Ï Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 705
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli wekiliýetine baştutanlyk edip Türkmenistana gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşyk geçirdi.

Dostlukly ýurduň hökümetiniň Baştutany ikiçäk görnüşde geçen duşuşygyň başynda türkmen Liderini milli baýram – Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Prezidentine, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýollan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny ýetirdi. Mihail Mýasnikowiç “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyna hem-de şanly senä bagyşlanylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Belarus Respublikasynda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan Türkmenistan bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidentine we halkyna gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň uzakmöhletlilik, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan oňyn halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de giňeltmek ugruna Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady we ulag ulgamlary, maşyngurluşyk pudagy, oba hojalygy, energetika, önümleri gaýtadan işleýän we himiýa senagaty, gurluşyk we beýlekiler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Taraplar gumanitar gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtap, medeniýet, bilim we ylym ulgamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtdylar.

Soňra gepleşikler giňeldilen düzümde dowam etdirildi. Onuň çäklerinde iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda anyk çäreleriň birnäçesi bellendi. Hususan-da, ylmy-barlaglaryň toplumyny döretmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamagyň esasynda işleýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmek bilen baglanyşykly innowasion häsiýetdäki bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň işini işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Belarus tarapy esasy daşary ýurtly hyzmatdaş hökmünde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünini öndürmek boýunça Garlyk dag magdan-baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde bu möhüm desgada işleriň ýagdaýy hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi, şol ýerde kaliý duzlarynyň baý ýatagy ýerleşýär. Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň ynandyryşy ýaly, belarus tarapy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak, ähli işleri hil taýdan ýokary derejede amala aşyrmak maksady bilen doly derejede tagalla eder.

Biziň ýurdumyza dürli maksatly belarus tehnikasyny, maşynlaryny we enjamlaryny ibermegiň sanawyny we möçberini giňeltmek barada teklipler taýýarlanyldy diýip, Mihail Mýasnikowiç habar berdi. Mysal üçin, ýakyn wagtlarda däne ýygnaýjy we ot-iým orujy kombaýnlaryň birnäçe birlikleri, şeýle hem täze kysymdaky awtobuslar Türkmenistana şol maşynlaryň ýerli howa şertlerinde synalyp görülmegi üçin getiriler.

Myhman munuň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň doly sanawy däldigini belläp geçmek bilen, ýene-de Belarusyň Türkmenistana bar bolan ähli tejribesini hem-de mümkinçiligini bermäge, hususan-da, häzirki zaman önümçiliklerini guramak, ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak, hünärli işgärleri taýýarlamak we başgalar babatda bermäge taýýardygyny ýene-de nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.