Ï Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy

view-icon 689
Şu gün-Aşgabatda türkmen-malaýziýa gepleşikleri bolar, oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najip Bin Tun Abdul Razak türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6-njy iýunda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümet baştutanynyň şu gezekki resmi saparynyň ähmiýetini aýratyn nygtap, ikitaraplaýyn duşuşygyň häzirki zaman ýagdaýlary we uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ýolunda nobatdaky netijeli ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz bu hakda aýtmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän ýurtlarynyň biri bolan Malaýziýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär diýdi.

Mälim bolşy ýaly, geljegi uly bolan bu sebitiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistan üçin ýyl-ýyldan has uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan tassyklanylan “Türkmenistanyň 2013—2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda” öz beýanyny tapdy. Şu konsepsiýa we döwlet Baştutanymyzyň anyk görkezmelerine hem-de tabşyryklaryna laýyklykda, diňe 2013-nji ýylyň dowamynda Malaýziýada, Koreýa Respublikasynda we Ýaponiýada Türkmenistanyň ilçihanalary açyldy.

Häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa bolan döwlet sapary bilen bu hyzmatdaşlygyň täze tapgyry başlandy, şol saparyň jemleri boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklaryň birnäçesi gazanyldy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli gatnaşyklaryň özeninde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy durýar, munuň şeýledigini bolsa soňky döwürde dürli derejedäki wekiliýetleriň yzygiderli özara saparlary has aýdyň görkezýär. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak bilen, ýurtlaryň ikisi hem halkara derejesindäki meselelerde birek-biregi yzygiderli goldaýar, netijeli gatnaşyklary diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, eýsem, köptaraplaýyn esasda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde işjeň ösdürýär.

Aşgabatda geçirilýän şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlener we uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berer. Garaşylyşy ýaly, sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Netijeli türkmen-malaýziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin türkmen Lideri tarapyndan ýöredilýän “Açyk gapylar” syýasaty, amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilen möhüm maýa goýum taslamalary, hususan-da, nebitgaz ulgamyndaky taslamalar, bilelikde işlemegiň toplanylan oňyn tejribesi giň mümkinçilikleri açýar.

Şunda Malaýziýanyň belli Petronas Çharigali kompaniýasynyň Türkmenistanda köpýyllyk netijeli işlemegi mysal bolup biler, bu kompaniýa Hazaryň kenarynyň türkmen böleginde nebitgaz serişdelerini gözlemegi we çykarmagy amala aşyrýar, türkmen hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam berýär. Hazaryň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda batly depginler bilen ösdürilýän syýahatçylyk ulgamynda hem bilelikde hereket etmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlyk täze many-mazmuna eýe boldy. Hususan-da, ylym, medeniýet we bilim ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, bu bolsa dostlukly türkmen we malaýziýa halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär.

Bularyň ählisi bilelikde türkmen paýtagtynda geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklarda, gol çekmäge taýýarlanylýan ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapar hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän oňyn döwletara gatnaşyklaryny baýlaşdyrmaga hyzmat eder.