goşandyny belläp, bu serginiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Serginiň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym we bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeler syýasatynyň netijesinde bu möhüm ulgamlaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi berildi. Degişli maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak, ýaş ylmy işgärleri taýýarlamagy kämilleşdirmek boýunça maksada laýyk çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Ylymlar güni mynasybetli Tehnologiýalar merkezini açmak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde guruldy. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen bu merkez ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda ylmy-barlag işiniň we gözlegleriň geçirilýän ýerine öwrüler. Ol özüne ylmy-barlag laboratoriýalarynyň toplumyny hem-de bölümleriň birnäçesini birleşdirýär.
Şunuň bilen bir hatarda, şol günlerde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, forumyň işine dünýäniň 57 döwletinden meşhur alymlar gatnaşar.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryny — «Tehnologiýalar merkezini döretmek hakyndaky» Permanyň we «Tehnologiýalar merkeziniň meseleleri hakyndaky» kararyň, şeýle hem «Biologiýa we derman ösümlikleri institutyny döretmek hakyndaky», «Gün energiýasy institutyny döretmek hakyndaky», «Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutyny döretmek hakyndaky» kararlaryň taslamalaryny hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň mundan beýläk hem ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berjekdigini, innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, dürli ulgamlarda ylmy-barlaglary höweslendirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen ylmyň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasynyň hem-de «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, hödürlenen resminamalara gol çekdi we olary ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreleri görmek babatda tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, başlangyç we orta hünär bilimli işgärleri taýýarlamak ýaly wajyp meselä ünsi çekdi. Bu meseläniň derwaýyslygy häzirki wagtda ýurdumyzda bu işgärleriň örän ýetmezçilik edýändigi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu meseleler babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir ýurdumyzda birnäçe başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň işleýändigini belläp, täze okuw ýylyndan başlap, bu mekdeplere kabul edilýän okuwçylaryň sanyny artdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Mundan başga-da, uly kärhanalarda gysga wagtlyk (mysal üçin, alty aýlyk) okuwlar guralmalydyr.
Bu çäreler biziň ýaşlarymyzyň bilimli-terbiýeli bolup ýetişmeklerine hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärleri ele almaklaryna ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ylmy-barlag işleriniň geçirilişine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Häzirki döwürde Ylymlar akademiýasynyň bu ugurda alyp barýan işleri bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär diýip, milli Liderimiz belledi we degişli milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň talaba laýyk çözülmegini üpjün etmegi hem-de döwletimiziň ylmy-tehniki we bilim syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen paýtagtynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gowulandyrmak, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň mart aýynda gol çeken kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligi Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasy bilen birnäçe işleri geçirmek boýunça goşmaça ylalaşyk baglaşdy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde giňligi 6 metr bolan zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, lagym arassalaýjy desgalary bina etmek, ýagyş suw ulgamynyň gurluşyk işleri, elektrik bekedini, şeýle hem beýleki desgalary bina etmek işleri dowam edýär. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň günbatar böleginde «Interbudmontaž» assosiasiýasy tarapyndan zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň we birnäçe ugurdaş desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak barada teklibiň taýýarlanandygy habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu iri möçberli taslamanyň amala aşyrylmagynyň uzakmöhletleýin maksatnamanyň bir bölegi bolup durýandygyny nygtady. Ol paýtagtymyzyň ähli inžener-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ölçeglerini, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, şeýlelikde, Aşgabat şäherini has-da depginli ösdürmäge, adamlaryň iň amatly durmuşy üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bina edilýän desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy Türkmenistanda işleýän ähli gurluşyk kompaniýalaryna bildirilýän esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Paýtagtymyzyň şäher düzümini ösdürmek üçin ähmiýetli bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň toplumlaýyn we bellenen möhletinde alnyp barylmalydygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz ýerasty zeýkeş-aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işlerini utgaşdyrmak we has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda 4-nji iýunda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga alan galla oragy barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagta çenli dänäniň 51 müň tonnadan gowragy ýygnaldy. Oragyň depginleri günsaýyn artýar. Saman taýýarlanylýar, boşan ýerlerde bolsa sürüm işleri geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda welaýatlarda gowaça ideg etmek dowam edýär, hatarara bejergi, otag, mineral dökünleri bermek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Çykyşyň çäklerinde ministrliklere, pudak edaralaryna, olaryň garamagyndaky kärhanalara we guramalara hem-de daýhan birleşiklerine dürli maksatly desgalary gurmak we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de depginli ösdürmegiň, oba hojalyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň we degişlilikde ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny döretmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz oragyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, orak möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça çäreleriň ähli toplumyny üpjün etmegi talap etdi, onuň jemleri obasenagat toplumynyň esasy bölümleriniň işine özboluşly baha bolar. Milli Liderimiz ýokary hasyly almak maksady bilen gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça göwnejaý agrotehniki çäreleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz galla oragyna gatnaşýan kombaýnçylar, awtoulaglary sürüjiler, tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň işgärleri üçin medeniýetli dynç alşy üpjün etmek meselelere ünsi çekip, bu barada anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrliklere, pudak edaralaryna, olaryň garamagyndaky kärhanalara we guramalara hem-de daýhan birleşiklerine ýer böleklerini bermek hakyndaky Buýrugyň hödürlenen taslamasyny makullap we oňa gol çekip, ony ýerine ýetirmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, «Demirgazyk Günorta» demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy şeýle hem «Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi üçin wagon arabalaryny satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde polat ýoluň 239 kilometriniň çekilendigi habar berildi. Relsleri düşemekden başga hem ýol ugrunda ätiýaçlyk we ýan ýollar gurulýar, enjamlaşdyrylýar, düzümleýin desgalar bina edilýär. Şol sanda inženerçilik desgalarynyň, beketleriň we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işler talabalaýyk alnyp barylýar. Etrek bekedinde bir gatly ýaşaýyş jaýlaryny, wagon arabalaryny çalyşmak boýunça merkezi, aragatnaşyk hem-de maglumatlar dolandyryş binasyny, lokomotiw deposyny we myhmanhanalary hem-de beýleki kömekçi desgalary gurmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we wajyp halkara ulag halkasy hökmünde onuň ähmiýeti aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýar. Şeýle hem halkara demir ýol gatnawyny pugtalandyrmakdan başga hem täze polat ýollar ýurdumyzyň welaýatlarynyň depginli ösüşine hem ýardam edýär.
Bu babatda milli Liderimiz Bereket-Etrek demir ýolunyň gurluşygynyň barşyny tehniki taýdan üpjün etmek meseleleriniň üstünde durup geçip, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de wise-premýere iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen gurluşygyň örän ýokary hil derejesini gazanmagy tabşyrdy, munuň özi ýurdumyzyň ähli demir ýol ulgamynyň uzakmöhletli ulanylmagyny üpjün etmelidir.
Milli Liderimiz aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga ünsi çekip, aýratyn emeli aragatnaşyk hemralarynyň birnäçesini peýdalanmak arkaly milli telewideniýämiziň teleýaýlymlaryny görkezmegiň maksadalaýyklygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu meseläni içgin seljermek barada görkezme berdi, şeýle hem öňde goýlan wezipeleri çözmekde göwnejaý düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda energetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ýakyndan goldaw bermeginde Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda häzir hereket edýän gazturbina elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we olaryň täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny işe girizmek meseleleri barada durup geçip, bu ugurda işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň içinde elektrik energiýasyna artýan islegleri durnukly üpjün etmäge, şeýle hem häzir hereket edýän täze ugurlar boýunça onuň eksportuny artdyrmaga ýardam eder. Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda döwrebap tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmak meselesine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.