Ï Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Şura Mejlisiniň başlygyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Şura Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

view-icon 900
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Şura Mejlisiniň Başlygy jenap Abdallah Bin Mohammed Bin Ibrahim Al-Şeýhi kabul etdi.

Belent mertebeli myhman duşuşmaga mümkinçiligiň döredilendigi we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Patyşa Abdalla Ben Abdel Aziz Al-Saudyň salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça bellenilen ähli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak arkaly mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi. Dostlukly ýurduň parlamentiň ýolbaşçysy jenap Abdallah Bin Mohammed Bin Ibrahim Al-Şeýh Saud Arabystany Patyşalygynyň soňky ýyllarda halkara derejesinde uly at-abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi babatda gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna salamyny we iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň ählumumy bähbitler üçin giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman iki ýurduň öňden gelýän dostlukly gatnaşyklarynyň hormat goýulmagyna mahsus bolan özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegini maksat edinýändigini belläp, ilkinji nobatda ýangyç-energetika toplumynda, maýa goýumlary, söwda, syýahatçylyk, ylmy-tehniki we medeni ugurlar boýunça ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň ýetilen derejesine ýokary baha berdiler. Duşuşygyň barşynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystanynyň ikitaraplaýyn hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça özara düşünişmeginiň degerli ýardam berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz we myhman örän uly kuwwata eýe bolan iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, dostlukly iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki tarapyň dürli derejelerdäki saparlarynyň yzygiderli bolmagynyň hem-de iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we özara düşünişmegiň wajyp ugry hökmünde türkmen-saud parlamentara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Jenap Abdalla Bin Mohammed Bin Ibrahim Al-Şeýh mümkinçilikden peýdalanyp, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli has möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň döredilendigine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn we oňyn özgertmelere esaslanýan ugur bilen ynamly gadam urýan tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşyga Saud Arabystanynyň Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türki Bin Haled Bin Faýsal Al-Haşar gatnaşdy.

* * *

Saud Arabystany Patyşalygynyň Şura Mejlisiniň ýolbaşçysynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde-de duşuşyklar boldy.